gullnara_
21.08.2023 18:33
Myrat gelni bilen gaty gödek gürleşýärdi, asla sylamaýardy. Gelnine şarpyk çalmany hiç zatça görmeýärdi. Ony günäkar hasaplaýardy.
Hiç bir işe ýok diýmeýän, ýuwaş gelniň welin, asla günäsi ýokdy. Myrat hemme gyzlary günäkar hasaplaýardy. Muňa obaň iň owadan gyzy Jennet sebäp bolupdy. Jennet gyzlaryň içinde iň asyllysy, owadanydy. Her kim söz aýtýardy, ýöne gyzyň göwni Myrada gidipdi. Olar hak aşykdylar. Jennet bilen Myradyň söýgileri hakynda bilýän kändi. Her kim olara gözi gidijilik bilen seretýärdiler. “Bize-de şeýle söýgi nesip etsin” diýýärdiler. Ýöne, bu söýgi uzaga çekmedi. Myrat gulluga gitmeli boldy, ol gelip toý etmekçidi. Jennet hem garaşjagyna söz beripdi. Emma, Myrat gulluga gitdi diýlip, üç gün geçenden soňra, Jennediň her tüýsli häsiýetleri ýüze çykyp ugrady. Obadan şähere gidip, gijä çenli galmany çykardy. Ony her gije bir maşyn äkelýärdi. Ene-atasy masgara bolmajak bolup, oba oglanlarynyň birine durmuşa çykardylar. Emma, gyz toý gününden bir hepde soňra, şäherli bir oglana gaçyp gitdi. Bu habarlaram elbetde, Myradyň gulagyna ýetdi. Gahardan ýaňa, näme edip näme goýanyny bilmedi. Gulluk hiç mahal gutarmajak ýaly boldy. Iki ýyl, müň asyra döndi. Gullukdan gelip, habarlaryň dogrudygyna göz ýetirenenden soňra, göwnüni sowmak üçin daşary ýurda okuwa gitdi. Indi Myrat gyzlara ynanman başlady. Hemme gyz birdir diýip pikir edip başlady. Onuň bu ýanyp duran oduna, közi dosty hem atdy. Oňam söýgilisi biwepalyk edip, başga durmuşa çykypdy. Myrat üçin mundan soň-a, gyzlar biwepa, hemmesem bir, barsyna pul-owadanlyk gerek diýip pikir edip başlady. Gyzlaň göwnüne degmäni hiç zatça görmeýärdi. Öýlenmek asla islemeýärdi, emma okuwyny gutaryp gelenden soň, ejesiniň ýalbar-ýakarmasyna çydaman, razylaşmaly boldy. Ol goňşy obadan, ýuwaşja, mylaýym Bahar gyzy gelin edip aldy. Emma, gelnine bir gezegem gülüp bakmazdy, mylaýym-hoş söz aýtmazdy, näzini çekmek hakyn asla gürrüňem bolmazdy, sylanşyk hijem bolmandy, bir zat diýäýse boldy, apu-tupan turýardy. Gelin ýöne, gaty işeňňir, eli çeperdi. Obaň ähli adamsy Bahar gelni gaty sylardy, söýerdiler. Çagalara hemişe köke-süýji, ýaňyja tamdyrdan çykan köke çöreklerini paýlardy. Şoň üçinem çagalaram, Bahar gelnejäni gaty halardylar. Gelninden gaýynlary hem göwni suw içýärdi. Gaýyn atasy düşekde ýatyr diýmezdi, bir diýenini iki gaýtalatmazdy. Süýji keseli bolansoň, oňa hemişe aýratyn nahar-suw bererdi. Gaýyn enesiniň eline bir işem ýetirmezdi. Baldyzy dagy, ony öz jorasy, dogany ýaly görýärdi. Hemişe maslahatlar bererdi. Ýöne, bu zatlaryň hiç birinem Myrat görmezdi. Hemişe gaharly, hemişe gödek hereketleri bilen Bahary agladardy. Gelniň adamsyndan hiç zat haýyşam edip bilmezdi, bir zat diýse “Men heleýguly däl!” diýip, gödeksi jogap bererdi. Bahar gelinem soňa-baka adamsyndan gorkup başlady. Ýanyna barmaga çekindi. Gije barmaly bolandy, indi bahanalar tapyp başlady : “Şu gün jigiň ýanynda ýataýyn, haýyş etdi” ýa “Gap-gaçlary we kirleri ýuwmaly” we ş.m bahalary tapyp, adamsynyň ýanyna barmajak bolýardy. Myrat diňe “hm” diýip jogap bererdi. Belki, Myradyň şeýle sowuk-sala garaýyny üçindir, ýa başga sebäpmi Bahar gelin köpelip gidiberenokdy. Muňa adamsy “Bolmanam, senden önen çaga gerek däl” diýerdi. Hiç kime gulak asmazdy. Kakasy we ejesini diňlemek ýokdy. Şeýle ýagdaý üç ýyla golaý dowam etdi. Baldyzy durmuşa çykansoň, Baharyň ene-atasy gyzyny almaga geldiler. Gaýynlary goýbermek islemediler, Bahar gelnem gidesi gelenokdy, ýöne indi bu sylaşaksyzlyga çydap bilenokdy. Onuň göwnüni alyp bilmändi. Aýrylyşmaly diýlende, Myrat hamala diýersiň bagt guşy gonan ýaly, gaty şadyýan boldy. Muňa Bahar hasam gynandy. Emma, sesini çykarmady. Ata öýüne gitdi. Baranyna iki hepde bolandan soňra hem, şol toýda gören şäherli Sähede gaýtadan durmuşa çykdy. Sähet Baharlaryň goňşylary toý edende, daşgynrak garyndaşlary bolup gelipdi. Ýigit şonda gyzy görüp aşyk bolupdy, Baharyňam ýigide göwni gidipdi. Toýdan öň we soň diňe syrly bakyşdylar. Şondan ýigit köp wagt geçirmän, ejesini gudaçylyga iberdi.
Emma, Baharyň ene-atasy daş ýere gyz bermek islemeýändiklerini aýtdylar, we goňşy obadan Myrat bilen guda boldylar.
Bahar gaty ýuwaşdy, ene-atasynyň ýüzünden geçip bilmändi. Sähedem öýlenipdi, emma alan gelni bilen oňuşmady, çaga bolanok bahasy bilen gelni atasy öýüne gitdi. Sähet Bahar hakynda eşidip gaty gynandy, emma gelenini eşidip welin gaty begendi. Ejesini ugratdy, bu gezek olaryň sözleri derrew alyndy. Sähet Bahary gaty gowy görýärdi, sylaýardy. Söýgi bilen gurlan maşgalada hem, köp wagtdan geçmän altyn aşyk peýda boldy...
Myrat hakynda aýtsak welin, gelinsiz ýaşap bolanokmy diýen bolup ulumsy gürlän bolardy. Emma, soňa-baka eli-aýagyna bulaşyp başlady. Öň hemişe irden eşikleri taýyn, ertirlik taýyn bolup durýan bolsa, indi ýok. Ejesi görgüli ol işlere indi ýetişip bilenokdy. Naharynam birhili tagamy ýok ýalydy. Öýüň içi birhili iç gysdyryjy bolup başlady. Öňler gapyň öňünde oýnaýan çagalar indi ýokdy. Öňler bu gapa günde-günaşa gelýän myhmanlar, indi ýokdy. Myradyň hamala ýüreginden bir zat gopana döndi. Dostyna bu hakynda aýdanynda, dosty:
-Aý, dostjan, sen ol gyzyň gadryny bilmediň. Eliňden giderdiň. Birine gelen gaharyňy başgasyndan çykardyň. Dost, hemme barmagyň deň bolmaýşy ýaly, hemme gyzlaram deň däl ahyry...
Myrat Bahary idäp başlady, oň durmuşa çykyp, çaga-çuga garyşyp gidenini eşidip, ýüregine tarap elini tutdy. Bu agyry Jennediň agyrysyndanam has agyryly bolupdy....
39
187
0913
21 Awgust 2023
Gowy hekaya wagtynda gadryny bilmesen peydasy yokda
lola
21 Awgust 2023
Gowy hekayav
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.