Çagalygymyzy ýatlalyň.
1-nji synpa okuwa gelen çagajyklaryn geň hereketjikleri)))
Baýramhan- günde ejesi bn gelip bir partada bileje oturyp, okaýarlar. Ejesi ýok bolsa uly sesi bn aglaýar.😭
Dilber-her gün synpa girjek bolanda kowşüni hokman çykarýar . 😄
Hajy- her 10 minutdan naharhana haçan gitmelidigini soraýar.😊
Uzuk - ilki başda haýsy elde ýazjagyny bilmän ruçkany iki elinde tutup ýazýar.😊
Abdy-"Daş çykyp geläýin" diýmegiň deregine "Şypbyk bolup geläýin diýýär" ( belki owredemde şeýle eşiden bolmagy mümkin 😅)
Sahyt-rezin galstugyny çekip çekip süýndirip ýüp etdi eýýam 😊
Jelil- hokman Maraljyk bn oturmaly başga gyzjagaz bn oturtsam aglaýar, her gün ol gyzjagaza "janym" sokolad getirip berýar. 😄 Bu söýgümika eýýam 😊
Arslan-2 sagatdan soň goşuny ýygnap başlaýar, sebabi gaty ýadaýarmyşyn öýe gitmelimişin ertirem geljegim belli däl, eger köpräk şekilli bäslik goýsam geläýmegimem mümkin diýýär 😂 ( ýene 12 ýyl okamalydygyndan habary ýok çagaň 😊)
Serdar- aýdymçy. "Ysga düsdüm, ýadyma düşdüň, ýürege düsdüň..." diýip aýdyma hiňlenýär😄 Beýle aýdymam barmaý towa 😂
Yhlasjyk- Alyp galsam "mollum 1 manat bereýin weli oýe goýberäý" diýip aglaýar. Çagajyk...😄
Myratgeldijik - kitaplary sumkasyna agram salsa partada goýup öýlerine gidiberýär. Sebäbi ýenedem şu kitaplary getirmek ansat dälmişin. 😅 Kopbilmişjikler