flowers_
19.12.2023 23:42
Hyzmatynyň gadryn biljek,
Gaýyn duşsyn gowy geline.
Edil öz gyzy deý görjek,
Gaýyn duşsyn gowy geline.

Ýaş çatynja öwüt berjek,
Balam diýip ganat gerjek.
Ýamanlap däl, öwüp gezjek,
Gaýyn duşsyn gowy geline.

Aýtsyn kemini özüne,
Ezdirmesin hiç gyzyna.
Mydam düşürjek yzyna,
Gaýyn duşsyn gowy geline.

Ogluna gep içirmeýän,
Azar berip göçürmeýän.
Bagt guşuny uçurmaýan,
Gaýyn duşsyn gowy geline.
38
201
nuranow
20 Dekabr 2023
@flowers_, 👍
sazsoft
20 Dekabr 2023
@flowers_, wiýýý 😊
sazsoft
20 Dekabr 2023
@flowers_, Sag boluň, siziňem gijäňiz rahat! 🌛
nuranow
20 Dekabr 2023
Hany bolýa gijäňiz rahat bolsun 🙋‍♂️
sazsoft
20 Dekabr 2023
@flowers_, Hawa, Bekrewe :))
sazsoft
20 Dekabr 2023
@flowers_, Ol gara stikerler hiç-le, öň 🤰🤱 - şu stikerler hem 3 hatar bolup durýardy 🤦🤦🤦 Soň düzedipdirler, biri görüp aýdandyr-da :)))
nuranow
20 Dekabr 2023
@alone_girl_05, barýan🏃‍♂️
nuranow
20 Dekabr 2023
@flowers_, aý inni danasyran bolaýyna 😜 Hiç zat bilmesem 😁
nuranow
20 Dekabr 2023
@alone_girl_05, bolýa paka menem gitdim.🙋‍♂️
nuranow
20 Dekabr 2023
Içi gara bolmaň gowy zat dällir
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.