flowers_
19.12.2023 23:42
Hyzmatynyň gadryn biljek,
Gaýyn duşsyn gowy geline.
Edil öz gyzy deý görjek,
Gaýyn duşsyn gowy geline.

Ýaş çatynja öwüt berjek,
Balam diýip ganat gerjek.
Ýamanlap däl, öwüp gezjek,
Gaýyn duşsyn gowy geline.

Aýtsyn kemini özüne,
Ezdirmesin hiç gyzyna.
Mydam düşürjek yzyna,
Gaýyn duşsyn gowy geline.

Ogluna gep içirmeýän,
Azar berip göçürmeýän.
Bagt guşuny uçurmaýan,
Gaýyn duşsyn gowy geline.
38
201
flowers_
19.12.2023 17:30
Ölümin saati yok. Yaninizdaki kişiye değer verin; kirmayin onu. Durup, durup sevdiğinizi söyleyin, özel hissettirin. En ufak bi şeyde bitti demeyin, ağlatmayin, üzmeyin. Neden mi?
Çünkü ölümün saati yok.


#Doğan Cüceloğlu.
46
183
flowers_
18.12.2023 23:47
Gyş geldi,
Yşkdan doly bir derde uçrap,
Badymyň gowşanyn biläýen ýaly,
Uzak aýralygy depeläp, syçrap,
Köne dostum gaýdyp geläýen ýaly.
Hatalarmy ýuwmak üçin gar bilen,
Öz öňümde aklamaga özümi,
Döwüş gurap köräp duran nar bilen,
Sowatmaga ýüregimiň közüni.
Aklyk bolup ýagyp dur ol alnyma,
Täzaden direnip-dörärim ýaly,
Ýagyp dur ol, ak bolsun diýip, ýoluma,
Doňup dur seresap ýörärim ýaly.


Ýüzümden däl, ýüzüme gar ýagyp dur,
Gözden däl, gözüme düşýär tozgasy.
Hem ýadyma düşýär ýaşan ömrümiň
Sensiz geçen günlerinden özgesi.


Synla gary bu bir duranja joşgun,
Seniň ylham beren gözleriň ýaly.
Päk ol gursagymda gizlenen yşgym
Hem aýdylman galan sözlerim ýaly.


Odumyza özümizi ýakdyp biz,
Kebelegiň ömrün soňlaýşy ýaly.
Sensiz oňman, güýzüň sary ýapraksyz,
Gyşyň bolsa garsyz oňmaýşy ýaly.
43
92
flowers_
18.12.2023 15:52
Siziň gürrüňdeşiňiziň aýdýan zatlarynyň boýdan-başa ýalňyş bolmagynyňam mümkindigini ýadyňyzda saklaň. Ýöne onuň içki pikiri beýle dälem bolup biler. Şonuň üçinem ony köteklemäň. Beýtmegi her bir samsygam başarar. Oňa düşünmäge çalyşyň. Diňe akylly, kanagatly gowy adamlar şeýtmäge synanşar.
Näme üçin ol adam şeýle pikirlenýär we başga hili etmän, hut şu hili hereket edýär? Munuň sebäbi bardyr. Şol gizlin sebäbi tapyp bilseň, onuň hereketleriniň, belki-de şahsyýetiniň açary siziň eliňize düşer.
Çynyňyz bilen onuň ýerinde özüňizi goýjak boluň. "Eger men şunyň ýagdaýyna düşsem, özümi nähili duýardym, näme ederdim" diýip öz-özüňizden soraň. Şeýtseňiz köp wagtyňyzy aýap hem-de saglygyňyzy saklap bilersiňiz "Eger biz sebäbi bilen gyzyklansak, ahyrky netijäniň ýakymsyz bolmak mümkinçiligi azalýar". Munuň üstesine-de, adamlar bilen aragatnaşyk meselesinde siziň ussatlygyňyz çalt öser.

ZATLARA ÖZ GÜRRÜŇDEŞIŇIZIŇ NUKDAÝNAZARY BILEN SERETMÄGE ÇYNYŇYZ BILEN YMTYLYŇ!


"Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli" kitapdan.
41
147
flowers_
17.12.2023 22:03
Söz däl, gözüň bilen ýaralap gitdiň,
Näçe garaşsamam, dolanmadyň sen.
Gardan ak söýgüni garalap gitdiň,
Oňarmadyň sen!


Mährim ýyly küýsäp kalbyňa aksa,
Eremän, tersine, sowapmydyň sen?!
Ýada, munda söýgiň ýokdugy hakda,
Jogapmydyň sen?!


Aýgül Garaýewa.
37
91
flowers_
17.12.2023 14:40
Ýaşlygymyz geçer gider,
Nuruny saçar gider.
Söýgi bilen durmuşyň,
Gapysyn açar gider.

♡♡♡♡
Almany alyp bolmaz,
Şahasyn döwüp bolmaz.
Meniň Sähra joramyň,
Göwnüne degip bolmaz.

♡♡♡♡
Sary gülem gül welin,
Gyzyl güle meňzemez.
Hemme gyzam gyz welin,
Sähra gyza meňzemez.

♡♡♡♡
Sen hoşlaşjak bolma ýalbarýan ýaşlyk,
Daňyp saklap bilmejegime ynanýan ýaşlyk.
Ýap-ýaňy elime gül beren ýaşlyk,
Indi gaýdyp gelmejegiňe ynanýan ýaşlyk.

♡♡♡♡
Ýaşlygym jan ýaşlygym,
Ýada salar ýaşlygym.
Şu owadan gyzlary,
Ýadan salan ýaşlygym.

♡♡♡♡
Ýaşlygymy ýazýaryn
Şu owadan sözleri
Ýöne ýatlap bilerin
Joram bolan gyzlary.

♡♡♡♡
Epleýänä, epleýän,
El ýalygmy epleýän.
Seniň tutan ýaşlygyň
Tüýs ýürekden gutlaýan.

♡♡♡♡
Her ýyllar, her günler
Saňa bagt getirsin
Ýüregiňde besleýän
Arzuwlaryňa ýetirsin.

♡♡♡♡
Ýaşlyk albomyňy berdiň maňa
Ýadigärlik ýazdym saňa
Bizden aýra düşeňde
Ýadigärlik galsyn saňa.

♡♡♡♡
El goýduma, el goýdum
El üstünde gül goýdum.
Men-ä ýazyp gutardym,
Ýazjaklara ýer goýdum.


#Klasdaşlarym.🤗
36
234
flowers_
16.12.2023 21:10
Her bir hoş sözi ýerine düşürip, başaryp aýdyp bilmegiň ullakan ähmiýeti bar. Şeýdilse kän adamlaryň saglygyny gorap boljak.

•Bahylçylyk, köplenç halatda, diňe asgyn bilen güýçliniň arasynda döreýär: asgyn güýçlini gabanýar.

•Uly şahsyýet kiçijik zatlarda-da özüniň ululygyny görkezýär.

•Hoş söz satylýan zat däl: ony zerur ýerinde gysganman paýlamak gerek.

•Şöhrat adamyň gaýratyny ölçemek üçin iň uly synagdyr.

•Ulumsylyk uly adamyny-da kiçeldip görkezýär. Kiçigöwünlilik kiçi adamyny-da ulaldýar.

•Özgä guwanyp bilmeseň, saňa guwanmazlar.

•Batyr adamyň batyrçylygy hakynda olaryň özüni gepletmek bigelşik bolýar. Adam öz barlygy barada näçe edeplilik bilen gürrüň berse-de, ol seniň gözleriň öňünde ýuwaş-ýuwaşdan pese gaçýar.

•Gomparmagy gowy görýän adamlar öz doglan obasyndan näçe uzaga gitdigiçe, şonça-da beter gompuldaýarlar. Sebäbi ol ýerlerde olary tanaýan adam ýok.

•Öz dostuňdan gizlin saklaýan syrlaryňy hasaplap gör. Şol syrlaryň möçberi näçe köp boldugyça, şonça-da sen öz dostuňdan uzakdasyň.

•Hakyky ýazyjy tankytçydan gorkmaýar. Ol diňe okyjydan gorkýar.


Taýýarlan: Ogultar Çaryýewa.
42
75
flowers_
16.12.2023 13:39
Saglygyň iň uly eşreti dünýäden lezzet alyp bilmekde.

▪︎Ähli sagdyn adamlar durmuşy söýýändir.

▪︎Umyt iň uly lukmandyr.

▪︎Lukman keseli bejerýär, saglygy bolsa özüň gazanmaly.

▪︎Saglyk-hiliň hem-de mukdaryň sazlaşykly deň agramlylygy.

▪︎ Sagalmagyň wajyp şertleriniň biri-de sagdynlyga ymtylmakdyr.

▪︎Saglyk-hemme zat däl, ýöne hemme zat saglyksyz hiç zatdyr.

▪︎Dynç almaga wagt tapmaýan adam irde-giçde saglygyny bejermäge wagt tapmaly bolar.

▪︎Bagt- bu gowy saglyk bilen gowşak ýatkeşlikdir.


Toplan:Guldurdy Atabaýew.
38
43
flowers_
15.12.2023 19:43
Çagany söýmän adamzady söýüp bolmaz.
#F.Dostaýewski

•Ata çagasyny ýaşlykdan bibaş edip ýetişdirse, ýazyk çaga-da däl, atadadyr.
#Ýusup Balsagully

•Çaga ýaly bolmak şübhesiz kämillikdir. Beýik kişiniň çaga ýaly bolmasy kiçilik däldir.
#Jelaleddin Rumy

•Saglyk ýaly dost, hassalyk ýaly duşman, çagaň söýgüsi ýaly söýgi ýokdur.
#Hindi nakyly

•Eger ulular terbiýeli bolsalar, çagalaryň özleri hem terbiýelener.
#Luiza Heý

•Çaga terbiýelemegi başarmak durmuşy giňden bilmegi talap edýän beýik işdir.
#M.Gorkiý

•Eger çaga ýaşaýan öýüniň oňa-da degişlidigini duýmasa, ol köçäni öý ediner.
#Nadin de Rotşild

•Her bir çaganyň özboluşly dünýägaraýşy, pikirlenişi bar. Olaryň dünýägaraýyşlaryny özüňkä görä üýtgetmeklik akmaklykdyr.
#Žan Žak Russo

•Çagalar ululara ynanyp, olaryň göreldesine eýerip ýaşaýarlar.
#Lýudwig Witgenşteýn

•Çagany terbrbiýeleýärkäň,gowusy ony duýdurmazlykdyr.
#Oskar Uaýald

•Çagalar biziň garrylygymyzdyr. Dogry terbiýe- bu biziň garrylygmyzdyr, erbet terbiýe bu biziň gelejekki gaýgymyz, gözýaşymyz we beýleki adamlaryň öňündäki günämizdir.
#A.S. Makareno


Taýýarlan: N. Hakimowa.
42
117
flowers_
15.12.2023 13:28
Bilýän, kän göwnüňe degýärin seniň,
Günäsizkäň gaharlanyp ýerliksiz.
Seniň täk ýazygyň, men ýaly däliň,
Ykbalyma peşgeş edip berlipsiň.
Haýyş, hemmesine dişiňi gysda
Meni bagyşla!


Bilýän seni aşa gabanýanymy,
Pikirlerime gijäň reňki çaýylan.
Käte müňkirligem edäýmäm bardyr,
Ýogsam söýýän bir perişde saýybam,
Sen baryna düşünmäge çalyş-da
Meni bagyşla!


Bilýän juda gyňralygny gylygmyň,
Käte bolýanlygymy ýürege düşgünç.
A sen şol pursatda edil ýüregimiň
üstünden hanjar deý sözleriňi sünç.
Çydaman jan bersem ýygnama meýdim,
Çöllerde gurtlara şam edip taşla.
Ýöne men dirikäm gitme ýanymdan,
Ýöne men dirikäm meni bagyşla!


Mätgurban Mätgurbanow.
51
363