flowers_
05.01.2024 17:53
📱El telefonynyň çagalara peýdasy we zyýany!




📱Peýdasy:

▪︎Habarlaşmak. Islendik ýagdaýda çaganyň ýanynda el telefonynyň bolmagy ene- atalary rahatlandyrýar. Çaga islendik wagt ene-atasyna jañ edip, ozüniň ýagdaýlaryny duýduryp bilýär.

▪︎ Internet. Häzirki wagtda internet tory bolmasa durmuşyň manysy gyzyksyz hasaplanýar. Çagalar interneti peýdalanyp, zerur bolan online maglumatlary çalt ýygnap bilýärler.

▪︎Ýatlamalar. Telefonyň üsti bilen surat, wideo ýazgylaryň çekilmegi köp ýyllaryň dowamynda ýaşlykdan ýatlama hökmünde saklanyp galýar.

▪︎ Aň-düşünje. Çagalaryň kompýuter we telefony ýaşlykdan peýdalanmagy aň- düşünjesiniň ösmegine, dil öwrenmegine, durmuşy täzeliklerden habarly bolmagyna ýardam berýär.


📱Zyýany:

▪︎Telefon çagalaryň ýolda diňlemegi halaýan aýdym-sazlaryny eşitmek üçin bir mümkinçilikdir. Mekdebe barýan ýollarda aýdym diňlemeklik howply ýagdaýlara getirip bilýär.

▪︎Telefon çaganyň hakyky aragatnaşygy üçin çäklendirme bolup durýar. Internet çakdanaşa köp imrigen çagada ýüzbe-ýüz gürleşmek we iş çözmek ukuby kem–kemden ýitip biler.

▪︎Bilim derejesiniň peselmegi. Çaga telefona bil baglap okuwdan ünsüni sowýar. Internet torunda islendik formulany we maglumaty görüp bilýär we netijede ýatlamaga bolan isleg peselýär. Ýazgylary ýatlamazlyk bolsa ýatkeşligiň peselmegine alyp gelýär.

▪︎Çagalaryň telefony ýanynda alyp ýatmagy. Şöhle, leýkamiýa ýaly keselleriň döremegine sebäp bolýar. Tiz-tizden baş aýlanma, ýürek bulanma ýagdaýlaryň döremegine getirýär.




Mähri MUMINOWA.
31
103
manolya
5 Yanwar 2024
@flowers_, boldy boldy 😆😆hökman
manolya
5 Yanwar 2024
@flowers_, oooo 😁 şolar ýaly soraglary halamok weli özümem bererdim şooo soragy 😐
manolya
5 Yanwar 2024
@flowers_, uzagyndan berewersin 🤪 agtyk-çowluk göreli 😌
manolya
5 Yanwar 2024
@flowers_, oňa gaçsam çykarjak tapyllarla 😁 o dünýän ýöresem çäre ýok toba toba 🤦🤦‍♂️🤦🤦‍♂️
manolya
5 Yanwar 2024
@Kmg gurt, ajal gelmese ölmersiň diýdigiňmi ??
loona_girl
5 Yanwar 2024
Cagalara iň gowy telefon Nokia ulalyancalara 😁 meň pikirimca
manolya
5 Yanwar 2024
Arada tassan şu bolupdym 🤪 tel oýnap ýolda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.