Dünýe barada.
«Çüýrük dünýe!» diýýärler.
Bu niçiksi çüýrük sen?
Ýaşmagyňy sypyr-da,
Bir baksana bärik sen.
Syrdy Dünýe ýaşmagyn.
Tegelek ýüz açyldy.
Alkymdan nur saçylsa,
Dodakdan bal saçyldy.
Gözüm gamaşyp gitdi.
Ýüzüniň ýalkymyndan.
Sypadym maňlaýyndan,
Ysgadym alkymyndan.
«Çüýrük dünýe!» diýýärler.
Beýle-de çüýrük bormy?
Çüýrügi ysgap bormy?
Çüýrügi sorup bormy?
Gül ekeni durşuna!
Bal ekeni durşuna!
...Hemmämizi hopba edip
Öz togalak gerşine,
Ölçäp kimiň Ýalana,
Çyna şärikligini,
Dünýäň özi seçip barýar.
Kimiň çuýrükligini.
Kerim Gurbannepesow