flowers_
05.09.2024 11:09

Kemsinme, ezizim…

Söýgi köýnek ýaly geýilýän däldir...
Kemsinme, ezizim,
Kemsinme asla,
Geýýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.

Kemsinme, ezizim, durmuşda häli
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok.
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.

Kemsinme, ezizim, berme gama ýan,
Ir-giç seniň sargydyňy bitirin.
Häzir men bergimi üzmäge barýan,
Soň saňa köýneklik mata getirin.

Maňlaýdan der saçyp,
Dilden dür saçyp,
Işleýärin, baýlygym ýok, pulum ýok.
Ýöne men bir zady aýdaýyn açyk:
Meniň senden başga söýýän gülüm ýok.

Men seni söýýärin,
Söýýärin, ýöne
Söýgi köýnek ýaly geýilýän däldir.
Geýnüwli gelinler, Aý dek gelinler,
Belki, seniň ýaly söýülýän däldir.

Jumanazar ANNAORAZOW.

13
65
sazsoft
6 Sentýabr 2024
«Geýnüwli gelinler, Aý dek gelinler,
Belki, seniň ýaly söýülýän däldir». 💗
navat_
6 Sentýabr 2024
@flowers_, su gezek sozim soz😊
flowers_
6 Sentýabr 2024
@navat_, tüweleme, öñemä kop diýdiñ şo sözi berkje dur sözüñde), erbedem dal menem kop girip bilemok su gunlera
navat_
6 Sentýabr 2024
@flowers_, Owrenmeli birhili önkiii yaly gyzykly dalmi ya banami oyle geldi...🤕
navat_
6 Sentýabr 2024
@flowers_, bu yyl dine okuw gelnejemjan soygi durmusymda yok bu yyl😄
navat_
6 Sentýabr 2024
@flowers_, okayana dun eyyam topardan 1nji 5 ligi alan men😁ozem pedagogikdan🤗
flowers_
6 Sentýabr 2024
@navat_, senem joradan başga zat tapañokmy😁, köpürak oka ondana)
navat_
6 Sentýabr 2024
@flowers_,hawa gowculyk...😊
navat_
6 Sentýabr 2024
@flowers_, yokla gelnejemjan gomparamzok mena eyyam 1 lardam 3 kişi bn jora boldum kitaphanada tanysyp egzaminler nahili sapaklar kynmy diyip sorayalar dine
flowers_
6 Sentýabr 2024
@Perman__, senem gõrme bar eken bu ýerlerde)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.