gunesh_
12.11.2022 18:31
Ölüler bilen diriler

Adamlar bölünýär iki topara,
Birisi-ölüler, biri-diriler.
"Öli köpmi, diri?" diýip soramda,
"Öli köpräk bolaýmasyn" diýdiler.

Adamogly asyrlaryň içinde
Ençe gezek ganly daňa baş goşdy.
Gör, näçesi geçen urşuň özünde
Dünýä bilen ebedilik hoşlaşdy.

Ine şeýle gowgalary ýat edip,
Oýlanyň-da, öz-özüňiz biliberiň.
Bilsem-de men ölenleriň köpdügin,
Hemmesine öli diýip bilmerin.

Hak iş üçin gurban bolan ärleri
Ilim-günüm ýaşadypýör arada.
Öli däldir ölenleriň hemmesi,
Diri däldir dirileň käbiri-de.

Entek-entek şol dirileň içinde
Birmahallar ölüp giden diri kän.
Öli bolup gitmez ýaly ölende
Diri bolup ýaşamaly dirikäň.

Halyl Kulyýew
34
123
nabat_
5 Fewral 2024
🥺🥺🥺
HALIljan
12 Noýabr 2022
Bet!......
SerdarMyradov
12 Noýabr 2022
like👍👍🐧
Perishdejik
12 Noýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
jemal_seyitniyazowa
12 Noýabr 2022
Diri bolup ýaşamaly dirikäň...
ebru
12 Noýabr 2022
Birinji like mndn❤❤
Myrataly
12 Noýabr 2022
🤔🤔🤔👏👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.