gunesh_
12.12.2022 12:01
Eşidýäris. Sebäbini bilýärismi?


Beýnimiz barada köp eşidilýän, ýöne sebäbi bilinmeýän käbir gyzykly maglumatlar:

Beýni öwrenýärkä ulalýar. Täze öwrenilýän her bir başarnyk üçin beýni özünde ýer boşadýar diýsek has dogry bolar. Meselem, braýlda okap bilýänleriň beýnisinde şol başarnygyň ýerine ýetirilýän böleginiň has ulalýandygy subut edilendir.

Beýnimiziň iki ýarymşary aýry-aýry işlemeýär. Kähalatlarda hatda ýönekeýje hereketi ýerine ýetirmek üçin hem beýnimiziň birnäçe bölegi şol bir wagtda herekete geçmeli bolýar. Mysal üçin, kitap okalýan mahalynda beýniniň görüş we kabul ediş, maglumatlary işläp, olary gysga wagtlyk ýada goýýan bölekleri bilelikde işleýär.

Adrenaliniň täsiri zyýanly. Dartgynly ýagdaýlarda bedende stress garmonlary bolan – noradrenalin we adrenalin peýda bolýar. Olar bedeni gaçmaga we gaýtawul bermäge taýýarlaýar. Ýöne munuň bilen birlikde, gan basyşy hem aşa ýokarlandyrýar.

Gujaklaşmak peýdaly. Öňler diňe ýakynlaň bilen gujaklaşmak peýdaly hasaplanýanam bolsa soňky wagtlarda özüňe ýakymly hasaplaýan islendik adamyňyz bilen gujaklaşmagyň beýnä gowy täsir edýändigi bilermenler tarpyndan ýüze çykaryldy. Şeýtmek bilen söýmek we baglanmak duýgulary sizde peýda bolar. Mundan başga-da, gujaklaşmak immuniteti ýokarlandyryp, nerw sistemasyny rahatlandyrýar.
25
83
Ineedyoutostay
12 Dekabr 2022
Beyni uly bolmasada durmusda yasasa bolya ondada
Ineedyoutostay
12 Dekabr 2022
sahyrlar_we_men,dos kellesi uly diyme beyni uly bolya diy
olia
12 Dekabr 2022
Yagny her bir janly jandaram oz gezeginde ozune gerek yerde(goranmak iymitlenmek we sh. m.) osen. adamlaryn osushi bu bashga tema
olia
12 Dekabr 2022
Bitter,janly haywanlaryn aragatnashyk mumkinciliklerinin reytingi bar ady hem bar onun yadyma dushenok. Shonda kitler adamdan onde. Sheyle bir gipoteza bar: egerde birden bashga planetadan gelseler belkide olar adam dalde kitler bilen gurleship biler diyip
sahyrlar_we_men
12 Dekabr 2022
Bitter,düsünmediñiz öytyän, kit, öküzä bilemak, yöne piliñ beynisi adamyñkydan kiçi, ine meselem adamlar kän zat döredip baslady kem-kemden beynisi ösdi, (maymyn bilen deñesdirip görüñ indi adamy)
sahyrlar_we_men
12 Dekabr 2022
Beynisi)
sahyrlar_we_men
12 Dekabr 2022
Dogrydyr. Biologiya mugallymymyz aydardy. Adam beynisini köp isledeni üçin kellesi uly bolyar. Meselem haywanlar kellesini köp isledenok soñ üçin olañky kiçi...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.