gullnara_
10.09.2023 20:10
Söýgi näme? (Çagalaryň düşünjesine görä) 😊

Söýgi – bu haçan-da gyzjagaz-a ejesiniň atyryny, oglanjygam kakasynyň atyryny sepinip, bilelikde gezmelemäge çykmaklary we ýöräp barýarkalar biri-birini ysgap görmekleri. (5 ýaşlyja Wepa);

Söýgi – bu meniň kakamyň ejem bäbekhanadan jigim bilen geleninden soň bolşy ýaly, seniň biçak ýadaw bolsaňam näme üçindir ýylgyryp ýörmegiňdir (4 ýaşlyja Sülgün);

Söýgi – bu haçan-da meniň ejemiň, irden kakam işe gitjek bolanda oňa bir bulgur kofe ýasap berende, ilki onuň tagamyny barlap görmek üçin ondan bir gezek owurtlap kakama bermegidir (6 ýaşlyja Bägül);

Söýgi – bu hemişe ogşaşyp ýörmekdir. Haçan-da ýadanyňdan soň bolsa, barybir biri-biriňden irmän ýene-de gepleşmegiňi dowam etmäge ýaramagyňdyr. Ejem bilen kakam ine şeýle. Olar men görmeýändir öýden ýerlerinde hemişe boluşlary şonuň ýaly (5 ýaşlyja Juma);

Söýgi – bu seniň kakaň saňa doglan günüňe sowgat beren güjüjegi sen ýanyna baranyňda eliňi ýalamagydyr (5 ýaşlyja Gülnar)

Söýgi – bu... Umuman, haçan-da sen kimdir birini çynyň bilen söýýän bolsaň, onda seniň kirpikleriň birden-ä ýokaryk göterilýärler, birdenem aşak gaýdýarlar, şonda-da seniň gözleriňden kiçijekke ýyldyzjyklar daş-töwerege syçrap gidýärler (4 ýaşlyja Oraz);

Söýgi – bu...Biýemok men-ä... (3 ýaşlyja Janmyrat);

Söýgi – bu...goňşumyz Anna keýtigiň gyzy Keýikjemal (7 ýaşlyja Hanmyrat);

Söýgi – bu...diňe kakaň ýeke özi däl-de, öýňüzde ejeňem bolsa... Ejemi göresim gelýä... (6 ýaşlyja Mergen);

Söýgi – bu...Şü partadaşym Jally bir akyllyja bolsa, saçymdan çekmese... Ine bir bahymrak ulalaýyn, onsoň oňa öýlenerin-de onuň işini görerin...Kakam ejeme mydama şeýle diýýär: “Ýüz  bermeýädiň welin, öýlendim-de seniň işiňi göräýdim” diýýä, ol... (7 ýaşlyja Jemal);

Söýgi – bu...hol klasdaşym Jümmiňki ýaly bet tigriň bolsa... Kakam: “indiki aýlykda äberjeg-ä” diýdi, ýohham ony ejem igeläp goýmaýamyş... (7 ýaşlyja Sary);

Söýgi – bu kelläňde ýekeje-de saç galman düşmegi bolaýmasa... Kakam ejeme hemişe: “şü seni söýüp-söýüp depämde gyl galman gaçdy” diýýä... Men-ä ýöne, söýüşjek dä...Sebäp diýseň saçsyz bolanyňdan saçly bolsaň gowy (6 ýaşlyja Geldi).
33
234
gozegchi
11 Sentýabr 2023
Mençe iň jogaby 5-ýaşly juma beripdir
Ayjahan Spr 04
11 Sentýabr 2023
Wut janaa cagajyklar🥰🥰🥰🤗🤗🤗🤗🤗
wolf
11 Sentýabr 2023
Iñ gowy jogaby Janmyrat beripdir :)
wolf
11 Sentýabr 2023
5 ýaşly Juma, 7 ýaşly Hanmyrat, 6 ýaşly Geldi 😂😂😂👍
lola
11 Sentýabr 2023
Gaty gowy
dmoo
10 Sentýabr 2023
Wideo bolan bolsa gyzykla bolardy😉
mandarin
10 Sentýabr 2023
Sadikda işleýäñmi
okayjy
10 Sentýabr 2023
Öziñ sorag etdiñmi çagalardan...🤔👍
dowletmyrat1990
10 Sentýabr 2023
💗👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.