flowers_
08.01.2024 21:05
Goňşy hakda aýdylanlar.


«Üç hili goňşy bardyr. Bir hakly goňşy, iki hakly goňşy, üç hakly goňşy. Üç hakly goňşy iň ýagşysy hasaplanýar. Bir hakly goňşy Hudaýy bir bilmeýän, kapyr adam bolup, onuň diňe goňşy haky bardyr. Iki hakly goňşy musulman goňşyň bolup, onda goňşuçylygyň hem-de yslamyň haky bar. Üç hakly goňşy musulman bolan garyndaş goňşyňdyr. Onda goňşuçylyk, musulmançylyk we garyndaşlyk haky bar, ine şu goňşynyň haky seniň öňüňde iň beýigidir. Goňşyny sylamagyň iň bärkije edebi, gazanyňda gowran etiňden, onuň tabagyna guýmajak bolsaň, oňa dadyrmajak bolsaň, gowrulan etiň ysy bilen oňa ezýet bermezlikdir».
***
Iň gözel gylyklar on sanydyr.
Olar: dilegçini sylamak, ýagşy iş edene serpaý bermek, bela-betere sabyr etmek, goňşularyň we dostlaryň hakyny ödemek, dogry sözlülik, garyndaşlyk gatnaşygyny üzmezlik, amanat zady abat saklamak, myhmansöýer bolmak, ýagşy iş edeni sylaglamak, utanç-haýaly bolmak.
***
Goşun serkerdesi Harp ibn Sagt şeýle diýdi: «Ýaşlygyň aslyýeti adamkärçilikdir. Adamkärçilik bolsa gözel ahlaklardan ybarat. Ýaşlygyň asly akyl bilendir, akylda bolsa utanç duýgusy bar. Ýaşlygyň başy gabahat işlerden goranyp bilmek, bezegi edep, kämilligi takwalyk, garyndaşlaryňy goramak, ene-ataňa ýagşylyk, haýyr işe yhlas etmek, goňşularyň bilen hoşniýetli ýaşamak, dymmany başarmak, kişi zadyna göz gyzdyrmazlyk, süýji we dogry sözli gezmek, dostlaryňa wepaly bolmak, amanady gaýtarmak, söhbetdeşiňi sylamak, syr saklap bilmek, bela-betere çydamly bolmak, görip bolmazlyk, namysyňy goramak, ynsabyňa wepaly, şükürli, päk ýürekli adamlara ýürekdeş bolmakdyr. Şu häsiýetleri özünde jemlän ýigit kämil ýigitdir».
***
«Ýagşy ahlak, hoşniýetli goňşuçylyk we garyndaşlyk gatnaşygy ýurduňyzy düzeldip, ömrüňizi uzaldar».
***
«Her kim üç zada eýe bolsa, işi kämil bolar. Eger ony goňşusy, dosty we garyndaşy öwüp, alkyşlasa».
***
Abu Sewret Tam şeýle diýdi: «Howlusyndaky garynjalara Adyý ibn Hatamyň çörek owradyp berýändigini gördüm. Men ondan munuň sebäbini soranymda: «Bular meniň goňşularym. Goňşynyň haky bar» diýdi.
***
«Goňşularyňa ýagşylyk etmek isleseň, uzakdakydan däl-de, ýakynyndan başla».
***
«Dört hili baglanyşyk bar: söýgi baglanyşygy, garyndaşlyk baglanyşygy, hünär-iş baglanyşygy we goňşy baglanyşygy».
***
«Biz şeýle bir zamanada ýaşadyk, eger biriniň goňşusy öz haýyşyny bitirmek üçin başga birine dilege barsa, onuň goňşusy dostlarynyň ýanynda nägile bolup: «Pylanyny bilýärmiň, haýyşyny bitirtjek bolup menden başgalara ýüz öwürýär, näme meni kemsitjek bolýarmyka?» diýýärdi».


Taýýarlan: Aýna ATAJUMAÝEWA.
35
137
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.