flowers_
05.09.2024 11:09

Kemsinme, ezizim…

Söýgi köýnek ýaly geýilýän däldir...
Kemsinme, ezizim,
Kemsinme asla,
Geýýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.

Kemsinme, ezizim, durmuşda häli
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok.
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.

Kemsinme, ezizim, berme gama ýan,
Ir-giç seniň sargydyňy bitirin.
Häzir men bergimi üzmäge barýan,
Soň saňa köýneklik mata getirin.

Maňlaýdan der saçyp,
Dilden dür saçyp,
Işleýärin, baýlygym ýok, pulum ýok.
Ýöne men bir zady aýdaýyn açyk:
Meniň senden başga söýýän gülüm ýok.

Men seni söýýärin,
Söýýärin, ýöne
Söýgi köýnek ýaly geýilýän däldir.
Geýnüwli gelinler, Aý dek gelinler,
Belki, seniň ýaly söýülýän däldir.

Jumanazar ANNAORAZOW.

16
83
flowers_
04.09.2024 08:54

PÄHIM BOSSANY.


Eger bir akylly adam ýalan sözlese, ony uzak wagtlap özi hem unudyp bilmez.

* * *

Kim öz nebsine ýalançylygy öwretse, ol dogruçylyň dogry sözüne hem ynanmaz.

* * *

Jomart malyny halal ýol bilen gazanan we ony hakyky berilmeli ýerine sarp eden kişidir.

* * *

Söz aýdyjy tagallasyna görä ornuny tapar, gylyç – gylyç salyjynyň güýjüne görä keser.

* * *

Akylly akyly bilen, ýolbars güýji bilen.

* * *

Ähli zat akyla mätäçdir. Akyl tejribä mätäçdir.

* * *

Akylly özüniň arzuw-islegleriniň uýanyna erk edip bilýän kişidir.

* * *

Akyl bilen tejribe biri-birine ýardam etmekde, göýä, suw bilen toprak ýalydyr. Eger olaryň birden-biri bolmasa, onda biriniň ýeke özüniň ýerden ösümlik çykarmaga güýji ýetmez.

* * *

Diňe öz garaýşyna esaslanýanyň pikiri dogry bolmaz.

* * *

Edepleriň iň gowusy, eýesiniň öwünmedik edebidir.

* * *

Adamyň gözleri onuň kalbynyň salgysydyr.

* * *

Ýagşy niýet edilmeli işleriň ýarysydyr.

* * *

Gaharlanmaýan adamyň mydam pikiri durudyr. Adam gaharly wagty oýlanman, diline gelen sözi aýdar.

Toplan Döwran DURDYÝEW.

27
120
flowers_
03.09.2024 22:13

Dünýädäki iň lezzetli iýmit suratlary


“Pink Lady Food Photographer 2024” surat bäsleşiginiň ýeňijileri çap edildi.



Dünýädäki iň lezzetli iýmit suratlary.

Pink Lady® Food Photographer” bäsleşiginiň esasy baýragy hytaýly suratçy Zhonghua Yangangyň “Gyzyl noýba pastasy toplary” baýragyna mynasyp boldy.


ZHONGHUA YANG / Pink Lady® Iýmit POTY 2024



Kategoriýa "Täsir ediji" | "Saklanan saryýagyz" - Matteo Alberti, Japanaponiýa


Kategoriýa "Kulinar stilisti" | “Rhubarb Love Puzzle” - Barbora Baretich, Angliýa


Kategoriýa "Ekin kremi" | "Çeçen möwsümi" - Tailai O'Brien, Awstraliýa


Öň neşir edilen kategoriýa | "Bir gorçisa isleýärsiňizmi?" - Surat: Maks Jowitt, dizaýny: Rosie Fransuz, Angliýa


Kategoriýa “Hasyl öýüne getiriň” | “Meýdanda bir gün” - Natnatcha Chaturapitamorn, Taýland


Kategoriýa "Hereketdäki önümler" | “Tüwi dänelerini zyňmak” - Kişore Das, Hindistan


Tortlar" kategoriýasy | "Tort ýagyşy" - Surat: Ming Tang-Ewans, dizaýny: Tarunima Sinha, Angliýa

Kategoriýa "Satylýan önümler" | "Daýhanlar miwelerini görkezýärler" - Azim Han Ronni, Fransiýa


Youngaş suratçy (12 ýaşa çenli)” kategoriýasy | "Arynyň ertirlik nahary" - William Dewhurst, Angliýa


WILLIAM DEWHURST / Pink Lady® Iýmit POTY 2024

22
118
flowers_
03.09.2024 18:58
Dünýe barada.


«Çüýrük dünýe!» diýýärler.
Bu niçiksi çüýrük sen?
Ýaşmagyňy sypyr-da,
Bir baksana bärik sen.


Syrdy Dünýe ýaşmagyn.
Tegelek ýüz açyldy.
Alkymdan nur saçylsa,
Dodakdan bal saçyldy.


Gözüm gamaşyp gitdi.
Ýüzüniň ýalkymyndan.
Sypadym maňlaýyndan,
Ysgadym alkymyndan.


«Çüýrük dünýe!» diýýärler.
Beýle-de çüýrük bormy?
Çüýrügi ysgap bormy?
Çüýrügi sorup bormy?


Gül ekeni durşuna!
Bal ekeni durşuna!
...Hemmämizi hopba edip
Öz togalak gerşine,



Ölçäp kimiň Ýalana,
Çyna şärikligini,
Dünýäň özi seçip barýar.
Kimiň çuýrükligini.



Kerim Gurbannepesow
24
220
flowers_
01.09.2024 01:09

“A”

Ilkinji mugallymym

Nurýagdy Agaýewe.




35-nji ýyl. Sentýabryň 1-i.

Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.

Ýadymdan çykanok henize çenli,

Soňky deme çenli çykmazam asyl.



Mekdebiň deregne – kiçijik kepbe,

Partanyň deregne – ýasama stol.

Her stol başynda – dört sany çaga,

(Käbirinde bäş hem bolmagy ahmal)

Her çagaň elinde –

Ýönekeý galam,

Her çagaň öňünde –

Suratly «Harplyk».

Göýä özümiz hem harplaň oňünde

Düzülşip oturan düşnüksiz-harpdyk.



Harp bizi tananok, biz bolsa harpy,

Harp bize seredýär, biz bolsa harpa...

Onýança-da birden garaja kepbäň

Gyzylja gapysy açyldy jarka.



Ätledi gapydan bir uly adam.

(Ýaşyny hasaplap otursam indi,

Uly bolup görnen şol uly adam

On ýedä-de ýetmän ekeni şindi).



«Salam!» diýip, ýüzümize seretdi.

Biz bolsa hiç zady görmedik çaga,

Ne-hä jogap berdik, ne-de gozgandyk.

Göýä bakan ýaly ullakan daga,

Hemmämiz aňkaryp ýüzüne bakdyk.

(Ýyljyraklap bize seredýär olam).

Öňümizde bolsa –

Suratly «Harplyk».

Ýene-de üç depder,

Ýene bir galam...



Ilkinji salamy şondan öwrendik.

Salamy ozalam bilýärdik weli,

Salam diýen sözüň uly manysyn

Ilki öwredipdi mugallym dili.



Ilkinji edebi şondan öwrendik.

Edebi ozalam bilýärdik weli,
Edep diýen zadyň uly manysyn

Has aýdyň edipdi mugallym dili.



Ilkinji «A» harpyn şondan öwrendik.

«A» harpyn ozalam bilýärdik weli,

«A» diýen harpdan soň «B»-niň bardygyn

Ilki owredipdi mugallym dili.



Watanyň başyna iş düşen güni,

Moskwaň üstüne çekende bulut –

Biz üçin ilkinji boluşy ýaly,

Ýene-de gitdi ol ilkinji bolup.



Gidişi, gidişi –

Gelmedi gaýdyp...

Ýaşyny hasaplap otursam indi,

Onunjy klasly Nazar oglumyň

Ýaşyna-da ýetmän ekeni şindi...




Öwrenmeliň ähli talyplatyny we okuwçylaryny ýetip gelen "Bilimler we talyp ýaşlar" güni bilen gutlaýaryn!
Şowlulyk arzuw edýän!📝

26
375
flowers_
22.08.2024 17:27

Matematikanyň Esasy Adalgalary.




Argument

-latynlaryň

“Argumentum”

sözünden gelip çykyp

“nyşan”, “belgi”

diýen manyny berýär.
Funksiýanyň argumenti diýen adalgany ilkinji gezek 1862-nji ýylda

K.Neýman

ulanypdyr.


Gipetenuza

-grek

“hypothenuza”

sözi bolup,

“çekilen”, “dartylan”

diýmekdir.


Diagonal

-grek

“dia” –  “üstünden” we “goniýa” – “burç”

diýen sozleriň utgaşdyrmalaryndan alnyp,

burçdan burça gitýän

diýmegi aňlatýar.


Diametr

-grek

“diametros”

sözünden gelip çykyp,

in, inli, giňlik, keseleýin

diýmekdir.


Mediana

-

orta

diýmegi aňladýan

“medium”

diýen latyn sözünden gelip çykýar.


Katet

-grekleriň

“katetos”

sözünden gelip çykyp,

dik

diýmegi aňladýar. Orta asyrlarda katet diýip, göniburçly üçburçlugyň beýikligine aýdypdyrlar. 


Perimetr

-grekleriň

“peri” (töwerek) we “metreo” (ölçeýärin)

diýen sözlerinden gelip çykyp,

töweregi ölçeýärin

diýmegi aňladýar.


Diskriminant

-

“diserminre”

diýen latyn sözünden gelip çykyp,

tapawutlandyryjy

diýmekdir.


Differensial

-

“differentiýa”

diýen latyn sözünden gelip çykyp,

tapawut

diýmekdir.


Integral

-latynlaryň

Irrassional

-

“irrationalis”

diýen latyn sözünden gelip çykyp,

oýlanşyksyz, akyl ýetirerliksiz, esaslandyrylmadyk

diýen manyny berýär.


Sinus

-latyn

“sinus”

diýen sözünden gelip çykmak bilen

güberçeklik

diýmekdir.



Kosinus

-

“complementi’’ –“goşmaça’’ we “sinus”

diýen latyn sözleriniň  gysgaldylan görnüşi bolup,

sinusyň üstüni ýetirmek, goşmaça sinus

diýmekdir. Bu adalgany iňlis matematigi we astranomy

Genter

1620-nji ýylda girizýär.



Kotanges

-

“complamenti tangens”–“goşmaça tangens”

diýen latyn sözünüň gysgaldylan görnüşi. Bu adalgany ilkinji bolup

Genter

girizýär.



Logarifm

-

“logos” (gatnaşyk) we “arithmos”

( san) diýen grek sözlerinden gelip  çykyp,

gatnaşygy ölçeyän san

diýmekdir. Bu adalgany ilkinji gezek şotlandiýaly matematik

Jon Neper

(1550-1617) ulanypdyr.

Taýýarlan: Aýgül Balowa.
20
45
flowers_
22.08.2024 17:06
Zenanlara.

Gyz ýüregi näzik bolar diýýärler,
Emma beýnisini aňlamak - da kyn.
Diýjegiň kelläňde üç gezek aýlap,
Diýýäýmeseň ters düşünmegi mümkin.

Gahar edip bir söz ýalňyş sözleseň,
Ol sözi on sany tarapa çeker.
Elmydama süýji bolmaz dilleri,
Käte şerebesin dilinden döker.

Kelläňe gelmejek many çykarar,
Ýalňyşlykda diýen sözüň yzyndan.
Öýlenen bolsaňa işiň gaýtdygy,
Gaharyny çykarar ogul - gyzyňdan.

Tüweleme ýatkeşligem güýçlidir,
Degen bolsaň bir söz bilen göwnüne.
Sähel düşünşmezlik bolsa arada,
Diýen sözleň ýatdan çykmaz ömrüne.

Göwnüňize almaň mährem zenanlar,
Siz hakdaky dogry aýdan zadymy.
Sähelçe sözünden kemçilik gözläp,
Haýyşt almaň ýigitleriň badyny.


Döwlet Garaýew.
20
55
flowers_
21.08.2024 20:47

(dowamy)
Gaýragoýulmasyz ömürde gaýra goýulýan günler...
Aýgül Garaýewa.


Mysaly daşdan gözläp oturjak däl, çagakaň dünýäni duýşuň bilen, häzir belli bir ýaşy arka atanyňdan soňky duýjak bolşuň deň däl.

Ýadyma düşýär, çagakam durmuşyň meniň üçin täsinliginden ýaňa «Hemme adamlary gujaklap biler ýaly çaltrak ulalsamdym. Olaryň hemmesine özümi gowy gördürip, kömek etsedim» diýen ýaly arzuwlary edýärdim.

Daşary ýurtly ýazyjylaryň biriniň dünýäni öz bolşy ýaly ajaýyp görnüşde diňe çaganyň duýup bilýändigi, mümkin bolsa, özümiziň çagalyk duýgularymyza ýygy-ýygydan gaýdyp gelip durmalydygymyz hakyndaky ýazan iňňän täsirli eserini okap, pikir edýän, eger men çagakam şeýle arzuwlary eden bolsam, çaganyň dünýäni duýup bilşem hakyky bolsa, diýmek, meniň arzuwlarymdaky mähre teşne adamlaryň, kömege mätäç adamlaryň bardygy dogry bolmaly. Ine, şol adamlar bar hem diýeli, ýöne şol men hany?! Men öz-özümi ýitiripdirinmi?!

Aýyn bolmasa, «bäş günlük dünýä» diýmäge öwrenişipdiris. Dünýä bäş günlük bolsa, onda bu hallyň-sallyňlar näme?! Düýn elimiz degmän görüp bilmedik ýerlerimiz çar tarapdan bize seredişip otyrlar, ol ýerlerde bolsa müňlerçe adamlar. Ähli ýerde biziň öz ornumyz bar. Barmaly, görmeli, öz ykbalyň eçilýän her bagtly pursatyna mynasyp eýe bolmaly.

Bagt baýlykdadyr öýdýän bolsaň, bar, giden mal-mülk toplajak bolup ýakynlaryna ýeterlik mähir-muhabbet eçilmedik adamyň ýanyna, ony diňle. Hem-ä, onuň derdi egsiler, hem özüň baýlyk hakdaky eden pikirleriň bärdengaýtma, telekdigine göz ýetirersiň, ýa ol hakda öň ýetik sagdyn düşünjäň bar bolsa, ony berkidip gaýdarsyň.

Ýa-da goňşusynyň durmuşyny özüniňkiden bagtly saýyp, öz-özüni kemsidip ýörene duşup, onuň hem bagtlydygyny, ýöne goňşusynyňka meňzeş däl-de, başga, özboluşly bagtyň eýesidigini düşündirip bilseň-ä, has gowy. Bu meger, ol ynsanyň täzeden dünýä inmegine barabar täsin pursat bolup aňynda galar.

Bagtsyz adamyň ýoklugyna bolsa, özüm-ä edil her säher Günüň parlap dogjakdygyna ynanyşym ýaly ynanýaryn. Ýöne ol adamyň özi öz bagtyny duýup bilmese, ol nädip başgalara bagtly görünsin. Bagt hem, biziň sandygyň düýbüne oklanyp, haçan geýiljegi belli bolmadyk täze köýnegimiz ýaly, onuň ýüreginiň çuň düýbünde ýygrylyp ýatan bolaýmasyn?!

Şonuň üçin özümiziň, bir-biregiň bagtyny sözüň göni manysynda görüp bilmegi başaralyň! Pasly-bahara çalymdaş ömrümiziň her gününiň toýdugyna düşünip, gaýragoýulmasyz ömrümiziň gaýra goýlan gününe garaşyp, sandykda ýatan täze lybaslarymyzy geýip, ýürek töründe ýygrylyp ýatan öz bagtymyzyň elinden tutup, daşaryk — dünýä çykalyň!

15
23
flowers_
21.08.2024 20:43

Gaýragoýulmasyz ömürde gaýra goýulýan günler...
Aýgül Garaýewa.


«Durmuş syrly, täsin, hiç bir zady öňünden bilip bolanok» diýip, elli iki käkelesegem, öz käbir bolşumyz ýadymyza düşse, güljegiňem bileňok, gynanjagyňam.

Täze köýnek alyp, onam «Entek däl, nesip bolsa, soň bir gün geýerin» diýip, özümizden gysganyp, aýap ýörşümiz ýa-da nirädir bir täsin, gözel ýerlere gitmäge, gezelenç etmäge ýagdaýymyz doly ýetip dursa-da, «Bor-la, bu ýyl däl, indiki ýyl giderin» diýip, özümize Hak tarapyn «Al, ýaşa! Özem lezzetli hem manyly ýaşa!» diýip berlen süýji ömrüň bir aýyny, belki-de, tutuş bir paslyny ýüregimizdäki bitäýse-de bolup duran arzuwlaryň wysalyna ymsyndyryp geçirişimiz, hälki, durmuşy syrly hem täsin saýyp oturan akylly kişiniň etjek işine meňzeşmikä?!..

Aslynda, durmuş reňbe-reň, ýöne ol käte-käte nämüçindir bizi ýokardaky ýaly oýlara iterip, solak, birsyhly, ähli günler biri-birine meňzeş ýaly duýulýar. Ýogsa, günler biri-birine meňzär ýaly, hatda ýene birnäçe minutdanam biz bilen nähili täsin ýagdaýyň bolup geçjekdigini bilemzok ahyry! Onda näme, dogup-döreýşi keramata çalymdaş ynsan, täsinligiň, gudratyň güýjüne ynanyp bilmez derejede küteläýýärmi?! Biz beýle biparhlygyň sebäbini nireden gözlemeli?! Elbetde, öz içimizden, kalbymyzdan, ýüregimizden...

Pygamberimiziň «Ilki niýet, soňra amal» diýşi ýaly, ähli zat ýagşy niýetden başlanýar.

Niýet bolsa içiňde, has dogrusy, ýüregiňde döreýär. Ýaramaz duýgularyň ýürekde döräp öç alşynyň geňligini diýsene! Olar niredendir bir ýerden, haýsydyr bir kindiwanja ýaramazlygyň — ýerliksiz sözüň, bigelşik hereketiň netijesinde tüweleýläp gelýär-de, seniň içiňde uly bir harasada öwrülesi gelip dur. Ýöne ýagşy sözleriň, ýakymly hereketleriň esasynda döreýän şeýle duýgular welin, edil çyg odunyň ýanjak bolşy ýaly... Hatda öz-özüňi içden yzarlap otursaň, şeýle bir ýagdaýlaryň üstünden barýarsyň: seniň gaşyňda süýji dilli biri hut ertekä çalymdaş zatlary gürrüň berip otyr. Sen onuň bir sözüne ynansaň, onusyna, a belki, kyrkysyna ynanaňok. Göwni üçin «Hä, hawa» diýip otyrsyň. Belki şol wagt seniň ýüregiň oňa ynanasy, şol ynamyň neminden suwlanasy, seniň gursagyňda güle dönüp paşyrdap açylasy gelýändir. A sen bolsa, ol ynamy bokurdagyňdan aşak geçireňok. Diňe dilde «Hä, hawa»... Goý, ol sözleriň ýary dogry bolaýsyn, saňa ýarym erteki, ýarym çyna ynanmaga näme päsgel berýär?! Ýaman zada ynananyňdan, ýagşy zada ynananyň gowy dälmi nä?!

16
41
flowers_
21.08.2024 10:40

Maňa juda üýtgeşik.

Perwana pursatlaň,ýyndam ýyllaryň,
Aý-günleriň bir-birine ilteşip,
Ömür kerwenimi idip barmasy —
Maňa juda üýtgeşik!


Agyp-dönüp duran däli göwnümiň
Mahal-mahal ähli zatdan çetleşip,
Ýersiz-ýere özün ýalňyz duýmasy —
Maňa juda üýtgeşik!


Ýyndam atlaň beýge bökjek bolanda,
Bat almaga biraz yza süýşmesi —
Kä yza tesmeleň manysy dälmi,
Bu-da juda üýtgeşik!


Açylmadyk syr deý nätanyş günler,
Durlar, honha, bosagamdan jyklaşyp.
Olaryň gujagna alňasap barşym —
Maňa juda üýtgeşik!


Gökden düňderilip gaýdýan ýagyşlaň
Bu baglaryň anbaryna ys goşup,
Begenç gözýaşlarma meňzäp ýagmasy —
Maňa juda üýtgeşik!


Ynha, abşarylyp ýören adamlar,
Erte görseň, gumdur — ýeke üýşmejik.
Garaz, tutuş barlyk, bu uly dünýä
Juda-juda üýtgeşik!


Kakamyrat REJEPOW.

17
45