gunesh_
16.04.2023 18:18
Bir gün gelip senden gideýin diýdi
Özümde barlygyn duýmadyk bagtym.
Men özgäni bagtly edeýin diýdi,
Şindi bir ýaman söz diýmedik bagtym.

Jogap berdim, bolýar gitseň, hoş onda,
Ötegçi şemaly saklanok baglar.
Gujagynda güwläp gaýdan derýany,
Goýbermän saklajak bolanok daglar.

Gitdi. Goý, özgäni bagtly etsin,
Ýeri, nätjek, köňül köşgüň bozulsa?!
Özi göwnäp gitse, goý, gitse gitsin,
Egleme bir pursat bagtyňam bolsa!

Atamyrat Atabaýew
33
127
YlhamG
17 Aprel 2023
jeren_seyitniyazowa,. Ha dogry. Ay bolyala tuweleme 😊
gunesh_
17 Aprel 2023
YlhamG, zyýany ýok. Birinji gezek eşiden sözüm däl, familiýa meňzeş bolansoň herkim şeýle pikir edýä:)
YlhamG
17 Aprel 2023
jeren_seyitniyazowa,. Ha dusundim. Ilki progda Jemalyn ozi gorunyadi welin, senem gir suna diyip jigisini salandyr oytdim 😁. Bagyshlarsynyzda:)
gunesh_
17 Aprel 2023
YlhamG, tersine 🙃
YlhamG
17 Aprel 2023
Jemal Seyitnyyazowa doganynmy?🤔
maral
17 Aprel 2023
Her gelen söýmez we hiç bir söýen gitmez
Akgyz💗
16 Aprel 2023
Gowy goşgy 👌👍Gideni saklap bolmaz
lalahan
16 Aprel 2023
Gowy gosgy 👍👍
Cinderella
16 Aprel 2023
Gowy Goşgy Eken👍👍👍
gulnaz nurekowa
16 Aprel 2023
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.