Güýzüň serpaý eden pagtasyn asman, ÝagdyrdyZemine yzyny kesmän.
Köp minnetdar bolup muň üçin göge,
Ak gary gysymlap, tokgalan çaga,
Begenip, çar ýana oklaýar ine,
Görk goşýar bu gyşyň gözelligine.
Biz bolsa başagaý, basgylap gary,
Maksatsyz barýarys bir ýere sary.
Birden indi beýnä, şeýle ýatlama,
Düşeninde ak gar gara paltoma.
Birmahal ak gary seçende asman,
Sowuk sähralarda elleri ysman,
Şineliň ýakasyn gulagyna gerip,
Garda süýşüp, bagryn sowuga berip,
Sowuk awtomaty, sowuk kaskasy.
Oklary diýsene, Hudaý saklasyn.
Aňzagyň içinde agyrka taplar,
Nobatsyz atýarka tanklar, toplar,
Ak gary al ganyň ereden çagy,
Eredende ony gözýaşdyr agy,
Ädigi, eşigi ezlip mazaly,
Ýüregi, süňňi hem teni yzaly.
Ýowuz günler geçip aýazyň için,
Göwnüme bolmasa, şu günler üçin.
Şol taryhy çala ýatladyp garlar,
Ýagýarlar ak garlar, pessaý ýagýarlar.
Endikli çagalar eglip Zemine,
Bir gysym ak gary tokgalap ine,
Ýürege sanjylan oklara derek,
Zyňyşyp oýnaýar, guwanmak gerek.
Men bolsa howlukmaç, geleňsiz haldan,
Hiç aýrylyp bilmän, barýaryn ýoldan.
H.Hangeldiýew