gunesh_
28.11.2022 10:06
Kitap okamak biziň çalt garramagymyzyň öňüni alýar. Kitap okamak adamyň beýnisini işjeň ýagdaýa getirýär. Beýniniň işlemegi bolsa garrylygy birneme yza süýşürýär.

Fransuz imperatory Napoleon Bonapart bir minudyň dowamynda 2 müň sözi okamagy başarypdyr. Rus ýazyjysy Maksim Gorkiý bolsa 1 minudyň dowamynda 4 müň sözi okap bilipdir. Ýazyjy Onore De Balzak 2 ýüz sahypaly romany ýarym sagatda okapdyr.

Tomas Edison hem ünsüniň güýçli bolmagy sebäpli, 2-3 setiri birden okap, okanlaryny sahypalap ýadynda saklamagy başarypdyr.

Haýal okanymyzdan çalt okan wagtymyz gözlerimiz onçakly bir ýadamaýar. Adamlaryň 95 %-i örän haýal, ýagny 1 minudyň dowamynda 180-220 söz okaýarlar, (ýagny bir sahypany 1,5-2 minutda).

Dünýädäki iň uly kitaphana 1800-nji ýylda döredilen ABŞ Kongresiniň kitaphanasydyr. 2012-nji ýylda onuň gaznasyndaky kitaplaryň sany 155,3 milliona barabardy. Kitaphananyň umumy meýdany 26,14 ga bolup, kitap tekjeleriniň uzynlygy 856 kilometr.

Hindistanyň Amritsar şäherindäki kitaphana bolsa dünýäniň iň kiçi kitaphanasy hasaplanylýar. Onda bary-ýogy bir sany mukaddes kitap saklanylýar.

Ýer ýüzündäki ilkinji gazet Hytaýyň “Kongo” gazeti. Ol eýýäm 1000 ýyldan bäri çap edilip gelýär.

“Nýu Ýork Taýms” amerikan gazetiniň 1965-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky sany agramy boýunça dünýädäki iň agyr gazet hasaplanýar. Onuň agramy 3,4 kilogram, sahypalarynyň sany bolsa 943. 
31
69
gunesh_
27.11.2022 11:59
Ýagşyň ýakymly ysy diýip bilýänimiz, aslynda aktino we sianobakteriýalary döredýär. Hakykat-da ýagşyň ysy ýok. Ýagşa ys berýän madda geosim diýip atlandyrylar.

Kubada döwletinde ýagyş diňe öýlän, Tailandda bolsa diňe gije ýagýar.

Takmynan 100 milliondan bir adamda ýagşa garşy allergiýa bolýar. Sebäbi ýagşyň her bir damjasy bedene düşende, adam bedeni gyzarýar we çişýär. Eger-de beýle adamlar ýagşyň aşagynda galsalar gürrüňsiz ölýärler.

Portugaliýada adamlar ýagyş sebäpli  işden galýarlar.

Howa maglumatynyň radioda aýdylmagyna hem ýagyş sebäp bolupdyr. Ýagny amerika radiostansiýanyň  ýolbaşçysy ýagşyň aşagynda galandan soňra, ýagyş hakynda bir gije-gündiziň dowamynda birnäçe gezek howa maglumatynyň aýdylmagyny ýola goýupdyr.

Çerapundja (Hindistan) dünýädäki iň ýagyşly şäherdir. Bu ýerde ýylda 26460 mm ýagyş ýagýar.

Gury Bostswanada adamlar biri-biri bilen ,,Pula’’ diýip salamlaşýarlar, ýagny bu sözüň manysy ,,Ýagyş’’ diýmekdir. Mundan başgada bu döwletiň pul birligi hem ,,Ýagyş’’diýip atlandyrylýar.

Her ýylda ýere 519000 km3 ýagyş ýagýar (Her 1km3 bu 1milliard tonna suwa deň).

Ugandada adamlary ýyldyrym bilen gorkuzup bolmaýar. Sebäbi ol ýerde ýylda 250 gezek ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagýar.

Para şäherinde ýagşa görä sagadyň  wagtyny sazlaýarlar, sebäbi ol ýerde ýagyş günde şol bir wagtda ýagýar.
23
91
gunesh_
26.11.2022 07:58
Ol kaza degişli

Iki goňşy daşaryk çykyp barýarkalar, köçe bilen bir it gelip, olaryň öýleriniň gabat
deňlerinde tezekläp gidipdir. Olaryň biri beýlekisine:
– Bu seniň öýüňe ýakyn, sen süpür! – diýipdir.
Beýlekisi bolsa:
– Ýok, seniň öýüňe ýakyn, sen süpürmeli – diýip dawalaşypdyr.
Olaryň arasyndaky dawa ulalyp, ahyry bir ujy kaza ýetipdir. Şol wagt kazyhanada
Ependi hem bar eken. Kazy Ependini oýnajak bolup:
– Ependi, hany, bularyň dawasyny açyp ber! – diýipdir. Şonda Ependi
dawagärlere ýüzlenip:
– Köçe hemme kişä ortalyk. Oňa eýemsiremäge siziň hiç biriňiziň hem hakyňyz
ýok. Ol diňe kaza degişlidir. Şonuň üçin köçäniň aladasy kazynyňky bolmaly – diýip,
dawany çöp döwlen ýaly çözüp beripdir.
36
432
gunesh_
gunesh_
18.11.2022 08:41
Taryplap bir gyzyň ap-ak ýüzüni, – Aýdyň agşamlaryň aýy-diýdiler. – Göwnüň göge galar, görseň gözüni, Gaşy Göroglynyň ýaýy-diýdiler. – Goýny baharmyşyn, güller açýarmyş, Gepe çepermişin, dürler
gunesh_
gunesh_
17.11.2022 14:24
“Bişirilýän kitap” Horwatiýaly redaktorlaryň neşiri. Olar özboluşly nahar kitabyny döretdiler. Ýagny, ilkibaşda kitabyň simwollary görünmeýär. Haçan-da howur peçde birneme bişirilenden soňra kitapda
gunesh_
gunesh_
14.11.2022 10:35
“Meniň kakam Junglýada” 2015-nji ýylda Argentinanyň neşirýaty “Kitap – agaç – kitap” atly umytsyz taslamany durmuşa geçirmeklige karar berdi. Onuň düýp manysy, gaýtadan işlenen kagyzdan dokalan
gunesh_
gunesh_
13.11.2022 11:47
ABŞ-nyň Kong­res ki­tap­ha­na­sy. Ki­tap we kitap tek­je­le­ri­niň sa­ny ba­bat­da dün­ýä­niň iň uly ki­tap­ha­na­sy ha­sap­lan­ýan ABŞ-nyň Kong­res ki­tap­ha­na­sy (Lib­ra­ry of Cong­ress) 1800-nji
gunesh_
12.11.2022 18:31
Ölüler bilen diriler

Adamlar bölünýär iki topara,
Birisi-ölüler, biri-diriler.
"Öli köpmi, diri?" diýip soramda,
"Öli köpräk bolaýmasyn" diýdiler.

Adamogly asyrlaryň içinde
Ençe gezek ganly daňa baş goşdy.
Gör, näçesi geçen urşuň özünde
Dünýä bilen ebedilik hoşlaşdy.

Ine şeýle gowgalary ýat edip,
Oýlanyň-da, öz-özüňiz biliberiň.
Bilsem-de men ölenleriň köpdügin,
Hemmesine öli diýip bilmerin.

Hak iş üçin gurban bolan ärleri
Ilim-günüm ýaşadypýör arada.
Öli däldir ölenleriň hemmesi,
Diri däldir dirileň käbiri-de.

Entek-entek şol dirileň içinde
Birmahallar ölüp giden diri kän.
Öli bolup gitmez ýaly ölende
Diri bolup ýaşamaly dirikäň.

Halyl Kulyýew
34
123
gunesh_
11.11.2022 13:39

Kim akylly saýsa özün,
Onda kän bir akyl ýokdur.
Aglamadyk adam ýokdur,
Aýdylmadyk nakyl ýokdur.

Gül açylmaz ýaz bolmasa,
Nädip oňjak näz bolmasa.
Bir çümmüjek duz bolmasa,
Hiç tagama ýokum ýokdur.

Yşyk gözläp, galyp tümde,
Kän zat gördüm bu ömrümde.
Her ýalpyldap ýanan şemde,
Ýagty bardyr –
Ýalkym ýokdur.

Tüweleme, dälsiň çaga,
Alym bolduň, bolduň aga.
Öz-özüňi tanamaga
welin, hergiz çakyň ýokdur.

Baýlyk ýygnap assa-assa,
At-owazaň arşa ýetse,
Aýnamagyn-Taňry tutsa,
Öz zadyňa erkiň ýokdur.

Ýene bir zat bize aýdyň,
Eger, "molla" bolup adyň,
Diňlenmese diýen zadyň,
Şondan ajy höküm ýokdur.

Agla-aldap alan bolsaň,
Eňre-ýasda gülen bolsaň.
Bu ýalança gelen bolsaň–
Gitmezlige hakyň ýokdur.

Berdinazar Hudaýnazarow
36
121
gunesh_
10.11.2022 19:35
"Bar tabagym, gel tabagym, barmasaň, gelmeseň orta ýolda syn tabagym".

   Däp boýunça bişen nahardan ilki goňşyňa iberilýär. Özem hojalykda bar bolan ýaş oglandan iberilýär. Eger ýaş (sekiz-on ýaşyndaky oglan maşgalada ýok bolsa), parahatçylykly döwür bolsa, heniz göze görünmedik gyz hem naharly okaralary goňşulara alyp gidipdir. Hojalykda ýaş oglan ýa gyz ýok bolsa, öý bikesi goňşa nahar alyp gidipdir. Uly erkek adamlar goňşy okara gatnaşmandyrlar, ýöne olar öz öýlerinde çaý-çörek iýenlerinden soň goňşularyňka gürrüňçilige barypdyr.
  Goňşa duz dadyrylyp, goňşokara  alyp giden yzyna dolanyp gelenden soň goňşa nahar alyp giden çagadan, hökman goňşynyň hal-ýagdaýy soralýar hem okara seredilýär. Okarada kişde, igde, süýji, köke ýaly zatlar bar bolsa, ýa-da çörek bölegi bar bolsa, goňşynyňka nahar iberenler saçagy giňden ýazyp, arkaýyn, naharyň başyna geçipdirler. Eger-de goňşydan gelen okara boş bolsa, ýa-da kynçylygy alamatlandyrýan başga bir zat bolsa, onda bada-bat goňşynyňka gidip, onuň halyndan habar alypdyrlar, gerek kömegini beripdirler.
  Şu ýerden görnüşi ýaly goňşokara gatnatmak goňşyňa diňe duz dadyrmak däl, eýsem, goňşynyň halyndan habar alyp durmakdan ybaratdyr.
33
101