gullnara_
20.08.2023 12:08
"Külpetli" köwüş

Çagalar bagynda ýaşajyk terbiýeçi oglanjyga köwşüni geydirýärdi. Yöne, köwüş orta yolda ne eýläk, ne beyläk bolup, geýilmän galaýdy.

Ahyry terbiýeçi dyzap-dyzap oglanjyga köwşüniň ikinji taýynam geýdirende, onuň alyn deri burçak-burçak akýardy. Emma, haçan-da körpeje:

-Olary ters geydirdiň!-diýende ol hamsygyp aglarly göründi.

Terbiýeçi seretse, dogrudanam köwşüň sag taýy çepine, çep taýam sagyna geydirilipdir. Uludan demini alan terbiyeçi yene-de şahsy güzabyny amal etmäge girişipdir. Köwüşleri çykarmak bolsa geýdirenden ansat bolmandyr. Haçan-da terbiýeçi gyz oglanjygyň köwşüni düzüw geydirip bolanda, dergazaba münmän zordanjyk özüne erk edýän hala ýetipdir. Ine, şu pille-de, hälden bäri dymyp duran bezzat yglan edipdir:

-Bular meniň köwşüm däl!

Biygtyýar jabjynyp goýbermän zordanjyk dilini dişlän ýaşajyk terbiýeçi umytsyz sojapdyr-da, ölümiň öyünde geýdiren şu nejis köwüşlerini sypyrmaga başlapdyr. Haçan-da ol dyzap-dyzap oglanjygyň aýagyndan köwşüni çykaryp bolandan soňra, körpe hüňürdäpdir:

-Bu köwüş meniň agamyňky. Ejem olary geýmäge meni mejbur etdi...

Terbiýeçi gyz indi aglajagynam bilmändir, güljeginem. Ol soňkuja sabyr- kanagatyny bir yere jemläp, ýene-de köwşüni oglanjyga geydiripdir-de, maňlaý derini sylyp, sorapdyr:

-Bolýa. Indi, hany seň ellijekleň?

-Köwşüme dykdym...-diýip, oglanjyk göwnübir jogap beripdir...
46
289
işan
21 Awgust 2023
👉😂😂😂😂😂😂👈
aynurka
20 Awgust 2023
😅😂🤣👍❤️
sweety
20 Awgust 2023
🤣🤣🤣hey chaga chaga , patyshahada diyenini etdiryamishin, terbiyechi namejik
kemalagamyradow
20 Awgust 2023
😂😂😂😂😂
myrataly_
20 Awgust 2023
Shondan sonam kowushleri koca zynypdyr terbiyeci😁
gurbanowa
20 Awgust 2023
👍🏻
danli
20 Awgust 2023
Solar yaly caga bn dine sabr gerek
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.