gunesh_
14.11.2022 10:35
  “Meniň kakam Junglýada”

2015-nji ýylda Argentinanyň neşirýaty “Kitap – agaç – kitap” atly umytsyz taslamany durmuşa geçirmeklige karar berdi. Onuň düýp manysy, gaýtadan işlenen kagyzdan dokalan tohumlar we ekologiki syýa bilen çagalaryň kitaplaryny neşir etmekden ybaratdy. Şeýle kitaby okanyňyzdan soň, ony bagyňyza ekip bilersiňiz we birneme wagt geçenden soň agaç öser. Ene-atalar çagalara kitap öndürmegiň lini, şeýle hem tokaý goramagyň ähmiýetini görkezmek mümkinçiliginiň ideýasyny haladylar we taslama gaty üstünlikli boldy. Üç ýyl bäri neşirýat, meşhur bolan şunuň ýaly kitaplaryň onlarçasyny neşir etdi.

    “Suw içýän kitap”

Bu üýtgeşik kiçijik zady ABŞ-ly himik Tereza Dankowiç döredipdi. Suw süzgüji hökmünde ulanyp boljakdygy bu kitabyň ajaýyplygydyr. Her sahypa diňe bir hapa suwy arassalamaga däl, eýsem zyýanly bakteriýalary hem duzlamaga ukyply kümüş bölejikleriň inçe örtügi bilen ýörite siňdiriji materialdan ýasalýar, şeýlelik bilen agyz suwunyň hilini ýokarlandyrýar. Her sahypa ýüzlerçe litre çenli suwy üstünden geçirip biler we adamzadyň ähli zerurlyklaryny göz öňünde tutup, bir kitap 4 ýyla ýeterlik bolar. Beýleki zatlar bilen birlikde, dürli suwuklyklarda bar bolan howply bakteriýalaryň adam bedenine ýaramaz täsiri barada eser özüne çekiji görnüşde aýdýar. Syýa hiç hili galyndy galdyrmaýan ygtybarly organiki materialdan ýasalýar.

     “Tunel kitaby”

Bu kitap üç ölçegli kitaplary döretmekligiň üstünde işleýän Filadelfiýaly suratkeş Mariýa Pisanonyň iň meşhur eseri. Bu eser Nýu-York bilen Nýu-Jersini birleşdirýän ýerasty tuneliň döredilmeginiň taryhyny aýdyň görkezýär. Daşynda tuneliň gurluşygy üçin zerur bolan alty million plitka we içki tarapynda geçmişiň we şu günüň sürüjileriniň ýaşaýan hakyky suwasty dünýäsi şekillendirilipdir. Kitap açylanda iki metrden gowrak uzynlygy alýar.
20
157
Olka
14 Noýabr 2022
Hayran galaýmaly 🙄
ebru
14 Noýabr 2022
Gaty geň🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.