Adam edil säher ýaly bolmaly,
Ýagtyltmaly adamlaryň dünýäsin.
Ýagyşyň tozany ýuwuşy ýaly,
Ýuwmaly ol ownuk-uşak günäsin.
Adam edil Güneş ýaly bolmaly,
Üşän kalplary ýylatmalydyr.
Ýüreklere mähir, söýgi salmaly,
Göýdük göwünleri ulaltmalydyr.
Derýa ýaly joşup, joşup akmaly,
Teşne sähralary suwa ýakmaly,
Adam mümkin bolsa meňzesin howa,
Elmydam jan bersin, erbede-gowa.
Ýyldyza meňzesin,bezelsin asman,
Saz bolup ýaňlansyn yzyny kesmän,
Adam goldaw bolsun, bolanynda kyn,
Adam kitap bolsun ýürege ýakyn.
Ol her bir ädimde gerek bolmaly,
Älemlere ýodalary açmaly,
Ýyldyzlar dowamly şöhlelenýärler,
Adam ýyldyz bolup şöhle saçmaly.
Ol her gün täzeden döräp bilmeli,
Adam edil Güneş ýaly bolmaly.