flowers_
07.01.2024 00:15
Öýlenseň, hezil eken,

Sowular ekeni niçeme derdiň.

Ownujaklar bilen güýmenip ýörmän,

Ullakan bir derde sataşar gerden.

 

Öýlenseň, hezil eken,

It degenok telefonyň puluna.

Oňa derek jübiň ýukalyp kem-kem

Baryň-ýoguň sarp edersiň “gülüňe”.

 

Öýlenseň, hezil eken,

Ýitýär göreçleňde hantamaçylyk.

Sen dertden halassyň,

Gelniňde bolsa

Dörär gabanjaňlyk diýilýän gylyk.

 

Öýlenseň hezil eken,

Eşiklerňi ütük gädip ýörenok.

Ütük boýun bolýar başga bir ele,

Ejeňdenem igenç dadyp ýöreňok.

 

Öýlenseň hezil eken,

Agşam halys gitmäge ýer tapmasaň,

Ýarym litrligi goltugňa gysyp,

Nazarlabermeli gaýyn çatmasyn.

 

Öýlenseň hezil eken,

Indi “Öýlen!” diýip igenýänem ýok.

Aý, indi diýseler etjegmi bilýän,

Öýlenäýjek ýene.

Arman bolanok.

 

Öýlenseň hezil eken,

Saýhallanýar eken bolgusyz dostlar.

Azalýan bolgusyz dostlaryň bilen

Seýreklär bolmaly-bolmasyz tostlaň.

 

Öýlenseň hezil eken,

Duşuşjak derdiň ýok gijeden-gije.

Indi peýlemersiň, peýlenersiň sen,

Sypmarsyň sypjyklyk etseň-de näçe.

 

Öýlenseň hezil eken,

Arassasyň, ne arak, ne çilim bar.

Bar zatdan mahrumsyň,

Piňiňe däldir,

Esasy zat ýanyňda öz gülüň bar.



Agageldi ITALMAZOW.
44
434
orazow96
7 Yanwar 2024
Bolya dogan sagbolun onda
orazow96
7 Yanwar 2024
@flowers_, hmm bolya dogan
orazow96
7 Yanwar 2024
@flowers_, manada owredayinda üýtgetmani
orazow96
7 Yanwar 2024
@flowers_, hmm name at uytgetmek moda boldumay
orazow96
7 Yanwar 2024
@flowers_, olam gorunenoga
orazow96
7 Yanwar 2024
@flowers_ howwa tuweleme gyz gozlawermeli bolduga
orazow96
7 Yanwar 2024
@flowers_, indi tanadym
orazow96
7 Yanwar 2024
@flowers_, hm salam gomy cagajyklar
orazow96
7 Yanwar 2024
@flowers_, bagshlan weli tanap bilmedim
orazow96
7 Yanwar 2024
@flowers_, owrenmelin adamlary chalyshdymy ya atlarny chalyshyalarmy girip hichkimem tanap bilman yazman durun weli
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.