Türkmen atyny çapyp barýar. Öňünden çukur çykýar. Türkmen:
-Men türkmen, men bökerin.
Bökýär-de at çapmasyny dowam edýär. Öňünden ýene çukur çykýar, emma ozalkydan ulyrak. Ol ýene-de:
- Men türkmen, men bökerin –diýýär.
Bökýär we ýoluny dowam edýär. Indi öňünden gaty uly bir jar çykýar. Türkmen ýene-de öňküsini gaýtalaýar:
- Men türkmen, men bökerin.
At janawar sakga durýar we çarpaýa galýar. Türkmen zyňylyp gidýär. At şeýle diýýär:
-Türkmen bolýan bolsaň özüň bök, türkmen! Men-ä bökjek däl!
****
Winnipuh bilen Pýataçok (Ýemşijek) barýarlar. Winni çörek iýip barýar.
Ýemşijek: - Winnijan, çöregiňden beräýd-ä!
Winni: - Bu çörek däl, bu köke.
Ýemşijek: - Kökäňden dişledäýd-ä!
Winni: - Bu köke däl, bu külçe.
Ýemşijek: - Onda, külçäňden beräýd-ä!
Winni: - Ugrasanaý bar, çörek diýdiň, köke diýdiň, külçe diýdiň... näme iýesiň gelýänini özüňem bileňok!
***
Krokodil Gena bilen Çeburaşka woýenkomatda:
-Gena jan, biziň hem saçymyzy syrarlarm-aý?
-Bilemok Çeburaşka. Hanha hol barýan syçandan sorap göreli.
-Men syçan dal how! Men – Kirpi.
***
Titanik“ gark bolýar...
Gäminiň ýarysy suwda. Garaňky. Gykylyk, agy sesleri... Şol iki aralykda „Titanigiň“ ýanyna kiçijik gaýykda bir özbek gelýär:
-Çaý bar, kofe bar, kişmiş bar....
****
Iwan agamyz serhoş halda, gözlerini gögerdip ýary-gije öýüne gelýär we aýnaň öňüne geçip ýüz-gözüniň ýarasyna leýkoplastyr ýelmeýär. Geçip ýatýar. Ir bilen aýaly:
-Iwan, näme sen düýn içip geldiňmi?
-Daşetsin! Heý-de men içerinmi?
-Onda nämä aýnaň ýüzüni leýkoplastyrdan doldurypsyň?