hangeldiyev
28.01.2024 02:35
Adam edil säher ýaly bolmaly!
Ýagtyltmaly adamlaryň dünýäsin.
Ýagyşyň tozany ýuwuşy ýaly
Ýuwmaly ol ownuk uşak günäsin.

Adam edil Güneş ýaly bolmaly!
Üşän kalplary ýylatmalydyr.
Ýüreklere mähir söýgi salmaly,
Göýdük göwünleri ulaltmalydyr.

Derýa ýaly joşup, joşup akmaly,
Teşne sähralary suwa ýakmaly,
Adam mümkin bolsa meňzesin howa,
Elmydam jan bersin erbede-gowa.

Ýyldyza meňzesin bezelsin asman,
Saz bolup ýaňlansyn yzyny kesmän,
Adam goldaw bolsun bolanynda kyn,
Adam kitap bolsun ýürege ýakyn.

Ol her bir ädimde gerek bolmaly,
Älemlere ýodalary açmaly,
Ýyldyzlar dowamly şöhlelenýärler,
Adam ýyldyz bolup şöhle saçmaly.
Ol her gün täzeden döräp bilmeli,
Adam edil Güneş ýaly bolmaly.!
16
27
sabyrly
26 Aprel 2024
Gowy gosgy eken galamñyza bereket aşagyna nåm üçin adyñyzy ýazañyzok
hangeldiyev
26 Aprel 2024
@sabyrly, öz ýazanym
sabyrly
28 Yanwar 2024
Awtor kim
annabibi
28 Yanwar 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.