Abbas halyflarynyň biri bolan Harun Al Reşide bir gül sowgat beripdirler. Ol sowgat edilen güli bagbanyna berip:" Muny ekip, gowy ideg ediň we ýetişensoň ilkinji açylan gülüni maňa getiriň" diýipdir. Aýdylyşy ýaly edip bagban güli ekip, gowy ideg edip ýetişdiripdir. Gül nahalynda bir gunça emele gelipdir we birnäçe wagtdan soň ol açylyp ajaýyp güle öwrülipdir. Bagban güli almaga baranda gülüň garşysynda bir bilbil zaryn saýrap durdy. Bagban bu pursaty synlap durka bilbil güle gonup, ganatlary we çünki bilen güli persala edip zaýalapdyr. Bagban bu ýagdaýy Halyfa habar berip ötünç soranda, Halyf" Seniň hiç bir günäň ýok.Bu şeýle bir Älemdir, gezekli dünýädir. Görersiň bu dünýä bilbile-de galmaz."diýipdir. Aradan birnäçe wagt geçýär. Bagban bagda işleri bilen başagaý bolup ýörkä bilbili görýär we şol ýerde şahalaryň arasyndan bir ýylan çykýar we bilbili tutup iýýär. Bagban haýal etmän Halyfa habar berýär,"Aýdyşyňyz ýaly boldy Halyfym". Halyf aýdypdyr:"Men saňa aýdypdym, bu dünýä bilbile-de galmaz. Bu şeýle bir Älemdir hiç kimiň edeni ýerde galmaz. Seret, görersiň bu dünýä ýylana-da galmaz." Birnäçe wagtdan soň bagban işleri bilen gezip ýörkä, ol ýylan gelip onuň aýagyna dolanýar. Bagban ýiti pili bilen ony çapyp öldürýär. Ýene Halyfyň huzuryna barýar we oňa ýagdaýy aýdýar:"Edil aýdyşyňyz ýaly boldy." Onda Halyf aýdypdyr:"Bu dünýä ýylana-da galmady. Ýöne,unutma bu dünýä saňa-da galmaz." Aradan wagt geçýär. Bagban bir gabahat iş bilen Halyfyň gazabyna duçar bolýar. Oňa "Dardan asmak" jezasy berilýär. Jellatlaryň huzuryna çykarylýar. "Soňky sözüň näme?"diýipdirler. Bagban:"Soňky sözümi diňe Halyfamyza sözlärin"diýipdir. Ýagdaýy Halyfa habar beripdirler we huzuryna getiripdirler. Bagban aýdypdyr:" Eý Halyfam. Bir wagtlar bir gül nahaly bardy,ondan bir gunça emele gelipdi. Soňra gül açypdy. Ol güli bir bilbil parçalapdy. Ony size arz edemde, Siz:" Dünýä bilbile galmaz"diýdiňiz. Soňra ol bilbili bir ýylan iýdi."Bu dünýä ýylana-da galmaz"diýdiňiz. Ol ýylany men öldürdim."Bu dünýä saňa-da galmaz"diýdiňiz. Meni bir günä bilen jellada tabşyrdyňyz we bu sözüňiz bilen dogry boldy. Ýöne, bu zulum sebäbi bilen dünýä Size-de galmaz. Üç-bäş güne munuň jezasyny görersiňiz." Halyfyň ynsaby oýanyp, bir soltana gelişenini edip,bagbany bagyşlapdyr.