gunesh_
03.01.2023 15:40
Tebigatdan öwrenmegi, sapak almagy başarmaly. Möýleriň torlary ep-esli aralykda egilmän durýar. Möý torlarynyň bu aýratynlygy esasynda iňlis alymy S.Braun asma köprini gurmagyň usulyýetini oýlap tapýar. Ine, durmuşdan ýeke mysal.

Şeýle mysaly näçe diýseň getirse bolar. Gep, ol mysallaryň köplüginde ýa-da azlygynda däl. Iň beýik açyşlary alymlara tebigat salgy berýär. Bu gün Nýutonyň üstüne almanyň gaçanlygy sebäpli, bütindünýä dartylmak kanunyny açandygyny kim bilmeýär.

Tebigatyň iň gowy maslahatçydygyny, terbiýeçidigini hergiz unutmaly däldiris.  Haýsy zat durmuşyň bilen baglanyşykly bolsa, ýadyňda galýar. Käbir zat on-ýigrimi ýyldan, käsi bir ýyldan, käsi bir günden, käsi bir sagatdan ýadyňdan çykýar. Ýöne ömürlik ýadyňdan çykmaýan zatlar hem bolýar.

Ozonyň ýunan sözdügini, «ysly» diýen manyny berýändigi, kislorodyň  özgeren görnüşidigi, gök reňkli partlaýjy maddadygy, onuň Ýeri Günüň şöhlesinden goraýan daşky gurşawymyzyň ýigriminji kilometrinden kyrkynjy kilometrine çenli gabat gelýän gatlagydygy, bu zatlary bolsa ilkinji gezek 1785-nji ýylda belli golland fizigi Marumyň açandygyny köpler bilýändir.

Ozon gatlagy Günüň gaty, ýakyp-ýandyryjy şöhlesini süzüp, ýumşak, jana ýakymly şöhleleriniň Ýere inmegini üpjün edýär.

Ähli perdeler şöhleleriň ýumşaklaryny tutup galýar, gatylaryny bolsa goýberýär. Bu – fizikanyň kanuny. Ýöne ozon gatlagy fizikanyň bu kanunyna ters gelýär: ozon gatlagy şöhleleriň ýowuzyny adamlaryň depesinden inderenok, inderse, onda Ýerdäki ähli janly-jandarlar ýanjak, küle öwrüljek. Bize ozon gatlagy ýaşaýyş berýär. Ol biziň küle öwrülmegimiziň öňüni alýan perde. Günüň ýakyp-ýandyrýan ýitiligini diňe özi çekýär.

Adamzat güllerden hoşboý ysy alyp, atyr, anbar ýasamagy müňlerçe ýyl mundan ozal öwrendi.

Türkmen taryhyna ser salsak, atabegler başga bir ýurtda bolan wagty şol ýurduň edara edilişini hökman öwrenipdirler. Ýöne nädip? Ony atabegiň özi soradymyka ýa-da oňa gürrüň berdilermikä? Oňa hiç kim hiç zat gürrüň bermändir, onuň özem hiç kimden hiç zat soramandyr. Ýöne atabeg ýumşak, päli pes, ýagdaý bilýän, her sözüni saldarlap görýän, eglişige gelýän adam, şoňa görä-de, ýurduň dolandyrylyşyny bilipdir. Ol muny iliň bilşi ýaly däl-de, özüçe bilipdir. Adamlaryň ýaşaýyşlaryny, biri-birine edýän sylag-hormat gatnaşyklaryny synlap bilipdir.
28
95
gunesh_
3 Yanwar 2023
Coco, menem göniden-göni siziň özüňize däl-de şol okan maglumatyňyza jogap hökmünde ýazypdym
Coco
3 Yanwar 2023
jeren_seyitniyazowa, men hem Nýutonyñ kanuny romanticny diýemok ahyry😅, bolan real ýagdaýy owadanlamaga ,mistika goşmaga synanşylmagy romantikleşdirme diýýän. Elbetde ,hic kim Nýuton işläp oturka cyra tutup durmady,mn hem bu ýagdaýy gördüm diýemok ,ýokarda ünsliräk okasañyz " dp okapdym " diýdim
gunesh_
3 Yanwar 2023
Coco, edebiýatçy bolamsoň romantizme az-owlak düşünýän, ýöne Nýutonyň kanuny bilen baglanşykly ýeri bardyr öýdemok. Şol döwürde ylym we tehnika ösmedik, adamlar tebigatyň üsti bilen açyşlar edipdirler. Açyşyň nähili bolandygyny alymyň diňe özi bilýä, beýleki pikirler diňe şol döwrüň ýaşaýyş şertlerine görä çaklama bolup biler.
Coco
3 Yanwar 2023
jeren_seyitniyazowa, hemme zady owadanlamaga ,gereksiz ýere many ýüklemäge synanyşmagy hem romantizm dp hasap edýän. Dogry häzirki döwürde romantizm diýilende akyla diñe söýgi gelýär,ýöne romantizmyñ manysy has giñişleýinräk,cuñrak.
gunesh_
3 Yanwar 2023
Coco, ylym bilen romantikaň näme baglanyşygy barka düşünmedim?! 🤔
Coco
3 Yanwar 2023
"Nýuton almanyñ mysalynda öz acyşyny daş-töweregine düşündiripdir, almanyñ kellesine gacmagy baradaky hekaýalar bolsa,romantikleriñ oýlap tapan zady "dp okapdym
k_25n
3 Yanwar 2023
berekella gyzykly post 🙃
gunesh_
3 Yanwar 2023
Myhman Myhman, göwnüňize ýaran bolsa begendim 😊
Myhman Myhman
3 Yanwar 2023
Tebigat barada gowy zatlar yazupsyn
Myhman Myhman
3 Yanwar 2023
Allaha shukur gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.