flowers_
01.09.2024 01:09

“A”

Ilkinji mugallymym

Nurýagdy Agaýewe.




35-nji ýyl. Sentýabryň 1-i.

Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.

Ýadymdan çykanok henize çenli,

Soňky deme çenli çykmazam asyl.



Mekdebiň deregne – kiçijik kepbe,

Partanyň deregne – ýasama stol.

Her stol başynda – dört sany çaga,

(Käbirinde bäş hem bolmagy ahmal)

Her çagaň elinde –

Ýönekeý galam,

Her çagaň öňünde –

Suratly «Harplyk».

Göýä özümiz hem harplaň oňünde

Düzülşip oturan düşnüksiz-harpdyk.



Harp bizi tananok, biz bolsa harpy,

Harp bize seredýär, biz bolsa harpa...

Onýança-da birden garaja kepbäň

Gyzylja gapysy açyldy jarka.



Ätledi gapydan bir uly adam.

(Ýaşyny hasaplap otursam indi,

Uly bolup görnen şol uly adam

On ýedä-de ýetmän ekeni şindi).



«Salam!» diýip, ýüzümize seretdi.

Biz bolsa hiç zady görmedik çaga,

Ne-hä jogap berdik, ne-de gozgandyk.

Göýä bakan ýaly ullakan daga,

Hemmämiz aňkaryp ýüzüne bakdyk.

(Ýyljyraklap bize seredýär olam).

Öňümizde bolsa –

Suratly «Harplyk».

Ýene-de üç depder,

Ýene bir galam...



Ilkinji salamy şondan öwrendik.

Salamy ozalam bilýärdik weli,

Salam diýen sözüň uly manysyn

Ilki öwredipdi mugallym dili.



Ilkinji edebi şondan öwrendik.

Edebi ozalam bilýärdik weli,
Edep diýen zadyň uly manysyn

Has aýdyň edipdi mugallym dili.



Ilkinji «A» harpyn şondan öwrendik.

«A» harpyn ozalam bilýärdik weli,

«A» diýen harpdan soň «B»-niň bardygyn

Ilki owredipdi mugallym dili.



Watanyň başyna iş düşen güni,

Moskwaň üstüne çekende bulut –

Biz üçin ilkinji boluşy ýaly,

Ýene-de gitdi ol ilkinji bolup.



Gidişi, gidişi –

Gelmedi gaýdyp...

Ýaşyny hasaplap otursam indi,

Onunjy klasly Nazar oglumyň

Ýaşyna-da ýetmän ekeni şindi...




Öwrenmeliň ähli talyplatyny we okuwçylaryny ýetip gelen "Bilimler we talyp ýaşlar" güni bilen gutlaýaryn!
Şowlulyk arzuw edýän!📝

26
369
flowers_
2 Sentýabr 2024
flowers_
2 Sentýabr 2024
@gunesh_, profil surata dagy sereda gündenem gyzgyna meñzeýäñle))
flowers_
2 Sentýabr 2024
@gunesh_, menem beýlede yazamsoñ üns bermandirin🤦‍♀️, Salam, şükür, ýagşy:)
manolya
2 Sentýabr 2024
@flowers_, aha hökman 😚😁
flowers_
2 Sentýabr 2024
@manolya, habarlaşyp dur şeýdip)
manolya
2 Sentýabr 2024
@flowers_, hawa, boş wagt tapsam geläýmesem işler bilen başagayrak
flowers_
2 Sentýabr 2024
@manolya, gaýrat et, senem kõp geleñokmy bu ýerlere indi)
manolya
2 Sentýabr 2024
@flowers_, belki 😊 umytdan düşmän gaýta tersine boldy indi öňkiden iki esse köp okajaga bolaryn ))
manolya
2 Sentýabr 2024
@flowers_, hawa meň islänim dälde ýaradanyň isleýşi ýaly boldy 🙄 haýyr bardyr diýýän weli ....ýa bolmajagymykaraý
flowers_
2 Sentýabr 2024
@manolya, aý bolýa, bähbitlisi şodyr belki, ýeneki ýyllara nesip bolsa.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.