gunesh_
10.11.2022 19:35
"Bar tabagym, gel tabagym, barmasaň, gelmeseň orta ýolda syn tabagym".

   Däp boýunça bişen nahardan ilki goňşyňa iberilýär. Özem hojalykda bar bolan ýaş oglandan iberilýär. Eger ýaş (sekiz-on ýaşyndaky oglan maşgalada ýok bolsa), parahatçylykly döwür bolsa, heniz göze görünmedik gyz hem naharly okaralary goňşulara alyp gidipdir. Hojalykda ýaş oglan ýa gyz ýok bolsa, öý bikesi goňşa nahar alyp gidipdir. Uly erkek adamlar goňşy okara gatnaşmandyrlar, ýöne olar öz öýlerinde çaý-çörek iýenlerinden soň goňşularyňka gürrüňçilige barypdyr.
  Goňşa duz dadyrylyp, goňşokara  alyp giden yzyna dolanyp gelenden soň goňşa nahar alyp giden çagadan, hökman goňşynyň hal-ýagdaýy soralýar hem okara seredilýär. Okarada kişde, igde, süýji, köke ýaly zatlar bar bolsa, ýa-da çörek bölegi bar bolsa, goňşynyňka nahar iberenler saçagy giňden ýazyp, arkaýyn, naharyň başyna geçipdirler. Eger-de goňşydan gelen okara boş bolsa, ýa-da kynçylygy alamatlandyrýan başga bir zat bolsa, onda bada-bat goňşynyňka gidip, onuň halyndan habar alypdyrlar, gerek kömegini beripdirler.
  Şu ýerden görnüşi ýaly goňşokara gatnatmak goňşyňa diňe duz dadyrmak däl, eýsem, goňşynyň halyndan habar alyp durmakdan ybaratdyr.
33
101
SerdarMyradov
12 Noýabr 2022
like👍👍🐧
Myhman Myhman
10 Noýabr 2022
Govy maglumatlar
atakulyyewa_humay
10 Noýabr 2022
Gowy maglumatlar ekeni sag boluň 🤗👍👍
ideallider
10 Noýabr 2022
"Goňşy okaram goňşy okaraň, ara ýolda gatna okaram. Goňşylara gatnamasaň, gelmeseň, orta ýolda döwül okaram"👍
ebru
10 Noýabr 2022
Sohbetdeslige baraýyn
ebru
10 Noýabr 2022
Sohbetdeslige baraý
Myhman Myhman
10 Noýabr 2022
Men onden taze bolsom soromozzyma sizzen
ebru
10 Noýabr 2022
Myhman Myhman, ýokla täz.dälä siz. Önden bara
Myhman Myhman
10 Noýabr 2022
Salam ebru gowmysynyz nadip gorunmelika men taze girdim welin
lalahan
10 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.