gunesh_
18.11.2022 08:41


Taryplap bir gyzyň ap-ak ýüzüni,
– Aýdyň agşamlaryň aýy-diýdiler.
– Göwnüň göge galar, görseň gözüni,
Gaşy Göroglynyň ýaýy-diýdiler.

– Goýny baharmyşyn, güller açýarmyş,
Gepe çepermişin, dürler seçýärmiş,
Kirpigi ýürekden parran geçýärmiş,
Boýuňa mynasyp boýy-diýdiler.

– Erk edip ýanyna barardym-diýsem,
Aý dek jemalyny görerdim-diýsem,
Mejnun dek ugrunda ýörerdim-diýsem
Ol hem Leýli gyzyň taýy-diýdiler.

– Gül açan bagynyň nary bar eken,
Ak altyn öndürýän käri bar eken,
Şahyr Halyl atly ýary bar eken,
Şu gün şol gözeliň toýy-diýdiler.

Halyl Kulyýew
20
68
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.