gullnara_
24.08.2023 12:33
Yzyna gaýtaryp bolmajak käbir zatlar

    Bir zenan maşgala aeroportda uçar bn alyslardaky öz watanyna gitmek üçin ýolagçylyga taýýarlyk görýärdi. Ýanynda sumkalary bardy. Uçaryn uçmagyna bir sagat ýaly wagt bolansoň, okap güýmenmek üçin gazýet we ýanyndan iýer ýaly bir paket köke aldy. Okamak we dynjyny almak almak üçin VIP salonunda bir oturgyja oturdy. Ýanyndaky oturgyja-da satyn alan kökesini açyk goýupdy. Onuň ýanyndaky oturgyja başga bir adam otyrdy we ol hem bir žurnal açyp, okamaga başlady.
    Zenan maşgala ilkinji kökesini alyp, iýmäge başlady. Adam hem ondan bir köke aldy. Zenan örän gaharlanypdy we içinden:”Wah, özümi oňat duýýan wagtym bolsady, onda muny oňatja ýepbeklärdim!” diýip pikirlendi. Zenan birini alýar, adam hem birini alýardy. Zenan däliraýjek bolýardy, ýňne gohlaşmagam islänokdy. Soňunda ýekeje köke galanda, zenan:”Indi bu edepsiz adam näme ederka?” diýip pikirlenipdi. Ol adam bolsa soňky kökäni alyp, ikä bölüp, ýarsyny zenana uzatdy.
    Bu ýagdaýa has hem gaharlanan zenan ýarty kökäni alman, tüweleý ýaly bolup, gazýedini alyp, uçaryna tarap çalt ädimler bn tasanjyrap gitdi.
    Uçara münen zenan äýnegini almak üçin, el sumkajygyny açdy. Bir seretse satyn alan kökesi açylmanjyk durdy. Örän utanypdy. Kökesini hiç açman, sumkasyna salanyny unudypddy. Ol adam bolsa kökelerini hiç gaharlanman zenan bn paýlaşypdy. Zenan bolsa öz kökelerini iýýär diýip, ol adama örän gaharlanypdy. Indi ötünç soramaga-da mümkinçilik ýokdy.
    Bu ýagdaý netijesinde şuňa ýene bir gezek göz ýetirdi:
    Yzyna gaýtaryp bolmajak dört ýagdaý bar:
    1- Daş zyňylandan soňra;
    2- Söz agyzdan çykandan soňra;
    3- Pursat gaçandan soňra;
    4- Wagt geçenden soňra
    yzyna gaýtaryp bolmajak ýagdaýlar emele gelýär, bu ýagdaýlardan seresap boluň!

Çeşme: "Ylym" programmasy
45
391
wepayewa_
6 Sentýabr 2023
Gowy eken
mmmmmmm
25 Awgust 2023
Guldesse basynda kokesini gapdalyndaky oturgucda acyp goydy diyya sonuda bolsa kokesi sumkasynda acylmadyk durdy diyyaniz uns berenzokmy ya yazyan zatlannyza
aynurka
25 Awgust 2023
👍❤️
bilimlije
24 Awgust 2023
1ne şübhäm bar sebabi daş bir gaty zada degse yzyna gaýdýa
wolf
24 Awgust 2023
Ok ýaýdan çykansoñ, yzyna dolap bolmaz 🔥👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.