flowers_
08.01.2024 15:38
Meşhur ýazyjylaryň soňky sözleri.




Dünýä edebiýatynda möhüm yz galdyran ýazyjylaryň eserlerini okamak biziň üçin elmydama gyzykly. Bu habarda bolsa olaryň dünýäden ötmänkä aýdan soňky sözleri orun alýar.

#Emili Dikkinson:
«Içeri girmek gerek, çünki daşary dumanly».

#Jeýms Joýs:
«Kimdir biri düşünýärmi?»

#Jeýn Ostin:
«Häzir meniň isleýän ýekeje zadym ölmek. Ölümden başga zat islämok».

#Gýote:
«Ýagtylyk! Ýene we ýene-de ýagtylyk!».

#Franz Kafka:
«Ezizim Maks, senden soňky islegim: menden galan ähli zatlary — gündeliklerimi, golýazmalarymy hem-de maňa gelen barça hatlardyr garalamalarymy we eskizlerimiň hemmesini ýakyp goýber».

#Ketrin Mensfild:
«Ölümimiň ýakyndygyny duýýaryn. Ýagyşy halaýaryn. Has hem ýagyş damjalarynyň ýüzüme gelşini…»

#Mark Twen:
«Kyýamat gününe çenli sag boluň. Nesip bolsa, görüşeris …»

#Nikolaý Gogol:
«Merdiwan, derrew bir merdiwan getiriň».

#O’Genri:
«Çyralary ýakyň. Garaňkylykda öýe gitmek islämok».

#Oskar Waýld:
«Ýa-ha diwar ýykyldy, ýa-da men».

#Robert Luis Stiwenson:
«Biçäre görünýärinmi?».

#Samuel Johnson:
«Öljek bolýaryn».

#Wiktor Gýugo:
«Garaňkylygyň içinde bir yşyk görýärin».



Arzuw ÖWEZOWA.
37
130
tmyigit76
8 Yanwar 2024
Ýok. Şoň üçin duýguçyl adamlar iş edinip okaýa
tmyigit76
8 Yanwar 2024
Wahh Kafkanyň islegi berjaý edilmändirdää
tmyigit76
8 Yanwar 2024
O. Wayld. : bu tutular gaty içgysgynç. Bu ýerini ýa men terk etmeli ýa-da olar....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.