Söýdüm seni! Söýdüm juda talantly.
Özüme garadym, ýowuz hem nyrhsyz.
Saňa -söýgüm, meni saňa tanatdy,
Ýaşamazlyk üçin dünýäde parhsyz.
Otdan alyp, suwa oklap özümi,
Men söýmek isledim ýagtydan-ýagty.
Sen parhsyz ýaşama. Açaý gözüňi,
Gör, her kim özüne gazanýar bagty...
Ýoly geçip barýan ädimme görä,
Tebigat birgeňsi, ýok ondan doýmak.
Öz bagtyňy gazanmaklyk kyn örän,
Neneň ýeňil özgeleňkä guwanmak!
Bir gün gözleriňi baglasa gussa,
Edil men dek käbir gije ýatmasaň. Göwniň giňär, haçan ýüregiň gyssa,
Bir gysymjyk yhlasymy ýatlasaň.
Söýgi, gussa hem seň päkize syryň,
Şoňa garylypdyr arzuwym ünjüm.
Şu gün şu günimize düşün ahyryn,
Düýnüň düýnlügine ynanmak üçin!
H.Hangeldiýew