gunesh_
13.11.2022 11:47
ABŞ-nyň Kong­res ki­tap­ha­na­sy.

Ki­tap we kitap tek­je­le­ri­niň sa­ny ba­bat­da dün­ýä­niň iň uly ki­tap­ha­na­sy ha­sap­lan­ýan ABŞ-nyň Kong­res ki­tap­ha­na­sy (Lib­ra­ry of Cong­ress) 1800-nji ýyl­da ýur­duň Kong­re­si ta­ra­pyn­dan bi­na edilýär. Hä­zir­ki wagt­da bu ki­tap­ha­na­da 164 mil­li­on eser bo­lup, şo­la­ryň 38 mil­lio­ny kitap, 70 mil­lio­ny gol­ýaz­ma, 3,6 mil­lio­ny ses ýaz­gy, 14 mil­lio­ny fo­to­su­rat, 5,5 milliony kar­ta hem-de 8,1 mil­lio­ny saz notasy­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da, kitaphanada en­tek do­ly ulgama salynmadyk ýe­ne-de 122 mil­li­on ese­riň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu kitap­ha­na­da her gün­de or­ta­ça 14 müň tä­ze eser ka­bul edi­lip, az­da-kän­de ýer ýetmezçiligi­ne-de se­bäp bol­ýar. Şol nukdaýna­zar­dan, Me­ri­lend hem-de Wirjiniýa ştat­la­ryn­da ki­tap­ha­na­nyň goşmaça bi­na­la­ry gu­rul­dy we bu ýer­de-de en­çe­me eserler aýaw­ly sak­la­nyl­ýar. Kongres ki­tap­ha­na­sy şu se­bäp­ler­den dünýäniň iň uly ki­tap­ha­na­sy ha­sap­lan­ýar.

Bri­tan ki­tap­ha­na­sy

Dün­ýä­niň iň uly ikin­ji ki­tap­ha­na­sy – Bri­tan ki­tap­ha­na­sy (The Bri­tish Lib­ra­ry) 150 million­dan gow­rak ese­ri özün­de jem­le­ýär. 1753-nji ýyl­da Bri­tan mu­ze­ýi­niň şahamçasy hök­mün­de gur­lan bu des­ga 1792-nji ýyl­da ýö­ri­te çy­ka­ry­lan ka­nun esasyn­da ki­tap­ha­na öw­rül­ýär. Bu kitaphanada gol­ýaz­ma­lar, kar­ta­lar, ga­zet-žur­nal­la­ryň nus­ga­la­ry, çy­zgy­lar, saz notalary, ses ýaz­gy­la­ry, ir­ki ýyl­lar­da ber­len pa­tent­ler hem-de 8 mil­li­on sa­ny hat markasy bar. Ki­tap­ha­na­nyň iň gym­mat­ly eser­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dün­ýä­de il­kin­ji çap edi­len diý­lip ha­sap­lan­ýan “Dia­mond Sut­ra” ki­ta­by bi­len Leo­nar­do Da Win­çi­niň ýandepder­çe­si hem bar.

Rus­si­ýa­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­sy

Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­dä­ki Rus­si­ýa­nyň Mil­li ki­tap­ha­na­syn­da (Natiolal Library of Russia) 36 mil­li­on­dan gow­rak eser bar. Rus­si­ýa­nyň Döw­let kitaphanasyndan soň, ýurt­da 2-nji uly kitapha­na bo­lan bu ka­şaň bi­na 1795-nji ýylda Ýe­ka­te­ri­na II döw­rün­de gu­rul­ýar. Bu kitap­ha­na­nyň dö­re­dilme­gi­ne 1794-nji ýyl­da Pol­şa­nyň paý­tag­ty War­şa­wa­da Za­lus­kiý tara­pyn­dan gur­lan Ýew­ro­pa­da­ky il­kin­ji halk ki­tap­ha­na­sy esa­sy se­bäp bol­ýar. Bu kitaphana­da Ýew­ro­pa dil­le­rin­de 420 müň eser aýaw­ly sak­la­nyl­ýar.
32
63
atakulyyewa_humay
13 Noýabr 2022
Gyzykly maglumatlar 👍👍👍 hökmany bilmeli
ideallider
13 Noýabr 2022
Öz mekdebimdäki kitaphanalara baramda başym aýlanýardy, bulardadagy çaşaryn😄👍
ebru
13 Noýabr 2022
Gowy maglumatlar. Saol köp🥰
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.