gunesh_
27.12.2023 19:49
Bir zadyň jogabyn bereliň başda,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.
Juwanlyk söýgüniň lezzeti başga,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.

Biz-ä jahyl,
günde bir gül yşgynda,
Ýüz müň hyýal bardyr köňül köşgünde,
Näçe ýyl geçse-de juwan joşgunda,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.

Saý-sebäp şaýady boldum meýlisiň,
Yşk bilen diňledim aýdymyň sesin,
Söýgüsin ýatlaýar ýaşuly nesil,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.

Uzaklara bakyp garryja ene,
Ýatlama deňzine gark boldy ýene,
Geçse-de üstünden ençeme sene,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.

Dünýäde bar bolsa bakylyk eger,
Söýgüniň özüdir bakylyk meger,
Ençe söýgüniň şaýady bu goja ýer,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.

Ilmyrat Babaýew
22
62
gunesh_
27.12.2023 15:45
Reňkler hem çyzyklar bilen pikirlenýän şahsyýetler hakda ýazmak, olaryň dünýäsine, dünýägaraýşyna düşünmek — sözler arkaly oýlanýan ýazyjy-şahyrlar hakda ýazanyňdan has kyn.

Mysal üçin, çekilen käbir suratlaryň bizde galdyran täsirini näme bilen düşündirjek?

Aýdaly, Da Winçiniň "Mona Liza" eseriniň nämesi üýtgeşik? Pikassonyň "Genrikasyny" synlanyňda nähili duýgulary başdan geçirýärsiň? Moneniň "Suw liliýalarynyň" syry nämede, näme üçin suwuň ýüzündäki ol güljagazlar oda çalym edýär, näme üçin şol suraty satyn alanlaryň ençemesiniň öýüni ot aldy, ýöne suratyň özüne ýalyn degmedi (hawa, şonuň ýaly geň-taň täsinlik bolup geçen). Wan Gogyň "Ýyldyzly gijesi", Endrýu Waýetiň "Kristinanyň dünýäsi"... ýaly eserlerini, ýa Bäşim Nuralynyň dutarly oglanjygyny... göreniňde bir sellem saklanyp, oýa batanyňy duýman galýarsyň (sungata, hyýalbentlige hem gözellige "açyk" adamlaryň aglabasynda-ha şeýle).

Reňkleriň ýönekeýje sazlaşygynda-da täsin syr ýaşaýan borly, olar kalbymyzda, aňymyzda söz bilen beýan edip bolmaýan sesler bilen seslenýär.


Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly
17
18
gunesh_
26.12.2023 16:30

Kimdir biri özüni juda sada, ýa öte ynanjaň, ýa bolmasa «ýaşyna gelişmeýän şekilde şadyýan» alyp barsa, oňa köplenç: «Çaga ýaly bolmasana!» diýlip igenilýär. «Ulalyp oňalmadyk» diýen aýtgy ýaňlanýar.


Aslynda, ulalyp oňalanlaryňam barysy owal başda çagady, ýöne indi köpüsiniň ýadyna düşenok. Ussat fransuz ýazyjysy Antuan de Sent-Ekzüperi okyjylara, özem ilkinji nobatda çagalara däl, ululara bu hekaýaty ýatladýar. Ýazyjynyň özi ýüreginde çagalara mahsus päkligi, açykgöwünliligi, pespälligi gorap saklamagy başarypdyr, ýogsam beýle ajaýyp eseri döredip bilmezdi.


\\\"Kiçijik şazada\\\" kitabynda her kimiň dünýäde öz jogapkärçiliginiň bardygy, erkiniň öz elindedigi, arzuwyňa tarap ymtylmagyň wajypdygy baradaky pikirler öňe sürülýär. Adamlar ulaldygyça dünýä haýran galyp, oňa guwanyp seretmek ukybyny ýitirýär. Her kimde bar bolan şol ukybyň (zehiniň) ýerini ýata suwa çalymdaş durgunly garaýyşlar eýeleýär. Ynsan özüniň geçmeli menzilini unudyp, jemgyýetiň diňe bir funksiýasyny ýerine ýetirýän jansyz gurala öwrülýär.


Eýsem, şuňa diňe çagalar edebiýaty diýip bolarmy?


Kitaby entegem okamadyklar barmy?

24
157
gunesh_
20.12.2023 21:58

- Možnomydyr oglanlar?

+ Geliň, geçiň ýaşuly.

- Şu ýeri gazetiň redaksiýasymy?

+ Hawa.

- Çort wozmi, hälden bäri gözläp lütüm çykdy.

+ Onda ýadansyňyz agam, oturyň.

- Spasiba, men bir iş bilen geldim.

+ Aýdp oturyň.

- Ponimaýeş, bi soňky döwürde dilimiziň işini gördüler.

+ Näme boldy ýaşuly?

- Näme boldy diýip, siz näme bihabarmy? Prosta gaharm gelýä. Herkim agzyna gelenini aýdyp, dili dürüşde etdiler. Telewizorda peredaça zat göreňizokny?

+ Görýäs.

- Görýän bolsaňyz, neuželi bu zatlaň garşysyna göreşip bolmazaý?

+ Aýýý, juda howsala düşer ýaly zat ýokdurla...

- Bar, imenno bar. Şolar ýaly zatlaň külüni göge sowurýan bir statýajyk iberipdim welin, şony peçat etmediňizle?!

+ Beee, şol makala asyl siziňikimidi?

- Wah, hawala, daa...

+ Diliň arassalygy hakynda gaty janygyp gürleýäňiz welin, ýogsa-da özüňiz ýazyjy, şahyr dagy dälsiňizdä?

- Şkolda mollum.

+ Haýsy dersden okatýaňyz?

- Türkmen dili i edebiýat.

+ Onda düşnükli.

- Näme düşnükli?

+ Biz sizi nädip tapyp bolarka diýip ýördük, mazaly özüňiz geläýdiňiz. Hat hem ýazjak bolduk, adresiňizi bilmedik, görkezmän ekeniňiz. Bagyşlaň welin, asyl bu dili bulaşdyryp ýören özüňiz ekeniňiz-ä...

- Häää... Nämeee? Ýalan! Siz baryp ýatan töhmetçi! Üstüňizden žalybytsa ederin. Görýäňizmi bulary, "sygryň şahyna ursaň endamy syzlar" diýleni, kärdeşlerini ýamanlasaň öz ýakaňdan tutýarlar. Ýo-ýok, ýa wam pakažu... — diýip, ýaňky adam gapyny batly ýapyp, çykyp gidýär.



Täçmämmet Jürdekow

40
100
gunesh_
19.12.2023 18:13

Sözlemek islesem ýürek yzasyn,

Dertli dillerime söz gelermikä?!

Sowmaga il-günüň toýuny ýasyn,

Müň gowgaly başym döz gelermikä?!


Göwün berip göwünlere jaýlaşsam,

Ýanyp-ýazyp özgäň derdin paýlaşsam,

Kalbymyň iň eziz syryny açsam,

Ýürek arzuwlaryma \"göz degermikä?!\"


Sabyr bilen garaşmasak bagt üçin,

Başymyzy çaraşmasak bagt üçin,

Biz özümiz göreşmesek bagt üçin,

Bagta ýetirmeli özgelermikä?!


Ýüwrük ýaryşýarka çamanlar bilen,

Göreş dowam edýär ýamanlar bilen,

Daşymyzy gurşan ýalanlar bilen,

Göwher hakykaty gözlenermikä?!


Paýlyja ömüriň ujundan gäden,

Abraý-şöhratyň bahasy näden?

Gözüm ýumup, öten günüm dünýäden,

Setirlem dillerde sözlenermikä?!


Ilmyrat Babaýew

34
46
gunesh_
31.10.2023 15:37

Köne sözler


Ýitip giden köne sözleri tapyň,

Tapyň Adam ata berlen kelamy.

Geçmişden geljege bolsun paýapyl,

Kesbiňizden taparsyňyz kemaly.


Bir sözde bir many aňladylmalydyr,

Ýeke sözde aýdylypdyr köp many.

Hiç mahal söz bilen aldadylmandyr,

Rast sözlemek her kes üçin hökmany.


Hoş sözden hassalar tapypdyr haýry,

Hoş sözden adamlar aýdym tapypdyr.

Sözde aýdylmandyr adamyň aýby,

Gaýta sözler onuň aýbyn ýapypdyr.


Söz sowupdyr başa gelen belany,

Söz bilen äleme çykypdyr akyl.

Tapyň Adam ata berlen kelamy,

Ýitip giden köne sözleri tapyň.


Atamyrat Atabaýew

32
52
gunesh_
08.08.2023 21:41

Logiki pikirlenmeden ekzamen gidýär. Mugallym:

– 1-nji sorag. Uçup barýan samolýotda 500 sany kerpiç bar. Biri gaçdy. Näçe sany kerpiç galdy?

Talyp:

– Elbetde 499.

– Berekella, 2-nji sorag. Näçe ädimde aty holodilniga salyp bolýar?

– 3 ädimde. Holodilnigi açmaly, aty salmaly, holodilnigi ýapmaly.

– Gaty dogry. 3-nji sorag. Näçe ädimde eşegi holodilnige salyp bolýar?

– 4 ädimde. Holodilnigi açmaly, aty çykarmaly, eşegi salmaly, holodilnigi ýapmaly.

– Dogry. 4-nji sorag. Tokaýyň şasy ýolbars doglan gününi belleýär. Hemme haýwan barýar. Ýöne biri barmaýar. Ol haýsy?

– Eşek barmaýar. Sebäbi ol holodilnikde.

– Dogry. 5-nji sorag. Garry daýza tokaýdaky krokodilli batgalykdan geçip bilermi?

– Hawa, sebäbi hemme haýwan ýolbarsyň doglan gününde.

– Bolýar soňky sorag. Garry daýza boş batgalykdan geçýär. Ýöne barybir ölýär. Näme üçin?

– Eeeeeh. Batandyrda.

– Ine munyň ýalňyş. Geçmediň. Garry daýzaň kellesine häliki kerpiç gaçdy.

40
118
gunesh_
03.08.2023 01:18

Ýene-de bu gije ýeke otyryn

Erkim berip gara gijäň ellerne

Ýöne men özümi ýalňyz duýamok

Hyýal söhbetdeşim dostlaryň ýerne


Onuň bilen gürrüňleriň çägi ýok

Asmana uçýarys, zemine düşýäs

Hamala köneki ülpetler ýaly

Ol maňa, men oňa sözsüz düşnüşýäs


Meniň manysyzja ýeňil sözlerme

Ýüzüm daramady demir daraklap

Garaz şeýdip bir gijäniň içinde

Ömür kitabyny çykdyk "waraklap"


Oturyp özgäniň gepin etmedik

(Aladamyz geljek, şu gün hem geçen)

Özümiz agladyk, özümiz güldük

Gyzyklam eken




Ilmyrat Babaýew

27
51
gunesh_
31.07.2023 15:09
Sen kimleri tanadyň? 🙃

Eger şularyň biriniň ýerinde bolmak isleseňiz kim bolardyňyz?
27
312
gunesh_
16.04.2023 18:18
Bir gün gelip senden gideýin diýdi
Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.
Men özgäni bagtly edeýin diýdi,
Şindi bir ýaman söz diýmedik bagtym.

Jogap berdim, bolýar gitseň, hoş onda,
Ötegçi şemaly saklanok baglar.
Gujagynda güwläp gaýdan derýany,
Goýbermän saklajak bolanok daglar.

Gitdi. Goý, özgäni bagtly etsin,
Ýeri, nätjek, köňül köşgüň bozulsa?!
Özi göwnäp gitse, goý, gitse gitsin,
Egleme bir pursat bagtyňam bolsa!

Atamyrat Atabaýew
33
127