hangeldiyev
04.02.2023 23:01
Biz henizem ynanamzok,
Ejemiziň ýoklugyna.
Ýöne welin berk ynanýan.
Oň ýüreginiň päkligine.

Ol ýalandan ýüzümize,
Etmändi hiç gülüm-ýalym.
Yhlasyndan kämilleşdi,
Meň mukaddes ene dilim.

Ellerini gysyp mäkäm,
Sypaladym çal saçyny.
Aldy ajal bir maşgalaň,
Iň Mukaddes oljasyna.

Päk ýüregi baky durup,
Gözel gözün ýumdy baky.
Örän Uly ýitgi boldy.
Içki, daşky dünýämdäki.

Hormat bilen ýatlarys eje,
Päk ýüregiňe,päkligiňe.
Ýöne hiç wagt ynanmarys
Seniň munda ýoklugyňa!

H.Hangeldiýew
16
92
sabyrly
26 Aprel 2024
Yzy ýarasyn goşgy barada 1 bent 1 setir işlemeli. 4 setir Ýüreginiñ päkligine. Diýip göni alaýmaly "Oñ" artykmaç Ezizlänim sen ajalyñ, Öwrüldiñmi oljasyna. Şuña meñzeşräk getirseñ has gowy kä wagt adam duýgusyny göni kagyza geçiresi geler ýöne seniñ duýýan duýgularyñy başgalaram duýýar goşguda öz üçin däl köplük ýagny başgalar ücin ýazlyp peýda berse gowy belliklere dogry düşüniñ
zolushka
4 Fewral 2023
hangeldiyev,yzy ýarasyn! Allajan jaýyny Jennetden bersin!.
Tokio
4 Fewral 2023
OOO.Likeeeeee👍👏
hangeldiyev
4 Fewral 2023
meryem,,26.01.23de ýitirdik Mukaddes käbämi
hangeldiyev
4 Fewral 2023
meryem,,hawwa
Leýla💔
4 Fewral 2023
😖😖😖😖😖😭😭😭😭
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.