Mugallymlar hakynda pähimli sözler
Okuwcylaryň ýetişiginiň pesligi köplenç halatda onuň üşüginiň kemliginden, mugallymyň sapak düşündirip bilmeýänliginden ýa-da sapagyň kynlygyndan däldir. Munuň düýp sebäbi mugallymyň öwrediş usuly bilen okuwçynyň öwreniş usulynyň gabat gelmeýänligidir.
Alişan Kapaklykaýa
***
Käte bir çaganyň durmuşyny ýekeje mugallym üýtgedýär, Käbir çagalar mekdebe şu gün diňe şol mugallym üçin gelýär. Ana, şol mugallym siz boluň! Özi-de her gün boluň…
***
Okuwçy mugallymyny gowy görse, onuň sapagyny hem gowy görýändir. Ýagny ilki ýürege, soňra beýnä täsir edip bolyar.
Dogan Jüjelogly
***
Gowy mugallym düşündirýär. Görnükli mugallym görkezýär. Beýik mugallym ylham berýär.
Wiliýam Word
***
\"Gowy mugallym hatda özi bilmeýän zatlaryny hem başgalara öwredip biler.
Tadeuş Kotarbinskiý
***
Gowy mugallym şem ýalydyr. Başgalaryna ýagtylyk bermek üçin özüni paýlaýar.
Awtory näbelli
***
Mugallymyň iň ýokary sungaty döredijilikli aňlatmagyň we bilim almagyň şatlygyny oýarmak ukybydyr.
Albert Eýnşteýn
***
Gowy mugallym bolmak üçin öwredýäniňi söýmeli we öwredýänleriňizi söýmeli.
V. Klýuçewskiý