gunesh_
31.10.2023 15:37

Köne sözler


Ýitip giden köne sözleri tapyň,

Tapyň Adam ata berlen kelamy.

Geçmişden geljege bolsun paýapyl,

Kesbiňizden taparsyňyz kemaly.


Bir sözde bir many aňladylmalydyr,

Ýeke sözde aýdylypdyr köp many.

Hiç mahal söz bilen aldadylmandyr,

Rast sözlemek her kes üçin hökmany.


Hoş sözden hassalar tapypdyr haýry,

Hoş sözden adamlar aýdym tapypdyr.

Sözde aýdylmandyr adamyň aýby,

Gaýta sözler onuň aýbyn ýapypdyr.


Söz sowupdyr başa gelen belany,

Söz bilen äleme çykypdyr akyl.

Tapyň Adam ata berlen kelamy,

Ýitip giden köne sözleri tapyň.


Atamyrat Atabaýew

32
52
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.