Witaminlere we minerallara örän baý käbir iýmitleriň gabyklary özlerinden-de köp peýdaly iýmit maddalaryny saklaýar. Şol sebäpli hünärmenler bejeriş maksatly gök önümler ýa-da miweler ulanylanda gabyklaryna hem uly üns berilmelidigini nygtaýarlar.
Kiwiniň gabygy
Adam bedeni nädogry iýmitlenmeden zäherlenen halatynda kiwiniň gabygyny aýyrmazdan sykylyp miwe şiresini içmek maslahat berilýär.Sebäbi kiwi gabygyndaky witaminler aşgazany arassalaýar.
Ýeralmanyň gabygy
Ýeralmanyň gabygy ýüzdäki düwürtikleri aýyrmakda şeýle hem gözüň aşagyndaky halkalary azaltmakda örän peýdalydyr.
Almanyň gabygy
Köp adamlar almanyň hem gabygyny aýyryp iýýärler.Aslynda alma gabygy has peýdalydyr.Ol peýdalanylanda ilki bilen guradylýar we çaý ýaly içilýär.Bu çaý aşgazany arassalaýar.Terligine alma gabygyny gözüň aşagyna 1 sagat goýulanda gözüň aşagyndaky gök reňkiň solmagynda peýdalydyr.
Pyrtykal gabygy
Pyrtykal gabygy efir ýagynyň kömegi bilen deridäki deformasiýa öýjüklerini azaldýar.Mundan başga-da mör—möjekler,onuň ýakymly ysyny halamaýarlar.
Banan gabygy
Banan gabygynda peýdaly süýümleriň köp bolmagy sebäpli iýmit siňdiriş keselleriniň töwekgelçiligini azaldýar.Banan gabygy deri keselleri üçin hem peýdalydyr.
Şetdaly gabygy
Şetdaly gabygy arassalaýjy serişde hökmünde ýüze sürtmek arkaly peýdalanylýar.Şol ýagdaýda düzümindäki A witamin ýüzi arassalaýar we ýüzüň tebigy reňkini gazanmagyna kömek edýär.
Limon gabygy
Limon gabygy bokurdak çişmesinde,burun dykylmasynda käbir alymlaryň bellemegine görä ýuwulyp iýilende diş saglygyny goramakda hem peýdalanylýar.
Sogan gabygy
Tebigatda tapylan güýçli antioksidant iýmitlerinden biri bolan sogan gabygy gandaky holestrini kadalaşdyryp,ýürek keselleriniň öňüni alýar.Şol bir wagtyň özünde sogan gabygy gaýnadylyp peýdalanylanda bedendäki çişleri bejermekde hem ähmiýetlidir.