gunesh_
26.12.2023 16:30

Kimdir biri özüni juda sada, ýa öte ynanjaň, ýa bolmasa «ýaşyna gelişmeýän şekilde şadyýan» alyp barsa, oňa köplenç: «Çaga ýaly bolmasana!» diýlip igenilýär. «Ulalyp oňalmadyk» diýen aýtgy ýaňlanýar.


Aslynda, ulalyp oňalanlaryňam barysy owal başda çagady, ýöne indi köpüsiniň ýadyna düşenok. Ussat fransuz ýazyjysy Antuan de Sent-Ekzüperi okyjylara, özem ilkinji nobatda çagalara däl, ululara bu hekaýaty ýatladýar. Ýazyjynyň özi ýüreginde çagalara mahsus päkligi, açykgöwünliligi, pespälligi gorap saklamagy başarypdyr, ýogsam beýle ajaýyp eseri döredip bilmezdi.


\\\"Kiçijik şazada\\\" kitabynda her kimiň dünýäde öz jogapkärçiliginiň bardygy, erkiniň öz elindedigi, arzuwyňa tarap ymtylmagyň wajypdygy baradaky pikirler öňe sürülýär. Adamlar ulaldygyça dünýä haýran galyp, oňa guwanyp seretmek ukybyny ýitirýär. Her kimde bar bolan şol ukybyň (zehiniň) ýerini ýata suwa çalymdaş durgunly garaýyşlar eýeleýär. Ynsan özüniň geçmeli menzilini unudyp, jemgyýetiň diňe bir funksiýasyny ýerine ýetirýän jansyz gurala öwrülýär.


Eýsem, şuňa diňe çagalar edebiýaty diýip bolarmy?


Kitaby entegem okamadyklar barmy?

24
157
bagulya
26 Dekabr 2023
@Myhman Myhman, oowww narmannyja bda kimdigini ayt
Myhman Myhman
26 Dekabr 2023
bagulya men neo 🤷 agan
bagulya
26 Dekabr 2023
Asyl sen kim dogryny ayt@Myhman Myhman,
gunesh_
26 Dekabr 2023
@Myhman Myhman, özüm-ä biznes bilen gyzyklanamok. Adamlar azajyk logiçni pikirlenip bilse şol kitapdaky ýönekeýje zatlary bilmek kyn däl. Adamlar hemme zada ýüzleýje garaýalarda.
Myhman Myhman
26 Dekabr 2023
bagulya, name ucin basdyn aytda
Myhman Myhman
26 Dekabr 2023
hawa men sol 🌝
bagulya
26 Dekabr 2023
@Myhman Myhman, name sen surprise my
Myhman Myhman
26 Dekabr 2023
bagulya, surprise basdyna 🙄 arada boyuna alay
bagulya
26 Dekabr 2023
@Myhman Myhman, hacanai
bagulya
26 Dekabr 2023
Bor how arsyzlar salamam almayan ekeniniz@Myhman Myhman, @tim_,
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.