gunesh_
27.02.2023 15:53
Bir tebibiň, her gezek mazarystanyň deňinden geçende, ýüzüne donunyň bir çetini tutup geçýändigini gördüler. Sebäbini soranlarynda, ol:
- Şu mazarystanda ýatan ölülerden utanýaryn. Bularyň haýsysynyň ýanyndan geçsem, meniň urgymy iýip we haýsysyna seretsem, meniň şerbetimi içip ölenler – diýip jogap
beripdir.
23
407
gunesh_
26.02.2023 10:20
Bir garynjanyň özünden on esse agyr çekirtgäni göterip barýandygyny gördüler. Geň galmaklyk bilen:
- Bu garynja serediň, şu ejizligi bilen şeýle agyr ýüki göterip barýar – diýdiler.
Garynja bu sözleri eşidip güldi we:
- Adam ýüki biliniň zorlugy we bedeniniň güýji bilen däl-de, gaýratlylygy we dogumlylygy bilen göterýändir – diýdi.
28
109
gunesh_
25.02.2023 20:03
Iňňesinde ölüm zäheri we gylygynda ýamanlyk endigi bolan bir içýan gezelenje çykdy. Ol süýrenip giň suwuň kenaryna geldi we aňyrsyna çykmak isledi. Geçmegiň çäresini tapmady, yzyna dolanmak hem islemedi. Bir pyşbaga onuň bu ýagdaýyny gördi we oňa rehim etdi. Ony arkasyna mündürip, ýüzüp barýan ugruny başga kenara tarap öwürdi. Şol wagt gulagyna bir ses geldi, diňşirgendi, hamala, içýan öz çanagyna bir zat bilen urýan ýalydy. Ol:
- Bu nämäniň sesi? – diýip, içýandan sorady.
Içýan:
- Bu ses seniň arkaňa urýan iňňämiň sesi. Ýöne men seniň çanagyňa iňňämi näçe ursam-da hiç zadyň çykmajagyny bilýän, şonda-da öz gylygyma erk edip bilemok  - diýdi.
Pyşbaga öz-özüne: «Iň gowusy bu erbet gylyklynyň ýaman endiginden we heläk ediji iňňesinden oňat gylyklylary halas etmekdir» diýdi-de, suwuň goýnuna çümüp gitdi. Hamala, hiçhaçan döremedik ýaly içýany tolkun ýuwutdy.
20
79
gunesh_
04.01.2023 09:05
1993-nji ýyldan tä 2007-nji ýyla çenli Bill Geýts dünýädäki iň baý we iň üstünlikli adamdy. Microsoft-y esaslandyryjylaryň biri we iň uly paýdary hökmünde tanaýarys. Dünýädäki adamlaryň arasynda Bill Geýts telekeçilik we haýyr-sahawat işi, şeýle hem üstünlikli işewürlik guramasy üçin kitaplar bilen meşhur.

Amerikaly mekdep okuwçylary onuň ýaly belentliklere çykmagy arzuw edip, kitaplaryny okaýardylar we ýene täzeden okaýardylar. Fortune habarçysynyň aýdyşy ýaly “siz ony söýüp ýa-da ýigrenip bilersiňiz, ýöne oňa üns bermäň”. Rus mekdep okuwçylary hem üstünlikli telekeçi bolmak we Bill Geýts ýaly baýlyk gazanmak isleýärler, muňa garamazdan bu ýurtda muny gazanmak has kyn. Emma Bill Geýtsiň maslahaty bilen tanyşmak we onuň saýasynda ýetişmek hiç kime zyýan bermez. Bil Geýtsden üstünlikli telekeçi bolmak isleýänlere käbir maslahatlar:

1. “Şowsuzlyklaryňyz üçin ene-atalaryňyzy günäkärlemäň.Statistika görä, adamyň üstünlik gazanmagy we garaşsyzlygy 80% ene-atanyň terbiýesine baglydyr. Ene-atanyň terbiýesindäki ýalňyşlyklary adamy utanjaň, ýalta we gödek edip bilýär. Şeýle-de bolsa, bularyň hemmesini ulalmak basgançagyna girip düzedip bolar. Ýalňyşlyklaryňyz üçin ene-ataňyzy günäkärlemegiň ýerine, olary düzetmeli. Mysal üçin, özüňe hormat goý we özüňi söýmegi öwren.

2. “Mugallymyňyzy gaty talap ediji we berk hasaplaýan bolsaňyz, başlygyňyz bilen duşuşmaga garaşyň. Mugallymdan tapawutlylykda adamyň hünäri bilime bagly däl-de, öz wezipeleriňizi nädip ýerine ýetirjekdigiňize baglydyr.” Bu sözlemler, meşhur “ýeňilenleriň” sanawy, şol sanda Bill Geýtsiň özi bilen tassyklanýar. Onuň pikiriçe, grammatika we beýleki ugurlarda ökde däldi. Emma ol matematikany gaty gowy bilýärdi. Bil Geýtsden başga-da Roman Abramowiç, Çarlz Darwin, Kuentino Tarantino, Anjelika Joli we beýlekiler mekdepde erbet çykyş etdiler.

3. “Mekdepden çykanyňyzdan soň göni 40 müň aýlykly işde işläp bilmersiňiz. Gymmat bahaly kompaniýany, awtoulagy, şahsy sürüjini we ş. m. mynasyp bolýançaňyz, köp wagt sarp etmelisiňiz”. Hawa, bu hadysa köp ýaş hünärmenler üçin häsiýetlidir. Iş tapmaga ýagdaýyň bolmazlygy we üstesinede eýýäm kärdeşleriniň aýlykly işden başga köp girdeýjili işe geçip gitmegi. Ýene üstesinede ornuny tutup bolmajak işgär hökmünde işde özlerini subut etmek islemeýärler. Örän tiz wagtda hiç zat bolmaýar, kärhananyň üstünlik gazanmagy üçin zerur işgärdigiňizi ýolbaşçylara açyk görkezmäge synanyşyň. Diňe şondan soň aýlyk we wezipe derejesini ýokarlandyrmagy talap ediň.

4. “Durmuşda şahsy wagtyňyz gaty az, tomus kanikullary ýok, iş berijiniň size özüňizi tapmagyna kömek eder diýip umyt etmeli däl. Muny şahsy wagtyňyzda etmeli bolarsyňyz.” Galan zat, Bill Geýts bilen ylalaşmak, kimdir biriniň siziň üçin bu işi etmegine garaşyp bilmersiňiz. Adam hemme zada özi ýetmeli!

5. “Makdonaldsda burger gowurmak, mertebäňiziň peselmegi däl. Siziň atalaryňyz islendik işi “gowy pursat” hasaplaýardylar. Zähmet okuwy durmuşda üstünlik gazanmak üçin örän möhümdir, ýöne durmuşda hapa gaplaryny çykarmakdan başga hiç zat etmedik bolsaňyz, işlemegi nädip öwrenmeli. Köp üstünlik gazanan telekeçiler ilkinji pul gazanmak üçin tomus kanikullarynda Makdonaldsda, zawodlarda we bazarlarda işlediler.

6. “Hakyky durmuşy telewizorda görkezilýän zatlar bilen garyşdyrmaň. Durmuşda adamlar wagtynyň köpüsini kofe we ​​barlarda däl-de, iş ýerlerinde geçirmeli.” Gynansagam, ýetginjekleriň köpüsi dostlary bilen oturmagy we güýmenje üçin köp wagt sarp etmegi makul bilýärler. Bu aralykda, üstünlik gazanmak üçin Bill Geýts halaýan hobbi-ň bolmaly diýýär. Ilkinji kompýuter terminaly Bill Geýts 13 ýaşynda dosty Pol Allen bilen mekdepde “döretdi”, soň bolsa onuň üçin iki programma döretdiler. Bil Geýtsiň pikiriçe: “Adam diňe söýýän zadyny edeninde üstünlik gazanyp biler”.

7. “Botanlar bilen gowy gatnaşyk saklaň. Belki, geljekde olaryň biri başlyk bolar”. Megerem, Bill Geýts bu sözünde özüni göz öňünde tutýan bolsa gerek, sebäbi mekdepden äýnek geýip, üstesinede “Соn” (sözüň doly manysynda”ботаник” diýilýär) diýilip kemsidilendigi sebäpli ejir çekýärdi. Şonuň üçin Windows operasiýa ulgamynda “Con” atly bukja ýa-da faýl döretmek mümkin däl. Ýöne mekdep dostlary bilen gowy gatnaşyklary saklamaly, hakykatdanam dostlar bize köp kömek edýärler we durmuşda hem bize kömek ederler.
23
50
gunesh_
03.01.2023 15:40
Tebigatdan öwrenmegi, sapak almagy başarmaly. Möýleriň torlary ep-esli aralykda egilmän durýar. Möý torlarynyň bu aýratynlygy esasynda iňlis alymy S.Braun asma köprini gurmagyň usulyýetini oýlap tapýar. Ine, durmuşdan ýeke mysal.

Şeýle mysaly näçe diýseň getirse bolar. Gep, ol mysallaryň köplüginde ýa-da azlygynda däl. Iň beýik açyşlary alymlara tebigat salgy berýär. Bu gün Nýutonyň üstüne almanyň gaçanlygy sebäpli, bütindünýä dartylmak kanunyny açandygyny kim bilmeýär.

Tebigatyň iň gowy maslahatçydygyny, terbiýeçidigini hergiz unutmaly däldiris.  Haýsy zat durmuşyň bilen baglanyşykly bolsa, ýadyňda galýar. Käbir zat on-ýigrimi ýyldan, käsi bir ýyldan, käsi bir günden, käsi bir sagatdan ýadyňdan çykýar. Ýöne ömürlik ýadyňdan çykmaýan zatlar hem bolýar.

Ozonyň ýunan sözdügini, «ysly» diýen manyny berýändigi, kislorodyň  özgeren görnüşidigi, gök reňkli partlaýjy maddadygy, onuň Ýeri Günüň şöhlesinden goraýan daşky gurşawymyzyň ýigriminji kilometrinden kyrkynjy kilometrine çenli gabat gelýän gatlagydygy, bu zatlary bolsa ilkinji gezek 1785-nji ýylda belli golland fizigi Marumyň açandygyny köpler bilýändir.

Ozon gatlagy Günüň gaty, ýakyp-ýandyryjy şöhlesini süzüp, ýumşak, jana ýakymly şöhleleriniň Ýere inmegini üpjün edýär.

Ähli perdeler şöhleleriň ýumşaklaryny tutup galýar, gatylaryny bolsa goýberýär. Bu – fizikanyň kanuny. Ýöne ozon gatlagy fizikanyň bu kanunyna ters gelýär: ozon gatlagy şöhleleriň ýowuzyny adamlaryň depesinden inderenok, inderse, onda Ýerdäki ähli janly-jandarlar ýanjak, küle öwrüljek. Bize ozon gatlagy ýaşaýyş berýär. Ol biziň küle öwrülmegimiziň öňüni alýan perde. Günüň ýakyp-ýandyrýan ýitiligini diňe özi çekýär.

Adamzat güllerden hoşboý ysy alyp, atyr, anbar ýasamagy müňlerçe ýyl mundan ozal öwrendi.

Türkmen taryhyna ser salsak, atabegler başga bir ýurtda bolan wagty şol ýurduň edara edilişini hökman öwrenipdirler. Ýöne nädip? Ony atabegiň özi soradymyka ýa-da oňa gürrüň berdilermikä? Oňa hiç kim hiç zat gürrüň bermändir, onuň özem hiç kimden hiç zat soramandyr. Ýöne atabeg ýumşak, päli pes, ýagdaý bilýän, her sözüni saldarlap görýän, eglişige gelýän adam, şoňa görä-de, ýurduň dolandyrylyşyny bilipdir. Ol muny iliň bilşi ýaly däl-de, özüçe bilipdir. Adamlaryň ýaşaýyşlaryny, biri-birine edýän sylag-hormat gatnaşyklaryny synlap bilipdir.
28
95
gunesh_
02.01.2023 19:56
Dünýäniň ýüzünde täsin bir millet,
Aýallar milleti,
Üýtgeşik dünýä.
Bular bilen oýun edäýmäň millet,
Bular köp zatlary öňünden bilýä.

Dynç alyş günleri ertir ir bilen
Gezelenje çyksaň, ýuwaşja güler.
Şol gün arpa suwun datjakdygyňy,
Zaluwatlar hökman öňünden biler.

Işden soň bir neme gijiräk galsaň,
(Adamçylyklyr-da bu bolup biler).
Ýüzüňi gyzardyp öýüňe gelseň,
– Geldiňmi? - diýer-de, ýuwaşja güler.

Işden öz wagtynda gelen çagyňda,
Çaý, çöregi bilen başyny eger.
Ondan soň: "Kakasy, bu nä ir geldiň,
Tüweleme" diýip, çetiňe deger.

Bular şerraýam däl, gaharjaňam däl,
Ownuk çalňyşlarňam göwnüne almaz.
Bularsyz dünýäde ýaşamak kyndyr,
Bularyň dilinden sypybam bolmaz.
29
98
gunesh_
15.12.2022 13:32
Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniň ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniň jany ýanypdyr. Dostunyň bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oňa ýeke söz hem diýmändir-de guma: “Bu gün iň gowy dostum meniň ýüzüme şarpyk çaldy” diýip ýazypdyr.

Soňra bular ýene-de ýollaryny dowam edip bir oazise gelipdir-de suwa girip ýüzmek isläpdirler. Ýaňky şarpyk iýen adam ýüzüp ýörkä, birden batga batyp gark boljak bolupdyr. Dosty haýal etmän gelip ony halas edýär. Gark bolmakdan halas bolan adam suwdan çykyp şol wagtyň özünde ulyrak bir daşyň ýüzüne: “Şu gün iň gowy dostum meni ölümden halas etdi” diýip ýazypdyr. Şarpyk çalan hem-de halas eden dosty onuň eden bu hereketine geň galyp seredip durupdyrda, şeýle sowal beripdir: “Janyňy ýakan wagtym gumuň ýüzüne, indi bolsa daşyň ýüzüne hat ýazdyň?”.

Dostunyň beren soragyna: “Eger-de biri janymyzy ýakan mahaly guma ýazmaly, sebäbi ötünç şemaly ony pozup biler ýaly. Kimdir biri biziň üçin ýagşylyk, gowy zat etse, hiç bir ýel hem onuň eden ýagşylygyny daşyň ýüzünden pozup bilmez ýaly” diýip jogap beripdir.
24
78
gunesh_
14.12.2022 20:06
Ulalypsyň gyzymjan,
Ulalypsyň keýjegim.
Indi özüň tikip ber
Jigiňjanyň geýjegin.

Işli bolsun elleriň,
Çek nepis keşde, gyzym,
Bukjaň alyp dalbara,
Kölegä geçde, gyzym.

Gaýma gaýa ýaltanma,
Her sanjymyň sünnäle.
Bolsun gyzym, her gaýma
Bahar açylan läle.

Ilki tiken tahýaňy
Okla çapgyn ýele sen.
Eliň ýel deý ýeňil bor,
Hemde ýel deý çalasyn.

Ikinji tiken işiň,
Ýanyp duran oda zyň.
Soň ot ýaly bolarsyň,
Bolmaz işiňde kemiň.

Eltip akdyr derýada
Soňky gaýan gaýmaňy.
Onsoň seniň keşdeleň
Durlanar derýa ýaly.

Soňky gaýan gaýmalaň,
Gaýalsada her halda,
Otda ýanmaz, suwda synmaz,
Solmaz asla şemalda.
28
65
gunesh_
13.12.2022 14:35
Bedenimizde birnäçe möhüm organlar bar. Şeýle-de bolsa, bularyň hemmesinden has möhümi beýni bolup durýar. Beýni adam bedenindäki energiýanyň köp bölegini gönüden-göni özüne sarp edýär.

Beýni nerw ulgamynyň merkezi bolup hyzmat edýän organdyr. Adaty bir adamyň beýnisinde 15-33 milliard neýron bardygy çak edilýär. Olaryň her biri “synapses” diýilýän baglanyşyk arkaly birnäçe müň neýron bilen baglanyşdyrylýar. Bu neýronlar akson diýilýän uzyn protoplazmatiki süýümler arkaly biri-biri bilen aragatnaşyk saklaýarlar. Aksonlar beýniniň beýleki ýerlerine ýa-da bedeniň belli bir reseptor öýjüklerine maglumat berýär.

Beýnide nerw impulslary sagatda, takmynan, 440 kilometr tizlikde ýerleşýän neýron boýunça hereket edýär. Uzak wagtlap uklamasak, adamyň beýnisiniň temperaturasy ýokarlanýar we pikirlenmek ukyby peselýär. Adam beýnisi, takmynan, 25 ýaşa çenli ösmegini dowam etdirýär. Ortaça adam beýnisini  90%-e çenli peýdalanýar. Beýniniň agramy bedeniň 1/50 bölegine deň bolsa-da, bedenimizdäki  kislorodyň 1/4 bölegini ulanýar. Beýniniň ululygy akyl derejesine hiç hili täsir etmeýär. Meselem, Eýnşteýniň beýnisiniň agramy bary-ýogy 1230 gramdan gowrakdy, bu ortaça derejeden pes, ýöne ol bilşimiz ýaly zehinli bolupdyr. Adam beýnisinde uzak we gysga möhletli ýat bar we käbir maglumatlar, adatça, ýarym minutdan gowrak saklanýar. Şonuň üçin birnäçe minut ozal pikir edeniňizi ýatdan çykarmak aňsat. Pikirlenmek we akyl işi beýnä tälim berýär. Uky wagtynda-da adamyň beýnisi işlemegini dowam etdirýär, hatda oýa wagtyndan-da has güýçli işleýär. Ilkinji adamlaryň beýnisi häzirki zaman adamlaryň beýnisinden has uly  bolupdyr. Adam beýnisindäki ýagyň düzümi beýleki organlara garanyňda has ýokarydyr. Beýnide şol bir wagtyň özünde, takmynan, 100 trillion maglumat saklanýar. Uly adamda ortaça beýni beden agramynyň 2%-ni tutýar. Adamyň oňurga ýiliginiň massasy beýniden, takmynan, 50 esse azdyr.

Beýnä duýgular hem öz täsirini ýetirýär. Käbir adamlar aşyk bolmak diňe bir düşünje diýip pikir edýärler, emma beýle däl. Bu ýagdaýdaky adamlar beýniniň lezzet bilen baglanşykly işjeňligini bilmeýärler. Bu ýagdaýda beýnide birnäçe hadysalar bolup geçýär we adamda ýakymly duýgular döreýär.

Adam beýnisi bilen täze synag geçirildi:


Insult we alsgeýmer ýaly newrologiki keselleriň çözgütlerini tapmak üçin lukmançylykda öňegidişlik gazanyldy. Daniýaly alymlar adam beýnisiniň kiçijik bölegini birnäçe sagatlap saklamak bilen täze açyş etdiler. Ylmy barlaga ýolbaşçylyk eden Emma Luiza Lutuň aýtmagyna görä, bir näsagyň beýnisinden alnan 1 santimetr bölek ýerine ýetirilen amallar sebäpli takmynan 12 sagat diri galdy. Beýnini birnäçe sagatlap ýaşatmak üçin şertler ilki dokumany sowatmak, soň bolsa serebrospinal suwuklygyň düzümindäki garyndylaryň içine goýmak arkaly döredildi. Sowuklamanyň netijesinde dokumanyň kislorodlaşmagy we öýjükleriň diri galmagy gazanyldy.

2023-nji ýylda adamlara beýni çipleri synag ediler:

«Neuralink» kompaniýasy geljek ýyldan beýni çiplerini adamlarda synag edip başlar, bu barada kompaniýanyň başlygy, amerikan milliarderi Ilon Mask habar berdi diýip, «Habar 24» ýazýar.

Adam beýnisine berkidiljek enjam pikiriň güýji arkaly kompýuteri ýa-da smartfony dolandyrmaga mümkinçilik berer. Geljekde bu oýlap tapyş aýratyn talaplary bolan adamlaryň işini ýeňilleşdirer. Bu ugurdaky synaglara şu ýyl başlamak meýilleşdirilýärdi.

2019-njy ýylda ady tutulan çipler maýmynlarda, 2020-nji ýylda doňuzlarda synag edildi. Öň işläp düzüjiler pikiriň güýji bilen wideooýun oýnaýan maýmyn baradaky wideogörnüşleri görkezipdiler.
26
55
gunesh_
12.12.2022 12:01
Eşidýäris. Sebäbini bilýärismi?


Beýnimiz barada köp eşidilýän, ýöne sebäbi bilinmeýän käbir gyzykly maglumatlar:

Beýni öwrenýärkä ulalýar. Täze öwrenilýän her bir başarnyk üçin beýni özünde ýer boşadýar diýsek has dogry bolar. Meselem, braýlda okap bilýänleriň beýnisinde şol başarnygyň ýerine ýetirilýän böleginiň has ulalýandygy subut edilendir.

Beýnimiziň iki ýarymşary aýry-aýry işlemeýär. Kähalatlarda hatda ýönekeýje hereketi ýerine ýetirmek üçin hem beýnimiziň birnäçe bölegi şol bir wagtda herekete geçmeli bolýar. Mysal üçin, kitap okalýan mahalynda beýniniň görüş we kabul ediş, maglumatlary işläp, olary gysga wagtlyk ýada goýýan bölekleri bilelikde işleýär.

Adrenaliniň täsiri zyýanly. Dartgynly ýagdaýlarda bedende stress garmonlary bolan – noradrenalin we adrenalin peýda bolýar. Olar bedeni gaçmaga we gaýtawul bermäge taýýarlaýar. Ýöne munuň bilen birlikde, gan basyşy hem aşa ýokarlandyrýar.

Gujaklaşmak peýdaly. Öňler diňe ýakynlaň bilen gujaklaşmak peýdaly hasaplanýanam bolsa soňky wagtlarda özüňe ýakymly hasaplaýan islendik adamyňyz bilen gujaklaşmagyň beýnä gowy täsir edýändigi bilermenler tarpyndan ýüze çykaryldy. Şeýtmek bilen söýmek we baglanmak duýgulary sizde peýda bolar. Mundan başga-da, gujaklaşmak immuniteti ýokarlandyryp, nerw sistemasyny rahatlandyrýar.
25
83