flowers_
09.01.2024 02:14
NÄME ÜÇIN?!


Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Du:şman nirde bolduň ir baharlarda?

Saňa çenli täleýime gargynyp,

Duşman boldum oňa ir säherlerde.

 

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Çekerdim-ä illeň çeken näzini.

Tutuş ömür boýy gözledim ahyr,

Sen deý arassa gan türkmen gyzyny

 

Sen maň näme üçin ir sataşmadyň?!

Dözmediňmi pyntyk wagtyň özüňi?

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Ýa-da artyk saýdyňmy sen özüňi?

 

Hiçden giç ýagşymy, ýa giçden hiçmi?

Manysyny bilmän galýan azara.

Orta ýolda duşan eý, zalym peri

Nädip meni eýläp bildiň awara?!

 

Sen maňa näme üçin ir sataşmadyň?!

Dözmediňmi pyntyklaňda özüňi?

“Herki zadyň öz wagty bar, sagady”

Diýip gaýta alawladýaň közümi.



Sädi SÄDIÝEW.
41
75
flowers_
08.01.2024 21:05
Goňşy hakda aýdylanlar.


«Üç hili goňşy bardyr. Bir hakly goňşy, iki hakly goňşy, üç hakly goňşy. Üç hakly goňşy iň ýagşysy hasaplanýar. Bir hakly goňşy Hudaýy bir bilmeýän, kapyr adam bolup, onuň diňe goňşy haky bardyr. Iki hakly goňşy musulman goňşyň bolup, onda goňşuçylygyň hem-de yslamyň haky bar. Üç hakly goňşy musulman bolan garyndaş goňşyňdyr. Onda goňşuçylyk, musulmançylyk we garyndaşlyk haky bar, ine şu goňşynyň haky seniň öňüňde iň beýigidir. Goňşyny sylamagyň iň bärkije edebi, gazanyňda gowran etiňden, onuň tabagyna guýmajak bolsaň, oňa dadyrmajak bolsaň, gowrulan etiň ysy bilen oňa ezýet bermezlikdir».
***
Iň gözel gylyklar on sanydyr.
Olar: dilegçini sylamak, ýagşy iş edene serpaý bermek, bela-betere sabyr etmek, goňşularyň we dostlaryň hakyny ödemek, dogry sözlülik, garyndaşlyk gatnaşygyny üzmezlik, amanat zady abat saklamak, myhmansöýer bolmak, ýagşy iş edeni sylaglamak, utanç-haýaly bolmak.
***
Goşun serkerdesi Harp ibn Sagt şeýle diýdi: «Ýaşlygyň aslyýeti adamkärçilikdir. Adamkärçilik bolsa gözel ahlaklardan ybarat. Ýaşlygyň asly akyl bilendir, akylda bolsa utanç duýgusy bar. Ýaşlygyň başy gabahat işlerden goranyp bilmek, bezegi edep, kämilligi takwalyk, garyndaşlaryňy goramak, ene-ataňa ýagşylyk, haýyr işe yhlas etmek, goňşularyň bilen hoşniýetli ýaşamak, dymmany başarmak, kişi zadyna göz gyzdyrmazlyk, süýji we dogry sözli gezmek, dostlaryňa wepaly bolmak, amanady gaýtarmak, söhbetdeşiňi sylamak, syr saklap bilmek, bela-betere çydamly bolmak, görip bolmazlyk, namysyňy goramak, ynsabyňa wepaly, şükürli, päk ýürekli adamlara ýürekdeş bolmakdyr. Şu häsiýetleri özünde jemlän ýigit kämil ýigitdir».
***
«Ýagşy ahlak, hoşniýetli goňşuçylyk we garyndaşlyk gatnaşygy ýurduňyzy düzeldip, ömrüňizi uzaldar».
***
«Her kim üç zada eýe bolsa, işi kämil bolar. Eger ony goňşusy, dosty we garyndaşy öwüp, alkyşlasa».
***
Abu Sewret Tam şeýle diýdi: «Howlusyndaky garynjalara Adyý ibn Hatamyň çörek owradyp berýändigini gördüm. Men ondan munuň sebäbini soranymda: «Bular meniň goňşularym. Goňşynyň haky bar» diýdi.
***
«Goňşularyňa ýagşylyk etmek isleseň, uzakdakydan däl-de, ýakynyndan başla».
***
«Dört hili baglanyşyk bar: söýgi baglanyşygy, garyndaşlyk baglanyşygy, hünär-iş baglanyşygy we goňşy baglanyşygy».
***
«Biz şeýle bir zamanada ýaşadyk, eger biriniň goňşusy öz haýyşyny bitirmek üçin başga birine dilege barsa, onuň goňşusy dostlarynyň ýanynda nägile bolup: «Pylanyny bilýärmiň, haýyşyny bitirtjek bolup menden başgalara ýüz öwürýär, näme meni kemsitjek bolýarmyka?» diýýärdi».


Taýýarlan: Aýna ATAJUMAÝEWA.
35
137
flowers_
08.01.2024 15:38
Meşhur ýazyjylaryň soňky sözleri.




Dünýä edebiýatynda möhüm yz galdyran ýazyjylaryň eserlerini okamak biziň üçin elmydama gyzykly. Bu habarda bolsa olaryň dünýäden ötmänkä aýdan soňky sözleri orun alýar.

#Emili Dikkinson:
«Içeri girmek gerek, çünki daşary dumanly».

#Jeýms Joýs:
«Kimdir biri düşünýärmi?»

#Jeýn Ostin:
«Häzir meniň isleýän ýekeje zadym ölmek. Ölümden başga zat islämok».

#Gýote:
«Ýagtylyk! Ýene we ýene-de ýagtylyk!».

#Franz Kafka:
«Ezizim Maks, senden soňky islegim: menden galan ähli zatlary — gündeliklerimi, golýazmalarymy hem-de maňa gelen barça hatlardyr garalamalarymy we eskizlerimiň hemmesini ýakyp goýber».

#Ketrin Mensfild:
«Ölümimiň ýakyndygyny duýýaryn. Ýagyşy halaýaryn. Has hem ýagyş damjalarynyň ýüzüme gelşini…»

#Mark Twen:
«Kyýamat gününe çenli sag boluň. Nesip bolsa, görüşeris …»

#Nikolaý Gogol:
«Merdiwan, derrew bir merdiwan getiriň».

#O’Genri:
«Çyralary ýakyň. Garaňkylykda öýe gitmek islämok».

#Oskar Waýld:
«Ýa-ha diwar ýykyldy, ýa-da men».

#Robert Luis Stiwenson:
«Biçäre görünýärinmi?».

#Samuel Johnson:
«Öljek bolýaryn».

#Wiktor Gýugo:
«Garaňkylygyň içinde bir yşyk görýärin».



Arzuw ÖWEZOWA.
37
130
flowers_
08.01.2024 01:22
Salam Öwrenmeliň mähriban agzalary!

Men bu postumy
@beghanym agzamyzyň gurnan konkursynyň birinji şerti üçin açtym.

Şertde gahryman zenanlarymyzy wasp etmeli diýilipdir. Meniň ilkinji gahryman zenanym ejemjan.

"Ýürek gysýar, dertler artýar gün-günden
Käbäm ejem ýeñletsene dertlerim!
Ysgyn-mydar gaçyp barýar tenimden,
Janym ejem ýeñletsene dertlerim!
Kyn ekeni durmuş diýlen bu oýun,
Dertler mejbur etýär egmäge boýun,
Haýyş, eje, ýene çaga bolaýyn,
Mähribanym ýeñletsene dertlerim!!!"

Ömrüni çagalarynyň gowy durmuşda ýaşamagy üçin bagyş eden, munuň üçin hiç bir işden gaçmadyk, kynçylyklary mert durup ýeňip geçen mähriban hem gahryman zenanym.

"Gijeler uklaman üstüm basyryp,
Goransyň sen meni sowukdan çygdan,
Ulaltdyň balaňy arzuwlar bilen
Ündäp ýöremegi dogry ýollardan."

Maňa beren terbiýäň üçin ömrümiň ahyryna çenli minnetdar bolup gezerin. Seni näçe wasp etsem hem azdyr ejemjan.

"Nokat ýaly bähbit üçin
Otur ýaly egilmedim
Beýik başym aman tutdum
Pesler bilen deňelmedim
EJE

Aç galsaňam adyl ýaşa
Wagyzyňy unutmadym
Hemsyrdaşym Zemin asman
Sözüme ýalan gatmadym
Eje"

Şeýle zenany dünýä getiren ýene bir gahrymanym olam mamamjan, ýatan ýeri ýagty, jaýy Jennetden bolsun. Köp kynçylyklary başdan geçiren 1948 ýylyň ýowuz günlerini, açlyk döwrüni, SSSR iň ähli külpetlerini başdan geçiren mähriban mamamjan 90 ýaşlarynda dünýeden ötdi. Ol hakynda ýadymda galan zatlar örüp beren ýüň joraplary, alajalary şeýle-de "Menem siziňki ýaly harplarda hat ýazyp bilýän" diýen sözleri, sebäbi o döwürler latyn elipbiýinde okadylypdyr diýýä ejem.

Şeýle-de durmuşda görelde alyp ýaşaýan mähriban zenanym aýal doganym. Çagalarymy öz çagasy ýaly görýän, ýalňyşamda düzedýän,maslahat berýän iň ýakyn syrdaşym mert mähriban zenanym.

Ýene-de görelde alýan zenanym elbetde, gaýynenem. Çagalaryny göreldeli, salyhatly, ile güne, Watana gerekli adamlar edip ýetişdirmegi başaran zenan.

Başgada sanasam sogaby bar derejede gahryman zenanlar köp. Olardan daýzalarym, kakamyň aýaldoganlary, ýeňňelerim, goňşylarym garaz köp.
Şu ýerde iň halan zenan baradaky goşgymy siz bilen paýlaşaýyn:

"ZENAN DIÝMEK". - Gurt Näzliýew.

Zenan diýmek - eneňdir,
Ýary gije ýatandyr,
Daň saz berse dogandyr,
Aňzaklarda doňandyr,
Hor - zar etmejek bolup,
Gije - gündiz eňendir,
Sebäbi, ol eneňdir.

Zenan diýmek - uýaňdyr,
Ýúzúň nury, tuwagy,
Utanjaňdyr, haýaňdyr,
Ýagşy günde begenjiň,
Kyn gúnúňde söýäňdir,
Saňa geljek belanyň,
Öňüňdäki gaýaňdyr,
Sebäbi, ol uýaňdyr.

Zenan diýmek - ýaryňdyr,
Ömürlik ýanýoldaşyň,
Baýlygyňdyr, baryňdyr,
Alawlaýan ojagyň,
Namysyňdyr, aryňdyr,
Keşgiňi deň çekişýän,
Ýakyn howandaryňdyr,
Sebäbi, ol ýaryňdyr.

Zenan diýmek - gyzyňdyr,
Teşne kalbyň gandyrjak,
Aýdymyňdyr, sazyňdyr,
Ömre şatlyk getirjek,
Gül - gunçaly ýazyňdyr,
Ogul bilen deň durjak,
Dowamyňdyr, yzyňdyr,
Sebäbi, ol gyzyňdyr.

Zenan diýmek - dúnýedir,
Adamzada dowamdyr,
Gelip - gidýän demiňdir,
Sorup alýan howaňdyr,
Zenan başy dik bolsa,
Ýaşaýşa gúwäňdir.
Ondan gymmat zat bolmaz,
Tumaryňdyr, dogaňdyr.
Çünki zenan - ýaryňdyr.
Çünki zenan - gyzyňdyr.
Çünki zenan - uýaňdyr.
Çünki zenan - ENEŇDIR

Uruşda gahrymanlarça söweşen, türkmen zenanlarymyz barada näçe ýazsaň ýazyp oturmaly.
Olardan meň ilkinji okan kitaplarymyň biri hem Güljemal han baradaky kitap. Men ol kitaby 15, 16 ýaşlarymda okapdym. Men makalamyň şu ýerinde Güljemal han barada-da durup geçmekçi:

"Güljemal han Merwiñ iñ soñky hanlarynyň biridir.Onuñ döwründe türkmenler Nurberdi hanyñ baştutanlygynda birleşigi agzybirligi yola goýupdyrlar. Güljemal han 1836-njy ýylda hazirki Ahalyñ Tejen şäherinde dünýa inýär, kakasyna Töre sahy diyipdirler,Güljemal özüniñ yaş döwürlerinde ýowuz(Sarahs soweşi muňa mysal) günleri başyndan geçiren Güljemal han Sarahs söweşinde öz adamsyndan aýra düşýär. 1855-nji ýyldaky gan döküşikli Hywa-Sarahs uruşynda onun adamsy wepat bolyar.Güljemal han Teke turkmenleriň Togtamyş tiresindendir. (Teke - Togtamyş - Amanşa - Gapan - Onbegi - Soky) Ol Merw(Mary) türkmenleri bilen goşulyşmaga gelen Nurberdi hana durmuşa çykýar.Şol döwürler Lebabyň Ärsarylary hem bulara goşuluşýar,Hywa - Sarahs şöweşlerinde hem Gowşut han daşoguz ýomutlaryny öz tarapyna çekmegi başarypdy, Garrygala söweşinde hem Nurberdi han Balkan ýomutlary bilen berk baglanyşygy ýola goýýar. Umuman aýdanyňda türkmenler agzybirleşýärler.Emma 1880-nji ýylda Nurberdi hanyň zäherlenip öldürilmegi bilen Merw türkmenleriniň başynda Güljemal han Türküstany gana boýamaga gelen ruslara özüniñ tasin syýasatyny ulanýar.Bu syýasat Gökdepe galasynyň basylyp alynandan soň Güljemal han 1881-nji ýylyň Aprel aýynda rus administrasiýasynyň Aşgabatdaky wekili bilen hat arkaly Russiýa birikdirilmegi barada 1884-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda gurnalan maslahatynda taýýarlyk görmegi ýola goýýar.Şondan soňra Merwiň Russiýa ýalandan meýletin goşulmagy babatyndaky syýsaty berjaý edýar.

Öran agyr hem netijesiz gandöküşükligiň öňüni almak üçin paýhaslylyk bilen tapylan ýeke täk çykalga Guljemal hanyň sýyasaty-dy.Rus serkerdesi we onuň esgerleri Mara barýarlar we känbir dawa-jenjelsiz gan döküşmeden Maryny Rus imperiýasyna baglanyşdyrýarlar.Rus hökümeti bolsa Güljemal hany we onuň egindeşlerini sylaglaýar.Guljemal hana 2000 manat,Onuň ogly Yusup hana(1863(65)-1920) bolsa milisiyanyň kapitany diýen derejäni berýärler.

Güljemal han Merwde 1925-njy ýylda dünýäden ötýär.Güljemal han Turkmenistanyň taryhyna giren çylshyrymly hem köptaraply şahsyýet hasaplanýar."


Türkmen zenanlarymyzy näçe wasp etsek hem bärden gaýdýar, zenanlaryň waspyny bir postda beýan etmek mümkin däl.

Makalam göwnüňizden turandyr diýip umyt edýän.🙂
38
147
flowers_
07.01.2024 18:07
Keçäniň ýylysy dürli keselleri bejermäge kömek edýär. Bu barada halk arasynda şeýle rowaýat bar.

Gadym zamanlarda gum içindäki türkmen obalarynyň birinde bir eneli-gyz ýaşapdyr. Bu gyz owadanlykda obanyň ähli gyzlaryndan saýlanypdyr. Obanyň ähli adamlary akgöwünliligi, ýüregi ýukalygy, mylaýymlygy üçin bu gyzy diýseň eý görüpdirler. Ýöne, garaşylmadyk ýerden bu gözel gyz keselleýär. Ejesi onuň derdine derman tapjak bolup, bir ýerde tebip bolsa, aýlanyp çykýar. Emma olaryň hiç biriniň gyza kömegi ýetmeýär. Birden, obadaky adamlaryň biriniň ýadyna uzakdaky dagda ýaşaýan we ähli keselleri bejerýän goja düşýär. Derdi agyr biçäre ene dessine gojanyň gözlegine çykýar.

Gojanyň aýdan sözleri enäni geň galdyrýar: «Her näçe gynansam-da, men seniň gyzyňy bejererden ejiz. Bu keseliň hiç hili dermany ýok, diňe seniň özüň gyzyňa kömek edip bilersiň. Öýüňe baraňsoň, öz eliň bilen goýun ýüňünden dykyz, ýyly örtünje taýýarla hem-de gyzyňy şoňa dola. Enşalla, seniň yhlasyň keselden üstün çykar».

Gyzynyň gutuljakdygyna umyt dörän ene öýüne tarap howlugýar. Goňşularynyň hemmesi kömege ýygnanýar, her bir maşgala ýarawsyz gyzyň «şypa kürtesine» öwrüljek ýüň keçäni taýýarlamak üçin ellerinden gelen kömegini berýär. Ene gyzy üçin kalbynyň bar mährini siňdirip, ýukadan gelen, şeýle berk, şeýle dykyz örtünje taýýarlaýar. Daň atmanka keçe taýýar bolýar. Ene örtünjäni düşekde ýatan näsag gyzynyň üstüne ýapyp gyzynyň başujunda uklap galýar.

Ene ukydan oýananda, gyzynyň gapdalynda oturandygyny görüp keselden gutulanyna çäksiz begenýär. Keçä siňdiren arzuwy, yhlasy hem-de mähir-muhabbeti gyzyň keselden gutulmagy üçin tapylgysyz derman boldy.


Jennet OMUROWA.
33
78
flowers_
07.01.2024 11:43
Aktrisa bilen gürrüň

— Hindi kinosynda birje tema bar,
Olam söýgi. Ýeri, başga näme bar?

Diýip, onuň bilen gürrüň açamda,
Ak dişleri bägül ýaly açyldy.

Garaluw gözleri güldi bagtyýar:
— Dünýäde söýgüden başga näme bar?

— Hindi kinosynda aýdymdan başga,
Zat ýok — diýip bälçiredim ýamaşgan.

Ýene gara gözler ýandy bagtyýar:
— Dünýäde aýdymdan başga näme bar?

Diýip jogap berdi ol sowal bilen,
Söhbet tamamlandy 2:0 bilen.



Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
35
173
flowers_
07.01.2024 00:15
Öýlenseň, hezil eken,

Sowular ekeni niçeme derdiň.

Ownujaklar bilen güýmenip ýörmän,

Ullakan bir derde sataşar gerden.

 

Öýlenseň, hezil eken,

It degenok telefonyň puluna.

Oňa derek jübiň ýukalyp kem-kem

Baryň-ýoguň sarp edersiň “gülüňe”.

 

Öýlenseň, hezil eken,

Ýitýär göreçleňde hantamaçylyk.

Sen dertden halassyň,

Gelniňde bolsa

Dörär gabanjaňlyk diýilýän gylyk.

 

Öýlenseň hezil eken,

Eşiklerňi ütük gädip ýörenok.

Ütük boýun bolýar başga bir ele,

Ejeňdenem igenç dadyp ýöreňok.

 

Öýlenseň hezil eken,

Agşam halys gitmäge ýer tapmasaň,

Ýarym litrligi goltugňa gysyp,

Nazarlabermeli gaýyn çatmasyn.

 

Öýlenseň hezil eken,

Indi “Öýlen!” diýip igenýänem ýok.

Aý, indi diýseler etjegmi bilýän,

Öýlenäýjek ýene.

Arman bolanok.

 

Öýlenseň hezil eken,

Saýhallanýar eken bolgusyz dostlar.

Azalýan bolgusyz dostlaryň bilen

Seýreklär bolmaly-bolmasyz tostlaň.

 

Öýlenseň hezil eken,

Duşuşjak derdiň ýok gijeden-gije.

Indi peýlemersiň, peýlenersiň sen,

Sypmarsyň sypjyklyk etseň-de näçe.

 

Öýlenseň hezil eken,

Arassasyň, ne arak, ne çilim bar.

Bar zatdan mahrumsyň,

Piňiňe däldir,

Esasy zat ýanyňda öz gülüň bar.



Agageldi ITALMAZOW.
44
434
flowers_
06.01.2024 21:55
Ýürekden ýazylan şygyr: Meni ýatla.
Awtory: Mätgurban MÄTGURBANOW.


Dyrnak ýaly umyt berseň, ýeterlik,
Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men.
Şaýat boldum, hol ullakan bagyňam,
Gögerenne bir kiçijik şänikden.

*****
Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyňa deň bolýandyr miwesem.
Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,
Ýok, ýok “birden aýrylaýsak” diýme sen.

*****
Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,
Hemmämizem aglap doglan bäbejik.
Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak,
Bize berlen ömür özi nämejik.

*****
Meni ýatla, gam basanda göwnüňi,
Uran paltaň degeninde daşa ýa.
Unutmagyn bu dünýäde seň üçin,
Senden başga ýene biri ýaşaýa.

*****
Ýene toý hakynda gozgadyň gürrüň,
Ýeri, indi näme diýsemkäm eje.
Käşgä, tapyp bilsem başlamaň ugrun,
Saňa diýjeklerim diýseň kän eje.

*****
Sessiz turup gitsem soňun diňlemän,
Ýognandyr öýtmegin, ogluň ýeňsesi.
Käbäm!
Meň kakama meňzäsim gelýär,
Hany, nirden tapjak saňa meňzeşi.

*****
Kyn däl, kän gözeller gyňaç bürense,
Şol pursatda öwrülip dur geline.
Ýöne gyz gyt ýürek edip ýüregňi,
Berip boljak eline.

*****
Ýassykdaş däl, ýürekdeş meň geregim,
Tapmankam “öýlen” diýp igenmäň eje.
Meni her kim söýüp bilmez bir ömür,
Özümi özümem ýigrenýän eje.
34
87
flowers_
06.01.2024 16:32

Söýgi hakynda aýdylanlar:


 


•Söýgi herki ahlagyň özenidir.

(Şelli)


 

•Söýmek diýmek ýagşylyk etmekdir. (Tolstoý)


 

•Söýgi lezzetli ezýetdir, sebäbi söýýän adam onuň jebri- jepasyna kaýyldyr.

(Bon)


 

•Söýginiň ähli zada emri ýetýär: ýeriň ýüzünde onuň jebrinden uly jeza-da, oňa gulluk etmegiň lezzetinden uly bagt hem ýokdur.

(Şekspir)


 

•Deňlik söýgüniň iň beýik esasydyr. (Lope De Wega) 


 

•Söýgi ahlaklylygyň gülleridir, adamyň sagdyn ahlak köki bolmasa, asylly süýgüsi bolup bilmez.

(Suhomlinskiý)


 

•Söýgüde öz-özüňi söýmek dostlukda öz şahsy bähbidiňe aramak ýalydyr. (Ž. Sand)


 

•Söýmek – söýýän adamyň durmuşy bilen ýaşamakdyr.

(Tolstoý)


 

•Diňe hiç kimi ynjytman gözellige ymtylýan söygi adalatlydyr. (Demokrit)


 


Toplan: Gunça NAZAROWA.

38
153
flowers_
05.01.2024 17:53
📱El telefonynyň çagalara peýdasy we zyýany!




📱Peýdasy:

▪︎Habarlaşmak. Islendik ýagdaýda çaganyň ýanynda el telefonynyň bolmagy ene- atalary rahatlandyrýar. Çaga islendik wagt ene-atasyna jañ edip, ozüniň ýagdaýlaryny duýduryp bilýär.

▪︎ Internet. Häzirki wagtda internet tory bolmasa durmuşyň manysy gyzyksyz hasaplanýar. Çagalar interneti peýdalanyp, zerur bolan online maglumatlary çalt ýygnap bilýärler.

▪︎Ýatlamalar. Telefonyň üsti bilen surat, wideo ýazgylaryň çekilmegi köp ýyllaryň dowamynda ýaşlykdan ýatlama hökmünde saklanyp galýar.

▪︎ Aň-düşünje. Çagalaryň kompýuter we telefony ýaşlykdan peýdalanmagy aň- düşünjesiniň ösmegine, dil öwrenmegine, durmuşy täzeliklerden habarly bolmagyna ýardam berýär.


📱Zyýany:

▪︎Telefon çagalaryň ýolda diňlemegi halaýan aýdym-sazlaryny eşitmek üçin bir mümkinçilikdir. Mekdebe barýan ýollarda aýdym diňlemeklik howply ýagdaýlara getirip bilýär.

▪︎Telefon çaganyň hakyky aragatnaşygy üçin çäklendirme bolup durýar. Internet çakdanaşa köp imrigen çagada ýüzbe-ýüz gürleşmek we iş çözmek ukuby kem–kemden ýitip biler.

▪︎Bilim derejesiniň peselmegi. Çaga telefona bil baglap okuwdan ünsüni sowýar. Internet torunda islendik formulany we maglumaty görüp bilýär we netijede ýatlamaga bolan isleg peselýär. Ýazgylary ýatlamazlyk bolsa ýatkeşligiň peselmegine alyp gelýär.

▪︎Çagalaryň telefony ýanynda alyp ýatmagy. Şöhle, leýkamiýa ýaly keselleriň döremegine sebäp bolýar. Tiz-tizden baş aýlanma, ýürek bulanma ýagdaýlaryň döremegine getirýär.




Mähri MUMINOWA.
31
103