Zenanlara.
Gyz ýüregi näzik bolar diýýärler,
Emma beýnisini aňlamak - da kyn.
Diýjegiň kelläňde üç gezek aýlap,
Diýýäýmeseň ters düşünmegi mümkin.
Gahar edip bir söz ýalňyş sözleseň,
Ol sözi on sany tarapa çeker.
Elmydama süýji bolmaz dilleri,
Käte şerebesin dilinden döker.
Kelläňe gelmejek many çykarar,
Ýalňyşlykda diýen sözüň yzyndan.
Öýlenen bolsaňa işiň gaýtdygy,
Gaharyny çykarar ogul - gyzyňdan.
Tüweleme ýatkeşligem güýçlidir,
Degen bolsaň bir söz bilen göwnüne.
Sähel düşünşmezlik bolsa arada,
Diýen sözleň ýatdan çykmaz ömrüne.
Göwnüňize almaň mährem zenanlar,
Siz hakdaky dogry aýdan zadymy.
Sähelçe sözünden kemçilik gözläp,
Haýyşt almaň ýigitleriň badyny.
Döwlet Garaýew.