gunesh_
27.12.2023 19:49
Bir zadyň jogabyn bereliň başda,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.
Juwanlyk söýgüniň lezzeti başga,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.

Biz-ä jahyl,
günde bir gül yşgynda,
Ýüz müň hyýal bardyr köňül köşgünde,
Näçe ýyl geçse-de juwan joşgunda,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.

Saý-sebäp şaýady boldum meýlisiň,
Yşk bilen diňledim aýdymyň sesin,
Söýgüsin ýatlaýar ýaşuly nesil,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.

Uzaklara bakyp garryja ene,
Ýatlama deňzine gark boldy ýene,
Geçse-de üstünden ençeme sene,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.

Dünýäde bar bolsa bakylyk eger,
Söýgüniň özüdir bakylyk meger,
Ençe söýgüniň şaýady bu goja ýer,
Ynsan garrar, söýgi garramaz eken.

Ilmyrat Babaýew
22
62
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.