gullnara_
24.08.2023 12:33
Yzyna gaýtaryp bolmajak käbir zatlar

    Bir zenan maşgala aeroportda uçar bn alyslardaky öz watanyna gitmek üçin ýolagçylyga taýýarlyk görýärdi. Ýanynda sumkalary bardy. Uçaryn uçmagyna bir sagat ýaly wagt bolansoň, okap güýmenmek üçin gazýet we ýanyndan iýer ýaly bir paket köke aldy. Okamak we dynjyny almak almak üçin VIP salonunda bir oturgyja oturdy. Ýanyndaky oturgyja-da satyn alan kökesini açyk goýupdy. Onuň ýanyndaky oturgyja başga bir adam otyrdy we ol hem bir žurnal açyp, okamaga başlady.
    Zenan maşgala ilkinji kökesini alyp, iýmäge başlady. Adam hem ondan bir köke aldy. Zenan örän gaharlanypdy we içinden:”Wah, özümi oňat duýýan wagtym bolsady, onda muny oňatja ýepbeklärdim!” diýip pikirlendi. Zenan birini alýar, adam hem birini alýardy. Zenan däliraýjek bolýardy, ýňne gohlaşmagam islänokdy. Soňunda ýekeje köke galanda, zenan:”Indi bu edepsiz adam näme ederka?” diýip pikirlenipdi. Ol adam bolsa soňky kökäni alyp, ikä bölüp, ýarsyny zenana uzatdy.
    Bu ýagdaýa has hem gaharlanan zenan ýarty kökäni alman, tüweleý ýaly bolup, gazýedini alyp, uçaryna tarap çalt ädimler bn tasanjyrap gitdi.
    Uçara münen zenan äýnegini almak üçin, el sumkajygyny açdy. Bir seretse satyn alan kökesi açylmanjyk durdy. Örän utanypdy. Kökesini hiç açman, sumkasyna salanyny unudypddy. Ol adam bolsa kökelerini hiç gaharlanman zenan bn paýlaşypdy. Zenan bolsa öz kökelerini iýýär diýip, ol adama örän gaharlanypdy. Indi ötünç soramaga-da mümkinçilik ýokdy.
    Bu ýagdaý netijesinde şuňa ýene bir gezek göz ýetirdi:
    Yzyna gaýtaryp bolmajak dört ýagdaý bar:
    1- Daş zyňylandan soňra;
    2- Söz agyzdan çykandan soňra;
    3- Pursat gaçandan soňra;
    4- Wagt geçenden soňra
    yzyna gaýtaryp bolmajak ýagdaýlar emele gelýär, bu ýagdaýlardan seresap boluň!

Çeşme: "Ylym" programmasy
45
391
gullnara_
23.08.2023 15:47

1.Bir adam itini derýanyň aňyrsyndan çagyrýar. It öl bolmazdan derýadan geçdi, ne köpriniň üstünden ylgady, ne-de gaýygy ulandy, muny nädip etdi?


2. Iki gözüm bar, ýöne hiç zady görüp bilemok. Agzym bar, ýöne gürlämok. Gulaklarym, gollarym we aýaklarym bar, ýöne diňläp, ýöräp ýa-da özbaşdak durup bilemok. Men kim?


3. Bir adam ýerzeminde gulplandy. Ýerzemide diňe iki sany gapy bar. Birinji gapynyň aňyrsynda gün billen işleýän lazer şöhlesi bar. Bu gapydan girseň, derrew ýanarsyň. Ikinji gapynyň aňyrsynda 10 sany  aç krokodil bar. Ol adam ýerzeminden sag-aman çykmagy başardy. Muny nädip etdi?

29
454
gullnara_
23.08.2023 08:16

Gaçmak-gutulmak däl.

Dünýe bäş gün geldik bäri synaga.

Bäş gün nämäni aňladýar?

Kursdaşym jogap beripdi. Jogap mende haýranlyk galdyrdy. A haýran galdyrylan zat bolsa, asla ýatdan çykmaýar. Temirow mugallym şu soragy beripdi. Grupbada hiç kim bilenokdy. Ýanymdada Gurban oturýada, olam telefonuny çykaryp zametkalaryny dörüp başlady we elini galdyryp jogap berdi.

Jogap şeýledi:" 1-nji gün seniň doglan günüň, 2-nji gün ilkinji okuwa baran günüň, 3-nji gün öýlenen ýa-da durmuşa çykan günüň, 4-nji gün ilkinji çaga ýüzüň düşen güni, 5-nji gün bolsa ahyrky günüň".

Dünýe adalatsyz ol bize ýowuz daraýar ýa-da şeýleräk aýdaly:

"Adamy syçan deý oýnap geler ol,

Hile aly bilen aldap geler ol,

Ilki dogrup soň üstüňden güler ol,

Jogap ber oňatmy päliň bu dünýä."

Aslynda weli biz adalatsyz. Biz oňa ýowuz daraýas. Hany bir gezejik pikir edip göreli. Ol saňa ýowuz daramaz ýaly sen onuň üçin näme etdiň? Bir agaç oturtdyňmy. Gaýtam barynap otlap küle öwürýäň. Myrat mugallymym (ägirdimiz), halypam aýdypdy:"Pýotr 1 dowründen bäri Russiýada tokaýlar çapylanda tokaýy 3e bölýändigini. Olaryň bir bölegini çapyp ekýärler. Ikinji bölegini çapanlarynda birinji bölek azajyk ulalýar. 3nji bölegini çapanlarynda, birinji çapan bölegimiz doly ulalyp ikinjini ekýärler. Şeýle yzygiderligi saklap tokaýdan peýdalanýar" diýip. A biz näme edýäs?! Çapýas ýöne ekemizok. Heý bir gül oturdyp onuň ulalanyny synlap gördüňmi? Başgaça bir duýgy bolýar güle seretmegem. Edil çagaň ýalyjak garaýaň oňa. Bir ýaprajygy çykyp başlandan begenip indikä garaşýaň. Çaga diş çykyşyna seredişiň ýaly seretýäň.

Köçeden geçip barýarkaň biriniň nähilidir bir zady köçä zyňanyny görseňiz "zyňma ony galdyrýan hem özüň ýaly adam" diýenini eşidip ýa-da özüňiz şol sözi aýdyp gördüňizmi?! Edipdirsemde jogaby hem taýýar bolsa nätjek. "Zyňyndy bedrelerden goýmaly ekenidä, men näme şuny öýe alyp gideýinmi" diýse näderis. Onuň zyňjak zadyny alarys nirede zyňyndy bedre duşýança ýanymyzda götereris. Iller keseden "musury nämä göterip ýörä" diýip geplär, ýaňkyja musury zyňjak adam hem "eliňdäkini zyňsana görünmeýän ýere" diýer. Senem

" saňa azary ýetýärmi" diýersiň, olam näme utanan bolar. Emma musury zyňanyndan däl, sen bilen ýöremekden utanan bolup çykar. Çynym başymdan geçdi. Maňa hem ilki "zyňma şony galdyrýan hem özüň ýaly adam" diýipdiler. Sagbolsun.

Bariş Özçan "yedinci kita" atly wideosyny görseňiz. Zyňyndylaryň nähili köpelýändigine göz ýetirersiňiz. Gadymlar şular ýaly zatlar azdy. Adamlaň beýnisi ösýär diýip dünýäni zyňynda öwürmegimiz dogrumy? Öňlerä plastik gaplara asyl bolmadyk. Häzir bolsa doly. Girdeýji diýip ... aý bolýada okyjym düşünendirle. Türkleriň kinolarynda gözüme ilýän zatlaryň biri hem köçede smit , poça satýanlar olary kagyza dolap berişi mende ol ýeriň, ol adamlaryň nähili pikir edýändiklerini bilmeklige gyzyklanma döredýär.

Ýene agzymyzy dolduryp "arassaçylygy saklamaly" diýýäs. Eline alan süpürgüjini (mokry salfetka) zibil bedrä atmany bilenoklar adamlar. Çeýneýän sakgyçlaryny partanyň aşagyna ýemläp goýberýäler. Bir zat sorasaň hem ýene günäkäri "DÜNÝE" diýer. Özüni hiç günäkärlemez.

"Mucize doktor" atly serýal görüp başladym. Reklamlary gowy suwdan peýdalanmak barada, durmuş baradada aýtýanlaryny halaýan, ol aýtýanlaryny diňläp netije çykaryp bolýar. Ali Wefanyň "böýle böýle"lerine gülüp oturybermeli. Öwrenmänede zat ýeterli. Belki görersiňiz diýip ýazdym.

Garaz, biz hiç zady alada edemizok. Dünýäni alada edemizok, aňyra günäsiz gitmegi alada edemizok, ol ýerde iden işimize nädip jogap bermelidigimizi asyl pikirem edemizok, birine kömegimiz gerekdir diýip hal ýagdaý soramyzok, iň bärkisi şu agaç ýa-da gül suwsuzdyr şuňa suw bereýin pikiri beýnimizde döränok. Her kim ýaşabildigiçe ýaşajak bu jahanda. Ölümden gaçyp bildigiçe gaçjak, emma dünýe laberint ýaly bir zat niresinden çyksaň hem gitmeli ýeriň öňünden belli we mundan hiç hili gaçyp gutulma ýok. Ýagny:

Gaçmak-bu gutulmak däldir.

Dünýäde-de köp zat bolup dur, näme üçin şol zatlarda biziň özümiziň hem günämiz ýok diýip düşünýäs, menä düşünemok.

30
321
gullnara_
22.08.2023 15:18
Tilki, pyşdyl we syçan Koreýa işe gitmekçi bolýarlar. Işe iberýän edara olara şeýle düşündirýär:
-Işleýän döwrüňizde, aňsat bolmagy üçin size koreý atlaryna meňzeş at dakmaly boljak. Mysal üçin Tilki seniň adyň Tik bolýar. Razymy?
-Elbetde.
-Seniň adyň bolsa Pyşdyl däl-de Pik bolar.
-Razy.
-Syçan seniň adyň bolsa...
-Aý, meniň-ä Koreýa gidesim gelenok.
***
Ýarygije aýaly adamsyny oýarýar. Adamsy:
- Näme boldy?
Aýaly:
-Hiç zadam bolanok. Emma şu aýlygyň bilen, arkaýyn hor çekip  uklaýanyňa akyl ýetirip bilemok.
***
Balykçynyň çeňňegi silkelenýär. Ol çeňňegi çalt çekip alýar. Görse zat düşmändir. Balykçy haýran galyp:
-Bu name boldugyka, çeňňegi balyk çekmedimikä?
Çeňňegiň ujundaky gurçuk:
-Ony men çekdim.
-Näme üçin, samsyk?
-Özüň samsyk! Ol ýerde meni tasdan iýipdiler!
***
Işde gowy netijeler gazanandygy üçin ferma müdirini doňuzlar bilen surata alypdyrlar. Suratyň aşagyndaky ýazgy üçin redaksiýada jedel döräpdir.
-Belkem, ferma müdiri doňuzlaryň arasynda diýeris.
-Ýok ol bolanok.
-Onda doňuzlar ferma müdiriniň daşynda diýip ýazarys.
-O-da bolanok
Ahyrsoňy şeýle karara gelipdirler:
"Çepden üçünji - ferma müdiri Ýeserow"
42
397
gullnara_
22.08.2023 08:39

Hekaýa.

Aşgabadyñ gözel seýilgähleriniñ biri bolan Ylham seýilgähinde Mahym bilen Aýhan öz çagajyklary Sähra-Seýran bilen gezelenç edýärdiler.


Sährajyk bilen Seýranjyk eje-kakalarynyñ elerinden tutup, jedirjäpjik çagalar bagynda öwrenen goşgularyny aýdyp berýärdiler. Bulara göz-gidijilik bilen seredip geçýänem, ýüzüne sylýanam az däldi. Aýhan çagalaryna buz gaýmak almaga gitdi, Mahym weli çagalary bilen otyrgyçlaryñ birine ýerleşdiler. Aýhan buzgaýmak alyp, yzyna gaýtmak üçin öwürilende, şeýleräk waka şaýat boldy: "Talyp gyzy bir ýigit tötänden kakyp geçipdi. Gyz gaharly:

-Aý oglan, gözüñ körmi?

- Bagyşlañ, gözel gyz. Howlugyp barýardym.-diýip, oglan ötünç sorady." Aýhany bu waka öz talyplyk ýyllaryna alyp gitdi...Aýhan mekdebi tamamlap, daşary ýurda Minsk şäherine okuwa gaýdypdy. Ol okuwynyñ daşyndan futbol bilen gyzyklanýardy. Boş wagtlary umumy ýaşaýyş (obşagañ) jaýynyñ ýanyndaky meýdançada oglanlar bilen futbol oýnardy. Günlerde bir gün, futbol oýnap ýörkä, depen topy uzaga gidýär. Olam baryp, meýdançañ gapdalyndan geçip barýan gyzyñ kellesine degýär. Gyz batly gelen topuñ güýjüne ýykylýar. Aýhan ötünç soramak üçin, ýanyna baranda gyz rusçalap:

-Gözüñ körmi? (Ты че ослеп, что ли?)- diýip, ýerinden turjak boldy. Aýhan gyza eline uzadyp durşuna, jogap berdi:

-Bagyşlañ!( Извините!)- diýip jogap berdi. Gyzyñ gahary geleni bildirip durdy. Ol oglana belarusdyr öýden bolmaly, düşünmez öýdüp, türkmençeläp:

-Hawala, bagyşlañ. Başga diýmäne zat tapan dälsiñ, haýran. Oýnañyzda ünsliräk oýnasañyz bolýan däldir, gözli kör diýsänim.- diýip, ýene-de bir zatlar hümürdäp, üst-başyny kakmaga başlady. Aýhan gyzyñ bolşuna çalaja gülkisi tutdy, soñam türkmençe:

-Bagyşlañ, gözel gyz! Görmändirin. - Soñam gyzyñ biraz hem bolsa, göwnüni ýumşatmak üçin:

-Eger siz ýaly gözel gyzyñ bu ýoldan geçjegini bilen bolsam, asyl şu tarapa topy urmazdym- diýdi. Gyz oglanyñ türkmendigini bilensoñ, biraz utandy. Onda-da syr bildirmän, ýigidiñ gözlerine bakyp:

- Suwjaryp, özüñi görkezjek bolmasana. Öñküden beter özüñi kiçeltme öñümde. Soñam sowul ýolumdan- diýip, gaharly ýoluny dowam etdi. Ýigidi weli, gyzyñ gaharlyja gözleri özüne bendi edipdi. Oýny nähili oýnanym, nähili gutaranyny bilenokdy. Añyny, kalbyny şo gaharlyja gara gözler alypdy. Gyzyñam ýüreginde täsin, ýakymlyja duýgy peýda bolupdy. Futbol oýnalýan meýdançany görse, şol waka ýadyna düşüp ýylgyrardy. Aýhan gyzy gözläp başlady. Internet hemme kişiñ dadyna ýetişýän hem bolsa, ol bu gezek Aýhana kömek edip bilmedi. Ýigit gyzy köp gözledi, şol gyzyñ geçip giden ýoluny köp garawulady, tanyş-bilişden sorady- netije bolmady. Ýigit gyz hakda hiç hili maglumat ýokdy, iñ bärkisi gyzyñ adynam bilenokdy. Ýöne, biziñ ýigidimiz boýun bolmak islemedi. Ýigidiñ yhlasy ýerine düşdi, täze ýylda esasy arçanyñ ýanynda gyza duşdy. Aýhan indi gyzy sypdyrmajagyny bilýärdi. Ýanyna baryp:

-Salam, gözel gyz.

- Salam- diýip, gyz ýigidi bir ýerde gören ýaly, ýadyna saljak boldy.

-Siz meni tanadyñyzmy? Birhilem weli, sizi top bilen uran...

- Hawa, ýadymda. Hä, ýene top bilen uraýsam diýýäñmi?. Gyzyñ bu beren jogaby biraz ýigidiñ sustuny bassa-da, ýigit syr bildirmän:

- Dogry bildiñiz. Sizi belläp goýaýsam diýýän.

- Döwrüñ üýtgäni bildirýär. Öñler gyzy telpek bilen urup belleseler, indi top bilen urup belleýärlermi? Gyzyñ bu jogabyna ikisem gülüşdiler. Aýhan pursady elden bermän:

-Ýogsa-da tanyşmadyk. Gözel gyz adyñyz näme?

-Leýli.

- Siz Leýlimi? Siz Leýli bolsañyz, men... Gyz ýigidiñ sözüni bölüp:

-Mejnunmy?- diýip sorady.

Aýhan birhiliräk bolup:

-Hä bolmazmy? Meñzämokmy?

- Ýokla, beý diýjek bolmadym. Göwnüñize almañ. Ýöne,Mejnuna Leýli nesip eden däldir- diýip, gyz syrly ýylgyrdy. Iki ýürek bir bolanda, dünýä gözüñe başgaça üýtgeşik görünýär, wagtam çalt geçýär. Aýhan Leýliden bir kurs ýokarda okaýardy, bu ýyl okuwyny üstünlikli tamamlady. Her gezek Türkmenistana bile gidip- gelýän bolsalar, bu sapar Leýliniñ ýeke özi gaýtmaly boldy. Aýhan gullugyny dynyp, Leýlä öýlenmekçidi. Bu hakda Leýli hem habarlydy. Olam okuwyny sag- amanja dynyp, öz söýen ýary bilen durmuş gurmanyñ arzuwyndady.

Gyz okuwa gaýtdy, ýigit gulluga ugrady. Bu aşyklary ykbal aýra saldy. Indi öñkiler ýaly, günde habarlaşma, görüşme ýokdy. Aýhanyñ gulluk edýän ýerinde, tertip-düzgüne berk üns berlensoñ, ýigit internete köp girip bilmeýärdi. Ol aýda ýa-da iki aýdan bir gezek ýazmaga mümkinçiligi bardy. Leýli Aýhana ynanýardy, oña düşünýärdi. Ýöne, adam pahyr çig süýt emen-dä. Gyzyñ soña-baka kellesine her hili bolgusyz pikirler gelip başlady. Näçe kowsa-da, üns bermejek bolsa-da, ýene-de aýlanyp gelýärdi. Göwnüne her hili zatlary getirip başlady: "Meni unutdymyka? Ýa başga gyza göwnüni berdimikä". Täze ýyldan soñ, diplom işi, gutardyş hemem synaglar sebäpli, Leýli internete girmesini goýdy. Aýhanyñ ýazan hatlary jogapsyz galdy. Aýhan hatyna jogap berilmänsoñ alada edip başlady. Öz-özüni:" Okuwyny şu ýyl tamamlaýar, eli degýän däldirle" diýip köşeşdirýärdi. Soñam hat ýazmasyny kesdi. Esasy ünsüni gullugyna, futbola berdi. Ýañy bir gülläp başlan söýgi, birden gurady. Aýhan gullugyny tamamlap, öz ugry boýunça işe ýerleşdi. Işiniñ daşyndan kiçiräk futbol toparyna tälimçi boldy. Leýli hem, okuwyny gutaryp sag-amanja öz ýurduna dolandy. Işe ýerleşdi. Aýhanyñ ejesi oglunyñ bagtyny görmek isleýärdi, şol sebäpli toý hakda köp ýatladardy. Soñam tanyş gelinleriñ biriniñ salgysy bilen Mahym atly gyza guda boldy. Aýhanyñ ýüregi diñe "Leýli" diýip urýardy. Ol gullukdan gelip, Leýlini köp gözläpdi. Eline, öýüne jañ etse-de netije bolmady. Ahyry ejesiniñ diýen gyzyna razy boldy. Duşuşyk ýerine gelende, gyzy görüp doñup galdy. Öñünde sülmüräpjik Leýli durdy. Ol baryp günäli halda, ýagdaýy düşündirmäge durdy:

-Leýli, bagyşla... Men gözledim... Seni... Mahym çykdy... Neme, ejem... Seni söýýän...

Leýli ýigidiñ bolup durşuna çyny bilen güldi, gülkiñ arasynda hem: "Men aýtdyma saña, Leýli Mejnuna nesip edýän däldir diýip" diýdi. Aýhanyñ gahary geldi, ola alada galyp, derdini aýtjak bolýar, a bu weli gülüp dur. Soñ gyz ýagdaýy düşündirdi:

- Meniñ dokumentalny adym Mahym. Men dünýä inenime iki aý bolanda, enem aradan çykdy. Soñam garyndaşlarymyz öz ady bilen geldi diýip, enemiñ adyny Leýli diýip dakdylar. Şondan bäri adym Leýli, Mahym diýseñ tanamazlar. Meni gözläpsiñ, bilýän. Biz başga öýe göçmeli bolduk. Şol sebäpli hem, öý telefonymyz üýtgedi, el telefon nomerimi men garyndaş jigim aldy. Meni saña jañ etjekdim, ýöne sen meni unudansyñ öýtdüm. Ejeñi gudaçylyga gelende, sendigiñi tanadym, razylyk berdim- diýip aýtdy. Ýigit bilen gyz bir-birilerine mylaýym bakyp ýylgyrdylar. Uludan toý tutdylar, olaryñ şatlygyna şatlyk goşup ekizjeler Sähra-Seýran dünýä geldi...

Aýhan bolan wakalary bir demde ýatlap, öz maşgalasynyñ ýanyna bardy.

34
179
gullnara_
21.08.2023 18:33
Myrat gelni bilen gaty gödek gürleşýärdi, asla sylamaýardy. Gelnine şarpyk çalmany hiç zatça görmeýärdi. Ony günäkar hasaplaýardy.
Hiç bir işe ýok diýmeýän, ýuwaş gelniň welin, asla günäsi ýokdy. Myrat hemme gyzlary günäkar hasaplaýardy. Muňa obaň iň owadan gyzy Jennet sebäp bolupdy. Jennet gyzlaryň içinde iň asyllysy, owadanydy. Her kim söz aýtýardy, ýöne gyzyň göwni Myrada gidipdi. Olar hak aşykdylar. Jennet bilen Myradyň söýgileri hakynda bilýän kändi. Her kim olara gözi gidijilik bilen seretýärdiler. “Bize-de şeýle söýgi nesip etsin” diýýärdiler. Ýöne, bu söýgi uzaga çekmedi. Myrat gulluga gitmeli boldy, ol gelip toý etmekçidi. Jennet hem garaşjagyna söz beripdi. Emma, Myrat gulluga gitdi diýlip, üç gün geçenden soňra, Jennediň her tüýsli häsiýetleri ýüze çykyp ugrady. Obadan şähere gidip, gijä çenli galmany çykardy. Ony her gije bir maşyn äkelýärdi. Ene-atasy masgara bolmajak bolup, oba oglanlarynyň birine durmuşa çykardylar. Emma, gyz toý gününden bir hepde soňra, şäherli bir oglana gaçyp gitdi. Bu habarlaram elbetde, Myradyň gulagyna ýetdi. Gahardan ýaňa, näme edip näme goýanyny bilmedi. Gulluk hiç mahal gutarmajak ýaly boldy. Iki ýyl, müň asyra döndi. Gullukdan gelip, habarlaryň dogrudygyna göz ýetirenenden soňra, göwnüni sowmak üçin daşary ýurda okuwa gitdi. Indi Myrat gyzlara ynanman başlady. Hemme gyz birdir diýip pikir edip başlady. Onuň bu ýanyp duran oduna, közi dosty hem atdy. Oňam söýgilisi biwepalyk edip, başga durmuşa çykypdy. Myrat üçin mundan soň-a, gyzlar biwepa, hemmesem bir, barsyna pul-owadanlyk gerek diýip pikir edip başlady. Gyzlaň göwnüne degmäni hiç zatça görmeýärdi. Öýlenmek asla islemeýärdi, emma okuwyny gutaryp gelenden soň, ejesiniň ýalbar-ýakarmasyna çydaman, razylaşmaly boldy. Ol goňşy obadan, ýuwaşja, mylaýym Bahar gyzy gelin edip aldy. Emma, gelnine bir gezegem gülüp bakmazdy, mylaýym-hoş söz aýtmazdy, näzini çekmek hakyn asla gürrüňem bolmazdy, sylanşyk hijem bolmandy, bir zat diýäýse boldy, apu-tupan turýardy. Gelin ýöne, gaty işeňňir, eli çeperdi. Obaň ähli adamsy Bahar gelni gaty sylardy, söýerdiler. Çagalara hemişe köke-süýji, ýaňyja tamdyrdan çykan köke çöreklerini paýlardy. Şoň üçinem çagalaram, Bahar gelnejäni gaty halardylar. Gelninden gaýynlary hem göwni suw içýärdi. Gaýyn atasy düşekde ýatyr diýmezdi, bir diýenini iki gaýtalatmazdy. Süýji keseli bolansoň, oňa hemişe aýratyn nahar-suw bererdi. Gaýyn enesiniň eline bir işem ýetirmezdi. Baldyzy dagy, ony öz jorasy, dogany ýaly görýärdi. Hemişe maslahatlar bererdi. Ýöne, bu zatlaryň hiç birinem Myrat görmezdi. Hemişe gaharly, hemişe gödek hereketleri bilen Bahary agladardy. Gelniň adamsyndan hiç zat haýyşam edip bilmezdi, bir zat diýse “Men heleýguly däl!” diýip, gödeksi jogap bererdi. Bahar gelinem soňa-baka adamsyndan gorkup başlady. Ýanyna barmaga çekindi. Gije barmaly bolandy, indi bahanalar tapyp başlady : “Şu gün jigiň ýanynda ýataýyn, haýyş etdi” ýa “Gap-gaçlary we kirleri ýuwmaly” we ş.m bahalary tapyp, adamsynyň ýanyna barmajak bolýardy. Myrat diňe “hm” diýip jogap bererdi. Belki, Myradyň şeýle sowuk-sala garaýyny üçindir, ýa başga sebäpmi Bahar gelin köpelip gidiberenokdy. Muňa adamsy “Bolmanam, senden önen çaga gerek däl” diýerdi. Hiç kime gulak asmazdy. Kakasy we ejesini diňlemek ýokdy. Şeýle ýagdaý üç ýyla golaý dowam etdi. Baldyzy durmuşa çykansoň, Baharyň ene-atasy gyzyny almaga geldiler. Gaýynlary goýbermek islemediler, Bahar gelnem gidesi gelenokdy, ýöne indi bu sylaşaksyzlyga çydap bilenokdy. Onuň göwnüni alyp bilmändi. Aýrylyşmaly diýlende, Myrat hamala diýersiň bagt guşy gonan ýaly, gaty şadyýan boldy. Muňa Bahar hasam gynandy. Emma, sesini çykarmady. Ata öýüne gitdi. Baranyna iki hepde bolandan soňra hem, şol toýda gören şäherli Sähede gaýtadan durmuşa çykdy. Sähet Baharlaryň goňşylary toý edende, daşgynrak garyndaşlary bolup gelipdi. Ýigit şonda gyzy görüp aşyk bolupdy, Baharyňam ýigide göwni gidipdi. Toýdan öň we soň diňe syrly bakyşdylar. Şondan ýigit köp wagt geçirmän, ejesini gudaçylyga iberdi.
Emma, Baharyň ene-atasy daş ýere gyz bermek islemeýändiklerini aýtdylar, we goňşy obadan Myrat bilen guda boldylar.
Bahar gaty ýuwaşdy, ene-atasynyň ýüzünden geçip bilmändi. Sähedem öýlenipdi, emma alan gelni bilen oňuşmady, çaga bolanok bahasy bilen gelni atasy öýüne gitdi. Sähet Bahar hakynda eşidip gaty gynandy, emma gelenini eşidip welin gaty begendi. Ejesini ugratdy, bu gezek olaryň sözleri derrew alyndy. Sähet Bahary gaty gowy görýärdi, sylaýardy. Söýgi bilen gurlan maşgalada hem, köp wagtdan geçmän altyn aşyk peýda boldy...
Myrat hakynda aýtsak welin, gelinsiz ýaşap bolanokmy diýen bolup ulumsy gürlän bolardy. Emma, soňa-baka eli-aýagyna bulaşyp başlady. Öň hemişe irden eşikleri taýyn, ertirlik taýyn bolup durýan bolsa, indi ýok. Ejesi görgüli ol işlere indi ýetişip bilenokdy. Naharynam birhili tagamy ýok ýalydy. Öýüň içi birhili iç gysdyryjy bolup başlady. Öňler gapyň öňünde oýnaýan çagalar indi ýokdy. Öňler bu gapa günde-günaşa gelýän myhmanlar, indi ýokdy. Myradyň hamala ýüreginden bir zat gopana döndi. Dostyna bu hakynda aýdanynda, dosty:
-Aý, dostjan, sen ol gyzyň gadryny bilmediň. Eliňden giderdiň. Birine gelen gaharyňy başgasyndan çykardyň. Dost, hemme barmagyň deň bolmaýşy ýaly, hemme gyzlaram deň däl ahyry...
Myrat Bahary idäp başlady, oň durmuşa çykyp, çaga-çuga garyşyp gidenini eşidip, ýüregine tarap elini tutdy. Bu agyry Jennediň agyrysyndanam has agyryly bolupdy....
39
187
gullnara_
21.08.2023 15:28

Durmuşam  Hindi aýdymy ýaly🎼 - diñleýän köp 🎧dűşűnýän ýok.....😔

26
81
gullnara_
20.08.2023 12:08
"Külpetli" köwüş

Çagalar bagynda ýaşajyk terbiýeçi oglanjyga köwşüni geydirýärdi. Yöne, köwüş orta yolda ne eýläk, ne beyläk bolup, geýilmän galaýdy.

Ahyry terbiýeçi dyzap-dyzap oglanjyga köwşüniň ikinji taýynam geýdirende, onuň alyn deri burçak-burçak akýardy. Emma, haçan-da körpeje:

-Olary ters geydirdiň!-diýende ol hamsygyp aglarly göründi.

Terbiýeçi seretse, dogrudanam köwşüň sag taýy çepine, çep taýam sagyna geydirilipdir. Uludan demini alan terbiyeçi yene-de şahsy güzabyny amal etmäge girişipdir. Köwüşleri çykarmak bolsa geýdirenden ansat bolmandyr. Haçan-da terbiýeçi gyz oglanjygyň köwşüni düzüw geydirip bolanda, dergazaba münmän zordanjyk özüne erk edýän hala ýetipdir. Ine, şu pille-de, hälden bäri dymyp duran bezzat yglan edipdir:

-Bular meniň köwşüm däl!

Biygtyýar jabjynyp goýbermän zordanjyk dilini dişlän ýaşajyk terbiýeçi umytsyz sojapdyr-da, ölümiň öyünde geýdiren şu nejis köwüşlerini sypyrmaga başlapdyr. Haçan-da ol dyzap-dyzap oglanjygyň aýagyndan köwşüni çykaryp bolandan soňra, körpe hüňürdäpdir:

-Bu köwüş meniň agamyňky. Ejem olary geýmäge meni mejbur etdi...

Terbiýeçi gyz indi aglajagynam bilmändir, güljeginem. Ol soňkuja sabyr- kanagatyny bir yere jemläp, ýene-de köwşüni oglanjyga geydiripdir-de, maňlaý derini sylyp, sorapdyr:

-Bolýa. Indi, hany seň ellijekleň?

-Köwşüme dykdym...-diýip, oglanjyk göwnübir jogap beripdir...
46
289
gullnara_
20.08.2023 07:53
ABŞ-da ýaşaýan tiktoker hanym Demi Skipper, özüniň TikTok-daky "Trade Me Project" atly web-taslamasynyň kömegi bilen, bir ýarym ýylda adaty saç gysdyrgyjyny ýaşaýyş jaýyna çalyşmagy başarypdyr.

2020-nji ýylyň maýynda San-Fransiskoda ýaşaýan 30 ýaşly hanym, özüniň blogynda saç gysdyrgyjynyň bardygyny, şonam haýsy-da bolsa bir oňa görä gymmadrak bir zada çalyşmak isleýändigini ýazypdyr.

Bloger hanyma gysdyrgyja derek arzanjak ysyrgajyklary hödürläpdirler. Soň ol gulakhalkasyny "Margarita" dürüşdesi (helemek, kokteyl) üçin niyetlenen dört sany bulgura (haýbol) çalşypdyr.

Soň, ugurtapyjy bloger hanym, bulgurlary tozan soruja çalşypdyr.

Netijede ep-esli wagta çeken alyş-çalys marafonynyň dowa-mynda Demi Skipper birnäçe yasama zenan bezeg say-sepleriniň (bižuteriýa), ayfonyň, üç sany traktoryň we köp sanly beýleki goş-golamlaryň "menden saňa barýança" wagtlaýyn eyesi bolmagy başarypdyr.

In sonunda, ýakyn günlerde bolsa bloger hanym özüniň ilkibaşda maksat edinişi ýaly özbaşdak hususy jaýyň eyesi bolmagyň hötdesinden gelipdir.

Hanym Demi Skipperiň hemme alyş-çalys amallary diýen ýaly internetde amala aşyrylypdyr. Öz taslamasyny durmuşa geçirmek üçin bloger hanym Facebook Marketplace we eBay onlayn-platformalaryndan peýdalanyp-dyr. Taslamasynyň daşynyň şüweleňini artdyrmak üçin TikTok we Instagram inet-resurslaryndan işjeň peýdalanypdyr.

Demi Skipperiň alyş-çalys "aldym-gaç"- lygynyň gyzykly tapgyrlary hakda aýdylanda:

Tozan sorujy - snouborda;
Snoubord - gulaklyga (nauşnik);
Gulaklyk - noutbuka;
Noutbuk - fotoapparata;
Fotoapparat
"Nike" firmasynyň krossowkasy-na;
Krossowka - Aýfona;
Aýfon 2008-nji ýylda öndürilen "Dodge Caravan" kysymly awtoulaga çalşylypdyr. Bu awtoulagy bloger hanyma Minnesota  ştatyndan getirip beripdirler. Bu ýagdaý bolsa bloger hanymyň taslamasyna gyzyklanmany onuň alyş-çalys estafetasynyň meşhurlygyny artdyrypdyr. Minnesota ştaty bilen San-Fransisko şäheriniň arasynda 3 055 kilometrlik yol bar. we Hanym Skipper "Dodge Caravan" ulagyny.
"Mini Cooper" ulagyna çalşypdyr. Sonra bu ulagy bolsa gymmatbaha hünjä çalşypdyr. Yöne bu gezekki alyş-çalys amalynda bloger hanym utulypdyr. Sebäbi hünjiň satyjysy ony 20 müň amerikan dollary diýip bahalanam bolsa, hanym Skipper ony zergäre bahaladanda hünjiň bahasynyň 2 müň amerikan dollarydygy anyklanypdyr.

Emma barybir ruhdan düşmedik erjel hanym, bu alyş-çalyşdan son iki hepde geçip-geçmänkä hünjüsini bahasy 1800 amerikan dollary bolan welotrenažere çalşypdyr.

Welotrenažer gaty bahym "Ford Mustang" kysymly awtoulagyna çalşylypdyr.

Eýýäm 2020-nji ýylyň dekabrynda bloger hanym ol ulagyny tokaýdaky kiçeňräk külbä çalşypdyr.

Sonra bu külbe "Honda CRV" kysymly awtoulaga çalşylypdyr.

Bu ulag bolsa üç sany traktora çalşylypdyr. Traktorlary keýpihon hanym, "Chipotle" atly meksikan kafesinde bir ýyllyk mugt günortanlyk nahar iýmäge hukuk berýän yazmaja (kartoçka) çalşypdyr.

Bu yazmaç bolsa ýaşamak üçin ýörite taýýarlanan awtoulag tirkegine (treylere) çalşylypdyr. Ol treýleriň 40 müň amerikan dollary bahasy bar ekeni.
Ahyrynda-da, bu tirkeg Tennessi ştatynyň Neşwill şäherçesindäki ýaşaýyş jaýyna çalşylypdyr.
Hanym Demi Skipper häzirki wagtda täze ýylyň ýanwar aýynda adamsy bilen şol jaya göçüp barmagy we onda abatlaýyş işlerini geçirmegi maksat edinýär. "The Guardian" neşiriniň habar bermegine görä, bu jaýy degişli hünärmenlere bahaladanlarynda, oňa 80 müň amerikan dollary baha kesipdirler.

Postskriptum deregine terjimeçiden kelam agyz söz:

Aperin, saňa, bloger hanym! Her yerde, hiç zatdan ýa-da sähelçe zatdan hemme zat yasap bilýän, "atlyny agdaryp düýelini düňder-megi başarýan", atarman- çaparman, rysgally-döwletli, bet gelinler bar- OW...

Çeşmesi:
https://news.mail.ru/society/
27
202
gullnara_
19.08.2023 11:10

Men onuň bilen mydama bile bolmak isleýärin, 👫 ol maňa 🌹 berer we ýene-de köp-köp 🍬🍰🍦🍭)) Soň bolsa men onuň bilen söýgüli bolaryn 💑, we  ol maňa  guda iberer, 💃💃💃soň bolsa ol  maňa  👰💍 berer we biz bagtly bolarys...👪❤👍 😄

26
173