gunesh_
11.11.2022 13:39

Kim akylly saýsa özün,
Onda kän bir akyl ýokdur.
Aglamadyk adam ýokdur,
Aýdylmadyk nakyl ýokdur.

Gül açylmaz ýaz bolmasa,
Nädip oňjak näz bolmasa.
Bir çümmüjek duz bolmasa,
Hiç tagama ýokum ýokdur.

Yşyk gözläp, galyp tümde,
Kän zat gördüm bu ömrümde.
Her ýalpyldap ýanan şemde,
Ýagty bardyr –
Ýalkym ýokdur.

Tüweleme, dälsiň çaga,
Alym bolduň, bolduň aga.
Öz-özüňi tanamaga
welin, hergiz çakyň ýokdur.

Baýlyk ýygnap assa-assa,
At-owazaň arşa ýetse,
Aýnamagyn-Taňry tutsa,
Öz zadyňa erkiň ýokdur.

Ýene bir zat bize aýdyň,
Eger, "molla" bolup adyň,
Diňlenmese diýen zadyň,
Şondan ajy höküm ýokdur.

Agla-aldap alan bolsaň,
Eňre-ýasda gülen bolsaň.
Bu ýalança gelen bolsaň–
Gitmezlige hakyň ýokdur.

Berdinazar Hudaýnazarow
36
121
SerdarMyradov
12 Noýabr 2022
like👍👍🐧
gulshatayewa97
12 Noýabr 2022
Okap başlanymdan bildirdi Berdinazar Hudaýnazarowdygy 🌺🥰
gunesh_
11 Noýabr 2022
BaýramBejidow, howwa menem gowy görüp okaýan Kerim aga bilen şoň goşgularyny 😊👍
BaýramBejidow
11 Noýabr 2022
Berdinazar halypanyñ ähli goşgusy sadadan açyk we çuñ manyly
gunesh_
11 Noýabr 2022
Девушка., göwnüňize ýaran bolsa bolýa 😊👍
gunesh_
11 Noýabr 2022
Aýdymçyoglan, ýuwaş-ýuwaş 😊
ebru
11 Noýabr 2022
Gowy goşgy👍
Девушка.
11 Noýabr 2022
Gowy goşgy eken sag boluň.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.