flowers_
15.12.2023 19:43
Çagany söýmän adamzady söýüp bolmaz.
#F.Dostaýewski

•Ata çagasyny ýaşlykdan bibaş edip ýetişdirse, ýazyk çaga-da däl, atadadyr.
#Ýusup Balsagully

•Çaga ýaly bolmak şübhesiz kämillikdir. Beýik kişiniň çaga ýaly bolmasy kiçilik däldir.
#Jelaleddin Rumy

•Saglyk ýaly dost, hassalyk ýaly duşman, çagaň söýgüsi ýaly söýgi ýokdur.
#Hindi nakyly

•Eger ulular terbiýeli bolsalar, çagalaryň özleri hem terbiýelener.
#Luiza Heý

•Çaga terbiýelemegi başarmak durmuşy giňden bilmegi talap edýän beýik işdir.
#M.Gorkiý

•Eger çaga ýaşaýan öýüniň oňa-da degişlidigini duýmasa, ol köçäni öý ediner.
#Nadin de Rotşild

•Her bir çaganyň özboluşly dünýägaraýşy, pikirlenişi bar. Olaryň dünýägaraýyşlaryny özüňkä görä üýtgetmeklik akmaklykdyr.
#Žan Žak Russo

•Çagalar ululara ynanyp, olaryň göreldesine eýerip ýaşaýarlar.
#Lýudwig Witgenşteýn

•Çagany terbrbiýeleýärkäň,gowusy ony duýdurmazlykdyr.
#Oskar Uaýald

•Çagalar biziň garrylygymyzdyr. Dogry terbiýe- bu biziň garrylygmyzdyr, erbet terbiýe bu biziň gelejekki gaýgymyz, gözýaşymyz we beýleki adamlaryň öňündäki günämizdir.
#A.S. Makareno


Taýýarlan: N. Hakimowa.
42
117
okayjy
15 Dekabr 2023
#Nadin de Rotşild. 👏👏👏
tmyigit76
15 Dekabr 2023
Ulalanda iş hoş gelmez, ýaşlykda köýmän ýigide (Magtymguly)
gulshatayewa97
15 Dekabr 2023
Her kim maňa çaga ýaly bolup ulanman geçdiňäý diýä welin, asyl kämillik diýsene😍😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.