gullnara_
22.08.2023 08:39

Hekaýa.

Aşgabadyñ gözel seýilgähleriniñ biri bolan Ylham seýilgähinde Mahym bilen Aýhan öz çagajyklary Sähra-Seýran bilen gezelenç edýärdiler.


Sährajyk bilen Seýranjyk eje-kakalarynyñ elerinden tutup, jedirjäpjik çagalar bagynda öwrenen goşgularyny aýdyp berýärdiler. Bulara göz-gidijilik bilen seredip geçýänem, ýüzüne sylýanam az däldi. Aýhan çagalaryna buz gaýmak almaga gitdi, Mahym weli çagalary bilen otyrgyçlaryñ birine ýerleşdiler. Aýhan buzgaýmak alyp, yzyna gaýtmak üçin öwürilende, şeýleräk waka şaýat boldy: "Talyp gyzy bir ýigit tötänden kakyp geçipdi. Gyz gaharly:

-Aý oglan, gözüñ körmi?

- Bagyşlañ, gözel gyz. Howlugyp barýardym.-diýip, oglan ötünç sorady." Aýhany bu waka öz talyplyk ýyllaryna alyp gitdi...Aýhan mekdebi tamamlap, daşary ýurda Minsk şäherine okuwa gaýdypdy. Ol okuwynyñ daşyndan futbol bilen gyzyklanýardy. Boş wagtlary umumy ýaşaýyş (obşagañ) jaýynyñ ýanyndaky meýdançada oglanlar bilen futbol oýnardy. Günlerde bir gün, futbol oýnap ýörkä, depen topy uzaga gidýär. Olam baryp, meýdançañ gapdalyndan geçip barýan gyzyñ kellesine degýär. Gyz batly gelen topuñ güýjüne ýykylýar. Aýhan ötünç soramak üçin, ýanyna baranda gyz rusçalap:

-Gözüñ körmi? (Ты че ослеп, что ли?)- diýip, ýerinden turjak boldy. Aýhan gyza eline uzadyp durşuna, jogap berdi:

-Bagyşlañ!( Извините!)- diýip jogap berdi. Gyzyñ gahary geleni bildirip durdy. Ol oglana belarusdyr öýden bolmaly, düşünmez öýdüp, türkmençeläp:

-Hawala, bagyşlañ. Başga diýmäne zat tapan dälsiñ, haýran. Oýnañyzda ünsliräk oýnasañyz bolýan däldir, gözli kör diýsänim.- diýip, ýene-de bir zatlar hümürdäp, üst-başyny kakmaga başlady. Aýhan gyzyñ bolşuna çalaja gülkisi tutdy, soñam türkmençe:

-Bagyşlañ, gözel gyz! Görmändirin. - Soñam gyzyñ biraz hem bolsa, göwnüni ýumşatmak üçin:

-Eger siz ýaly gözel gyzyñ bu ýoldan geçjegini bilen bolsam, asyl şu tarapa topy urmazdym- diýdi. Gyz oglanyñ türkmendigini bilensoñ, biraz utandy. Onda-da syr bildirmän, ýigidiñ gözlerine bakyp:

- Suwjaryp, özüñi görkezjek bolmasana. Öñküden beter özüñi kiçeltme öñümde. Soñam sowul ýolumdan- diýip, gaharly ýoluny dowam etdi. Ýigidi weli, gyzyñ gaharlyja gözleri özüne bendi edipdi. Oýny nähili oýnanym, nähili gutaranyny bilenokdy. Añyny, kalbyny şo gaharlyja gara gözler alypdy. Gyzyñam ýüreginde täsin, ýakymlyja duýgy peýda bolupdy. Futbol oýnalýan meýdançany görse, şol waka ýadyna düşüp ýylgyrardy. Aýhan gyzy gözläp başlady. Internet hemme kişiñ dadyna ýetişýän hem bolsa, ol bu gezek Aýhana kömek edip bilmedi. Ýigit gyzy köp gözledi, şol gyzyñ geçip giden ýoluny köp garawulady, tanyş-bilişden sorady- netije bolmady. Ýigit gyz hakda hiç hili maglumat ýokdy, iñ bärkisi gyzyñ adynam bilenokdy. Ýöne, biziñ ýigidimiz boýun bolmak islemedi. Ýigidiñ yhlasy ýerine düşdi, täze ýylda esasy arçanyñ ýanynda gyza duşdy. Aýhan indi gyzy sypdyrmajagyny bilýärdi. Ýanyna baryp:

-Salam, gözel gyz.

- Salam- diýip, gyz ýigidi bir ýerde gören ýaly, ýadyna saljak boldy.

-Siz meni tanadyñyzmy? Birhilem weli, sizi top bilen uran...

- Hawa, ýadymda. Hä, ýene top bilen uraýsam diýýäñmi?. Gyzyñ bu beren jogaby biraz ýigidiñ sustuny bassa-da, ýigit syr bildirmän:

- Dogry bildiñiz. Sizi belläp goýaýsam diýýän.

- Döwrüñ üýtgäni bildirýär. Öñler gyzy telpek bilen urup belleseler, indi top bilen urup belleýärlermi? Gyzyñ bu jogabyna ikisem gülüşdiler. Aýhan pursady elden bermän:

-Ýogsa-da tanyşmadyk. Gözel gyz adyñyz näme?

-Leýli.

- Siz Leýlimi? Siz Leýli bolsañyz, men... Gyz ýigidiñ sözüni bölüp:

-Mejnunmy?- diýip sorady.

Aýhan birhiliräk bolup:

-Hä bolmazmy? Meñzämokmy?

- Ýokla, beý diýjek bolmadym. Göwnüñize almañ. Ýöne,Mejnuna Leýli nesip eden däldir- diýip, gyz syrly ýylgyrdy. Iki ýürek bir bolanda, dünýä gözüñe başgaça üýtgeşik görünýär, wagtam çalt geçýär. Aýhan Leýliden bir kurs ýokarda okaýardy, bu ýyl okuwyny üstünlikli tamamlady. Her gezek Türkmenistana bile gidip- gelýän bolsalar, bu sapar Leýliniñ ýeke özi gaýtmaly boldy. Aýhan gullugyny dynyp, Leýlä öýlenmekçidi. Bu hakda Leýli hem habarlydy. Olam okuwyny sag- amanja dynyp, öz söýen ýary bilen durmuş gurmanyñ arzuwyndady.

Gyz okuwa gaýtdy, ýigit gulluga ugrady. Bu aşyklary ykbal aýra saldy. Indi öñkiler ýaly, günde habarlaşma, görüşme ýokdy. Aýhanyñ gulluk edýän ýerinde, tertip-düzgüne berk üns berlensoñ, ýigit internete köp girip bilmeýärdi. Ol aýda ýa-da iki aýdan bir gezek ýazmaga mümkinçiligi bardy. Leýli Aýhana ynanýardy, oña düşünýärdi. Ýöne, adam pahyr çig süýt emen-dä. Gyzyñ soña-baka kellesine her hili bolgusyz pikirler gelip başlady. Näçe kowsa-da, üns bermejek bolsa-da, ýene-de aýlanyp gelýärdi. Göwnüne her hili zatlary getirip başlady: "Meni unutdymyka? Ýa başga gyza göwnüni berdimikä". Täze ýyldan soñ, diplom işi, gutardyş hemem synaglar sebäpli, Leýli internete girmesini goýdy. Aýhanyñ ýazan hatlary jogapsyz galdy. Aýhan hatyna jogap berilmänsoñ alada edip başlady. Öz-özüni:" Okuwyny şu ýyl tamamlaýar, eli degýän däldirle" diýip köşeşdirýärdi. Soñam hat ýazmasyny kesdi. Esasy ünsüni gullugyna, futbola berdi. Ýañy bir gülläp başlan söýgi, birden gurady. Aýhan gullugyny tamamlap, öz ugry boýunça işe ýerleşdi. Işiniñ daşyndan kiçiräk futbol toparyna tälimçi boldy. Leýli hem, okuwyny gutaryp sag-amanja öz ýurduna dolandy. Işe ýerleşdi. Aýhanyñ ejesi oglunyñ bagtyny görmek isleýärdi, şol sebäpli toý hakda köp ýatladardy. Soñam tanyş gelinleriñ biriniñ salgysy bilen Mahym atly gyza guda boldy. Aýhanyñ ýüregi diñe "Leýli" diýip urýardy. Ol gullukdan gelip, Leýlini köp gözläpdi. Eline, öýüne jañ etse-de netije bolmady. Ahyry ejesiniñ diýen gyzyna razy boldy. Duşuşyk ýerine gelende, gyzy görüp doñup galdy. Öñünde sülmüräpjik Leýli durdy. Ol baryp günäli halda, ýagdaýy düşündirmäge durdy:

-Leýli, bagyşla... Men gözledim... Seni... Mahym çykdy... Neme, ejem... Seni söýýän...

Leýli ýigidiñ bolup durşuna çyny bilen güldi, gülkiñ arasynda hem: "Men aýtdyma saña, Leýli Mejnuna nesip edýän däldir diýip" diýdi. Aýhanyñ gahary geldi, ola alada galyp, derdini aýtjak bolýar, a bu weli gülüp dur. Soñ gyz ýagdaýy düşündirdi:

- Meniñ dokumentalny adym Mahym. Men dünýä inenime iki aý bolanda, enem aradan çykdy. Soñam garyndaşlarymyz öz ady bilen geldi diýip, enemiñ adyny Leýli diýip dakdylar. Şondan bäri adym Leýli, Mahym diýseñ tanamazlar. Meni gözläpsiñ, bilýän. Biz başga öýe göçmeli bolduk. Şol sebäpli hem, öý telefonymyz üýtgedi, el telefon nomerimi men garyndaş jigim aldy. Meni saña jañ etjekdim, ýöne sen meni unudansyñ öýtdüm. Ejeñi gudaçylyga gelende, sendigiñi tanadym, razylyk berdim- diýip aýtdy. Ýigit bilen gyz bir-birilerine mylaýym bakyp ýylgyrdylar. Uludan toý tutdylar, olaryñ şatlygyna şatlyk goşup ekizjeler Sähra-Seýran dünýä geldi...

Aýhan bolan wakalary bir demde ýatlap, öz maşgalasynyñ ýanyna bardy.

34
179
0913
22 Awgust 2023
👌👏👍❤️
wolf
22 Awgust 2023
👍🔥👍🔥👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.