https://owrenmeli.app/72038-garagoulmasyz-mrde-gara-goulan-gnler..html#comment
flowers_
21.08.2024 20:47
(dowamy)
Gaýragoýulmasyz ömürde gaýra goýulýan günler...
Aýgül Garaýewa.
Mysaly daşdan gözläp oturjak däl, çagakaň dünýäni duýşuň bilen, häzir belli bir ýaşy arka atanyňdan soňky duýjak bolşuň deň däl.
Ýadyma düşýär, çagakam durmuşyň meniň üçin täsinliginden ýaňa «Hemme adamlary gujaklap biler ýaly çaltrak ulalsamdym. Olaryň hemmesine özümi gowy gördürip, kömek etsedim» diýen ýaly arzuwlary edýärdim.
Daşary ýurtly ýazyjylaryň biriniň dünýäni öz bolşy ýaly ajaýyp görnüşde diňe çaganyň duýup bilýändigi, mümkin bolsa, özümiziň çagalyk duýgularymyza ýygy-ýygydan gaýdyp gelip durmalydygymyz hakyndaky ýazan iňňän täsirli eserini okap, pikir edýän, eger men çagakam şeýle arzuwlary eden bolsam, çaganyň dünýäni duýup bilşem hakyky bolsa, diýmek, meniň arzuwlarymdaky mähre teşne adamlaryň, kömege mätäç adamlaryň bardygy dogry bolmaly. Ine, şol adamlar bar hem diýeli, ýöne şol men hany?! Men öz-özümi ýitiripdirinmi?!
Aýyn bolmasa, «bäş günlük dünýä» diýmäge öwrenişipdiris. Dünýä bäş günlük bolsa, onda bu hallyň-sallyňlar näme?! Düýn elimiz degmän görüp bilmedik ýerlerimiz çar tarapdan bize seredişip otyrlar, ol ýerlerde bolsa müňlerçe adamlar. Ähli ýerde biziň öz ornumyz bar. Barmaly, görmeli, öz ykbalyň eçilýän her bagtly pursatyna mynasyp eýe bolmaly.
Bagt baýlykdadyr öýdýän bolsaň, bar, giden mal-mülk toplajak bolup ýakynlaryna ýeterlik mähir-muhabbet eçilmedik adamyň ýanyna, ony diňle. Hem-ä, onuň derdi egsiler, hem özüň baýlyk hakdaky eden pikirleriň bärdengaýtma, telekdigine göz ýetirersiň, ýa ol hakda öň ýetik sagdyn düşünjäň bar bolsa, ony berkidip gaýdarsyň.
Ýa-da goňşusynyň durmuşyny özüniňkiden bagtly saýyp, öz-özüni kemsidip ýörene duşup, onuň hem bagtlydygyny, ýöne goňşusynyňka meňzeş däl-de, başga, özboluşly bagtyň eýesidigini düşündirip bilseň-ä, has gowy. Bu meger, ol ynsanyň täzeden dünýä inmegine barabar täsin pursat bolup aňynda galar.
Bagtsyz adamyň ýoklugyna bolsa, özüm-ä edil her säher Günüň parlap dogjakdygyna ynanyşym ýaly ynanýaryn. Ýöne ol adamyň özi öz bagtyny duýup bilmese, ol nädip başgalara bagtly görünsin. Bagt hem, biziň sandygyň düýbüne oklanyp, haçan geýiljegi belli bolmadyk täze köýnegimiz ýaly, onuň ýüreginiň çuň düýbünde ýygrylyp ýatan bolaýmasyn?!
Şonuň üçin özümiziň, bir-biregiň bagtyny sözüň göni manysynda görüp bilmegi başaralyň! Pasly-bahara çalymdaş ömrümiziň her gününiň toýdugyna düşünip, gaýragoýulmasyz ömrümiziň gaýra goýlan gününe garaşyp, sandykda ýatan täze lybaslarymyzy geýip, ýürek töründe ýygrylyp ýatan öz bagtymyzyň elinden tutup, daşaryk — dünýä çykalyň!
15
23