Gaçmak-gutulmak däl.
Dünýe bäş gün geldik bäri synaga.
Bäş gün nämäni aňladýar?
Kursdaşym jogap beripdi. Jogap mende haýranlyk galdyrdy. A haýran galdyrylan zat bolsa, asla ýatdan çykmaýar. Temirow mugallym şu soragy beripdi. Grupbada hiç kim bilenokdy. Ýanymdada Gurban oturýada, olam telefonuny çykaryp zametkalaryny dörüp başlady we elini galdyryp jogap berdi.
Jogap şeýledi:" 1-nji gün seniň doglan günüň, 2-nji gün ilkinji okuwa baran günüň, 3-nji gün öýlenen ýa-da durmuşa çykan günüň, 4-nji gün ilkinji çaga ýüzüň düşen güni, 5-nji gün bolsa ahyrky günüň".
Dünýe adalatsyz ol bize ýowuz daraýar ýa-da şeýleräk aýdaly:
"Adamy syçan deý oýnap geler ol,
Hile aly bilen aldap geler ol,
Ilki dogrup soň üstüňden güler ol,
Jogap ber oňatmy päliň bu dünýä."
Aslynda weli biz adalatsyz. Biz oňa ýowuz daraýas. Hany bir gezejik pikir edip göreli. Ol saňa ýowuz daramaz ýaly sen onuň üçin näme etdiň? Bir agaç oturtdyňmy. Gaýtam barynap otlap küle öwürýäň. Myrat mugallymym (ägirdimiz), halypam aýdypdy:"Pýotr 1 dowründen bäri Russiýada tokaýlar çapylanda tokaýy 3e bölýändigini. Olaryň bir bölegini çapyp ekýärler. Ikinji bölegini çapanlarynda birinji bölek azajyk ulalýar. 3nji bölegini çapanlarynda, birinji çapan bölegimiz doly ulalyp ikinjini ekýärler. Şeýle yzygiderligi saklap tokaýdan peýdalanýar" diýip. A biz näme edýäs?! Çapýas ýöne ekemizok. Heý bir gül oturdyp onuň ulalanyny synlap gördüňmi? Başgaça bir duýgy bolýar güle seretmegem. Edil çagaň ýalyjak garaýaň oňa. Bir ýaprajygy çykyp başlandan begenip indikä garaşýaň. Çaga diş çykyşyna seredişiň ýaly seretýäň.
Köçeden geçip barýarkaň biriniň nähilidir bir zady köçä zyňanyny görseňiz "zyňma ony galdyrýan hem özüň ýaly adam" diýenini eşidip ýa-da özüňiz şol sözi aýdyp gördüňizmi?! Edipdirsemde jogaby hem taýýar bolsa nätjek. "Zyňyndy bedrelerden goýmaly ekenidä, men näme şuny öýe alyp gideýinmi" diýse näderis. Onuň zyňjak zadyny alarys nirede zyňyndy bedre duşýança ýanymyzda götereris. Iller keseden "musury nämä göterip ýörä" diýip geplär, ýaňkyja musury zyňjak adam hem "eliňdäkini zyňsana görünmeýän ýere" diýer. Senem
" saňa azary ýetýärmi" diýersiň, olam näme utanan bolar. Emma musury zyňanyndan däl, sen bilen ýöremekden utanan bolup çykar. Çynym başymdan geçdi. Maňa hem ilki "zyňma şony galdyrýan hem özüň ýaly adam" diýipdiler. Sagbolsun.
Bariş Özçan "yedinci kita" atly wideosyny görseňiz. Zyňyndylaryň nähili köpelýändigine göz ýetirersiňiz. Gadymlar şular ýaly zatlar azdy. Adamlaň beýnisi ösýär diýip dünýäni zyňynda öwürmegimiz dogrumy? Öňlerä plastik gaplara asyl bolmadyk. Häzir bolsa doly. Girdeýji diýip ... aý bolýada okyjym düşünendirle. Türkleriň kinolarynda gözüme ilýän zatlaryň biri hem köçede smit , poça satýanlar olary kagyza dolap berişi mende ol ýeriň, ol adamlaryň nähili pikir edýändiklerini bilmeklige gyzyklanma döredýär.
Ýene agzymyzy dolduryp "arassaçylygy saklamaly" diýýäs. Eline alan süpürgüjini (mokry salfetka) zibil bedrä atmany bilenoklar adamlar. Çeýneýän sakgyçlaryny partanyň aşagyna ýemläp goýberýäler. Bir zat sorasaň hem ýene günäkäri "DÜNÝE" diýer. Özüni hiç günäkärlemez.
"Mucize doktor" atly serýal görüp başladym. Reklamlary gowy suwdan peýdalanmak barada, durmuş baradada aýtýanlaryny halaýan, ol aýtýanlaryny diňläp netije çykaryp bolýar. Ali Wefanyň "böýle böýle"lerine gülüp oturybermeli. Öwrenmänede zat ýeterli. Belki görersiňiz diýip ýazdym.
Garaz, biz hiç zady alada edemizok. Dünýäni alada edemizok, aňyra günäsiz gitmegi alada edemizok, ol ýerde iden işimize nädip jogap bermelidigimizi asyl pikirem edemizok, birine kömegimiz gerekdir diýip hal ýagdaý soramyzok, iň bärkisi şu agaç ýa-da gül suwsuzdyr şuňa suw bereýin pikiri beýnimizde döränok. Her kim ýaşabildigiçe ýaşajak bu jahanda. Ölümden gaçyp bildigiçe gaçjak, emma dünýe laberint ýaly bir zat niresinden çyksaň hem gitmeli ýeriň öňünden belli we mundan hiç hili gaçyp gutulma ýok. Ýagny:
Gaçmak-bu gutulmak däldir.
Dünýäde-de köp zat bolup dur, näme üçin şol zatlarda biziň özümiziň hem günämiz ýok diýip düşünýäs, menä düşünemok.