Ÿaryk bedre
Hindistanda bir suwçy, bir taýagyň iki ujundan bedre asyp, ony hem boýnuna dakyp suw daşaýarmyş. Bedreleriň biri ýaryk ekeni.
Abat bedre hojaýynyň öýüne suwdan dolup barýan bolsa, ýaryk bedre diňe suwuň ýarysyny öýe eltip bilýän ekeni. Bu ýagdaý iki ýyl dowam edipdir. Suwçy her gezek hojaýnynyň öýüne 1,5 bedre suw eltip bilýär eken. Abat bedre doly suw eltýänligine öwünýäreken, emma ýaryk bedre işiniň ýarysyny ýerine ýetirip bilýändigi üçin utanç duýýar eken. Iki ýyldan soň derýanyň gyrasynda ýaryk bedre suwça ýüzlenip:
- “Özümden utanýaryn we senden ötünç soraýaryn.”
- “Näme üçin?” diýip, suwçy sorapdyr. Ỳaryk bedre bolsa:
- “Iki ýyldyr işimiň diňe ýarysyny ýerine ýetirip bilýärin. Meniň bu kemçiligim sebäpli sen hem gazanjyň diňe ýarysyny alyp bilýärsiň.” Onda suwçy şeýle diýipdir:
- “Hojaýynyň öýüne gidenimizde ýoluň gyrasyndaky güllere seret”.
Hakykatdan-da bedre depä çykan wagtlary ýoluň gyrasyndaky gülleri görüpdir. Ỳöne ýoluň soňuna ýetende ýene keýpi gidipdir. Suwçy bedrä şeýle sorag beripidir:
“Ỳolda diňe seniň tarapyňda gülleriň bardygyny, abat bedräniň tarapynda ýokdugyny gördüňmi? Sebäbi men seniň ýaryklygyň sebäpli ýoluň gyrasyna gül ekdim we olary her gün seniň suwuň bilen suwladym. Şeýdip hem hojaýynyň saçagyny seniň suwlan gülleriň bilen bezedim. Sen beýle bolmasadyň hojaýyn bu gözellikleri görüp bilmezdi.”
Aslynda hemmämiziň kemçiliklerimiz bar. Hemmämiz ýaryk bedre ýaly. Kemçiliklerimizden gorkmaly däl. Eger kemçilikleriňiz bilen hakyky güýjiňizi tapyp bilseňiz, siz hem gowulyklara sebäp bolup bilersiňiz!!!