flowers_
15.12.2023 13:28
Bilýän, kän göwnüňe degýärin seniň,
Günäsizkäň gaharlanyp ýerliksiz.
Seniň täk ýazygyň, men ýaly däliň,
Ykbalyma peşgeş edip berlipsiň.
Haýyş, hemmesine dişiňi gysda
Meni bagyşla!


Bilýän seni aşa gabanýanymy,
Pikirlerime gijäň reňki çaýylan.
Käte müňkirligem edäýmäm bardyr,
Ýogsam söýýän bir perişde saýybam,
Sen baryna düşünmäge çalyş-da
Meni bagyşla!


Bilýän juda gyňralygny gylygmyň,
Käte bolýanlygymy ýürege düşgünç.
A sen şol pursatda edil ýüregimiň
üstünden hanjar deý sözleriňi sünç.
Çydaman jan bersem ýygnama meýdim,
Çöllerde gurtlara şam edip taşla.
Ýöne men dirikäm gitme ýanymdan,
Ýöne men dirikäm meni bagyşla!


Mätgurban Mätgurbanow.
51
363
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
@Crazy, Bolýa. Belki, bolup biler.
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
@flowers_, gerek bolsa oňada jaň edip bilýän:)
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
@Crazy, barybir seniň bilen bile boljak. Esasy zat dirikäm ýanymdan gitme, meni bagyşla diýýär.
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
@Crazy, Şo sözlere çydaman jan bersem meýdimi ýygnama diýýä (şu ýerde logika işletmeli, znaçit nähili söz aýdaňda-da kabul ederin. Sözleriň meni "öldürmez" (ölmek şu ýerde-de göçme , umydym, arzuwym ýok bolmaz)
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
@Crazy, wot imenno, şo aşagy şo söze baglanyp gidýär. "Asen şol pursatda edil ýüregmiň üstünden hanjar deý sözlerňi sünç" diýýär.
askym
15 Dekabr 2023
Salam gyz oglanyn diyenini etse oglan gyzy hic wagta terk etmez
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
@Crazy, aşkada-da aytdym. Awtor şony diýmek bilen sözler bilen öldir diýýär. Özüniň günäsini boýnuna alýar. Eger günàsi bolmasa-da hemme zada taýýar, ýöne gitme diýýär.
ylham_gurbanaly
15 Dekabr 2023
@Crazy, Salam. Gowy, özüňiz nähili? Hawa, menem aşakda belläp geçdim.
sazsoft
15 Dekabr 2023
@Crazy, Şu zatlary aýdyp bileniň, şol ol zatlary etmejegine şübhe ýok :)
sazsoft
15 Dekabr 2023
@flowers_, Salam! Hehe, jogap ýok :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.