Kursdaşyma (Degişme).
-Men barada birje goşgy ýazmadyň!
Diýdiň, gelip ýaşlygymyň ýazyndan.
Wah, nädeýin, wah, nädeýin, şo günler
Ýazaýmaga gorkdum seniň özüňden!
“Söýýän” diýip bir goşgujyk ýazaýsam,
Garaja gaşlaryň çytylar öýtdüm.
Ýogsam, müň bir gezek hyýala münüp,
Ýene müň bir gezek raýdan gaýtdym.
Sebäbi howalaň belentdi o wagt,
Kalbyňda ýaşlygyň ýelgini bardy.
Ýogsam murty taban garaja oglan,
Birje basyp giden yzyňa zardy.
-Men barada bir goşgujyk ýazmadyň! –
Diýdiň, walla, göwnüm geçdi kärimden.
Wah, ýazjak-la, öň özüňden çekindim,
Indi bolsa gorkup ýörün äriňden!
Awtory - Tirkeş Sadykow
#goshgular