flowers_
12.01.2024 15:39
GÖKDEPE GALASY

Gökdepe galasy... Ah bilen gussa,
Gala-gala däl-de, tot-tozan, tüsse.

Bu ne aýylganç bela... Gümmürdi...
Eý, Hudaýjan galamyzy ýumurdy.

Gümmürdi, gümmürdi... Tot-tozan ýalyn,
Ahy-nala bilen hem sansyz ölüm.

Kişñeýär bedewler, galýar çarpaýa,
Agyp gaýdýar ärler, misli bir gaýa.

Goja toñkataryn öñe uzadyp,
Aram-aram silkmesini düzedip.

Barýar ol ajalyñ gözüne garap...
Gyzgyn gülle... Gany gitdi syçyrap.

Gojañ ätlemäge bolmansoñ taby,
Gyş şemalyna ykjap gitdi sakgaly.

Meger gojañ ak sakgaly howada,
Bir yşarat etdi... sözledi ýa-da.

-Ýaşasañ şir bolup, Garaşsyz ýaşa,
Irde-giçde ölüm bardyr bir başa.

Meñ ýaly öl. Topragyñy guçup öl,
Watan üçin şirin jandan geç ogul.

Bu Gala türkmeniñ ojagy ogul,
Bu gala Türkmeniñ gujagy ogul.

Galanyñ bar süññi eýlenen dere,
Galany goraman ýer ýok gidere.

Ojagyñda özge ýaksa oduny,
Türkmen diýip, kim tutar Señ adyñy. -

- Atasy...
Gygyrdy ýaşmakly gelin,

Goja tarap batly ätledi telim.
Birdenem - Ah-diýip saklandy gelin,

Döşüne ýetirip näzijek golun.
Akja barmaklary boýalýar gana,

Asman-zemin oñ daşynda aýlanýar.
Ol kimedir etmekçidi hemaýat,

Gaýyn atasyna... Bilýär ol magat.
Gözler ýumulara pursat az galdy,

Gyşam galdy, indi geljek ýaz galdy.
Görmekçidi o jeñdäki ýaryny.

Aýtmakçydy ýürekdäkiñ baryny.
Aýdylmadyk aýdym galdy ýürekde,

-Ogla garaşýardym... Ogul gerekdi -
- Diýýän ýaly, çynar gelin epildi.

Ýaşmak sypyp göwresine ýapyldy.
Döşden aşak syran geliniñ goly,

Sypap gaýtdy göwredäki oguly,
Ogulmy, gyzmy ol... Kim bilsin ýeri.

Ogul küýseýärdi gelniñ ýüregi...
Gelniñ göwresinde düýrükdi çaga,

Gelin pyşyrdady. - Jan-a-a-a.
Şo halat eşdildi täsin jägildi.

Gelniñ küýseýşi dek... Ogul doguldy,
Çagañ jägildisi gamsyz mukamdy.

Galañ içi bolsa hesretdi-gamdy,
O jägildi ýaýrap gitdi çar ýana,

Diýýän ýaly ondan, ondan... barýana.
- Aýdyñ, aýdyñ öñde bolmaly Kakam,

Bärde dünýä indi täze bir adam... -
Çagañ jägildisi eşdilýär hälem,

- Türkmen dyza çökmez. Eşitsin Älem. -
Aý geçdi, ýyl geçdi, dolandy asyr,

Şo çagañ aýdany hak boldy ahyr.
Baknalyk zynjyry syryldy gyra,

Garaşsyz güneşim doldy Diýara.
Türkmen öz dyzyny göterdi ýerden,

Eseldi başlary. Ýazyldy gerden.
Gökdepe galasy - öñki haraba,

Bu gün äşgär boldy ýakyn - yraga.
Synlap durun bu galanyñ mermerin,

Synlap durun bu galanyñ zerlerin.
Eşdilýär gulagma-hezil ýaşamak,

Watan üçin ölmek, baky ýaşamak. -
- Ölüm aýylgançdy. Ölmezlik aýpdy,

- Watan üçin ölmeseñ doglanyñ haýpdy.
- Ölmänem men ogul dogrup bererdim,

A ölmän galany niçik gorardym -
- Ölübem ýeñip bor. Ýeñip bor ölüp.

Sen niçik ýaşarsyñ Watansyz galyp. -
Gelniñ pyşyrdysy: Ja-na-a-a-a... -
- Türkmen dyza çökmez...
Gürleýär çaga.

Şehitleñ ruhlary gürleýär dynman.
Olar söweşipdi, aman dilemän...


Rejepgeldi BAÝRAMOW .
32
43
flowers_
12.01.2024 00:32
Gökdepe söweşi, (rus. Аха́л-теки́нская экспеди́ция) 1881-nji ýylda Aşgabadyň 46 km demirgazygynda Gökdepede, Patyşa Russiýasy we Türkmenleriň arasynda geçen bir söweş. Türkmenleriň hemme erkinliginiň alynan söweşidir.

Garrygala söweşinden, Sarahs söweşinden, Mary söweşinden soň, 1879-njy ýylda Rus imperiýasy Ahalyň ýerlerini basyp almak üçin "Birinji Ahal-teke ekspedisiýasy" başlatýar. Bu ýörişe general Nikolaý Lomakin bellenilýär.

Lomakin bu uruşda ýeňilenden soň 1881-nji ýylda General Skobelewiň baştutanlygyndaky goşun türkmenleri Gökdepede ýeňlişe sezewar edýär.

Türkmenleriň 17-18-nji asyrlarda merkezleşen döwleti bolmansoň "Hanlyk" häkimiýeti bilen ýaşapdyrlar. Şo sebäpli türkmenlere Hywa hanlygy, Eýrandan, Buhara hanlygyndan yzygyderli çozuşlar bolup durypdyr. Türkmenler esasy Hywa hanlygy bilen köp urşupdyrlar. Yzygyderlikli bu uruşlar dowam edip durka güýçlenip gelýän Rus imperiýasy Merkezi Aziýa girip başlaýar. Ruslar ilki bilen Gazagystan topraklaryny basyp alyp başlaýar. Soñ bolsa Kokand hanlygyny, Buhara hanlygyny we Hywa hanlygyny eýeleýär. Ahaly basyp almak üçin 1879-nji ýylda general Lomakin bellenilýär.

1879-nji ýylda 11 müňlük goşun bilen general Lomakin Ahala gelýär. Bu boljak hereket "Birinji Ahal-teke ekspedisiyasy" diýlip atlandyrylypdyr. General Nikolaý Lomakin bu uruşda türkmenlerden ýeňilip yza çekilýär.

Bu şowsuz ýörişden soň Rus imperiýasy, birinjide goýberen ýalňyşlaryny ikinjä tejribe hökmünde dökýär.

Nurberdi hanyň Berdimyrat atly ogly birinji uruşda wepat bolýar. Nurberdi hanyň özi hem ikinji Gökdepe uruşy başlamanka aradan çykýar.

1880-nji ýylyň başynda Ahaly basyp almak üçin general Mihail Skobelew bellenýär.

Şol wagt Nurberdi han ýaraman ýatan eken. Şondada gyssagly maslahat geçirýär. Maslahatda Ahalyň halky Gökdepe galasyna ýygnamaly edilýär. Şundan soňra Nurberdi han ýogalandan soň onuñ ogly Magtymguly, bütin Ahalyň hany diýip bellenilýär. Ol ýaş bolany üçin ýanynda Dykma Serdar wezirliginde bolupdyr.

Galanyň daşy berkidilipdir. Ahalda şo wagtlar 80-90 müň teke ýaşaýardy. Türkmenler şol wagt goňşy döwletler tarapyndan şo ýeriň uruşjaň halky hasap edilýär eken. Gökdepe galasynyñ içinde 20-25 müň goraýjysy bilen birlikde 45 müň adam gelindir.

Gala 23 gün top okuna tutuldy. 24-nji gün gala syndy, 25 müň adamyň goramagyna garamazdan gala ele geçirildi. Gaty güýçli goranyş bilen garşylaşan ruslar, ýer gazyp galanyň aşagyna 1160 kg mina goýdular. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda gaty uly partlama boldy. Bu partlamada ýykylan galanyň içine ruslar çozdy. 200-300 türkmen esger partlama wagtynda öldürüldi.  

Galanyň içine giren ruslar, aljyrap gaçmak bilen bolan galanyň ýaşaýjylaryny gyryp öldürip başladylar. Goragsyz galan galadan 40 müň adam çöle tarap gaçdylar. Ýaşaýjylardan we esgerlerden 8 müň adam gaçdy, 6500 kişi bolsa galanyñ içinde öldürildi. Ruslardan diňe 669 esger ölüp 398 esgerem ýaralandy.

Skobolew Türkmenleri ýigrenýärdi, ol bir hatynda şeý diýipdi :

"Tekeler ýer kartasynda bir gara nokat, we o gara nokat pozylmaly" diýipdi. Şol sebäpli onuň ençeme günäsiz adamy öldürendigi aýdylýar. Türkmenlerden jemi 30 müň adam öldürildi. Ruslardan bolsa hassalar bilen birlikde jemi 1104 adam öldi.

Türkmenler Gökdepe galanyň söweşijilerini we halkyny gahryman yglan etdi we her ýylyň 12-nji ýanwarynda olary hatyralanýan gün.


https://tk.wikipedia.

Watan söýmäñ nusgasy bar,
Äriñ ärden ussasy bar.
Atalaryñ gussasy bar.
Bu galada, bu galada.

Eneleriñ nurly ýüzi,
Serwi boýly gyzyñ gözi.
Gelinleriñ müñ bir näzi,
Bu galada, bu galada.

Çeşme ýaly akyp al gan,
Bir janam galmady aman.
Diñe YNAM galdy ölmän,
Bu galada, bu galada.

Şol ynamy aýdym eden,
Şol ynamy dek aý dek eden.
Şol ynamy Baýdak eden,
Serdar boldy bu galada.

GALASY... goşgy, Rejepgeldi BAÝRAMOW.


📌"Gökdepe, Gökdepe eziz Gökdepe,
Dünýäñ kartasynda ady ýok depe."
68
644
flowers_
11.01.2024 19:18
Ezizowyň emri bilen…
Şahyr hakdaky ýatlamalardan.


Gurbannazar Ezizow ýyly geýinmegi gowy görüpdir. Halypa ýazyjylar bu barada şeýle degişmäni gürrüň berýärler:

Bir gezek Gurbannazar Ezizow gyşyň güni Kerim Gurbannepesowlara baranda içerik girip, plaşyny çykarypdyr, soň penjegini, soň žemperini, soň ýeňsizini, garaz, ýöne çykaryp durmuşyn…

Şonda Kerim şahyr:

— Boldy-how, Gurbannazar, deriňe ýetýäň beýdip – diýip, oňa degipdir.

***

Krossword çözmek Gurbannazar Ezizowyň iň söýgüli güýmenjesi bolupdyr.

***

Gurbannazar Ezizow dutardyr pianino çalmaga hem ezber eken. Şahyr käte: “Şu sazy çalmagy menden öwren!” diýip, türkmen mukamynyň ägirdi Nury Halmämmedowyň ýanynda öwnüpdir.

***

Gurbannazar Ezizow bilen Nury Halmämmedow sähel sypynyp bilseler küşt oýnar ekenler. Her gezegem sazyň läheňi sözüň läheňini utupdyr.

***

Gurbannazar Ezizow Samarkant şäherinde tankçy batalýonda gulluk edipdir.

***

Bir gün Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda Atageldi Garýagdyýew Nury Halmämmedowyň bir aýdymyny aýdanda zal joşup el çarpypdyr. Aýdym tamamlanansoň, Atageldi aga bir künjekde ýygrylyp oturan Nury Halmämmedowa elini uzadyp, ony sahna çagyrypdyr. Meşhur kompazitor sypaýy ýöräp sahna çykypdyr weli, el çarpmalar has güýçlenipdir. Soň Nury Halmämmedow hem zaldan bir ýigidi çagyrypdyr. O ýigit ýerinden turup, halaýyga baş egipdir-de ýene oturyberipdir. El çarpyşlyk gutarmandyr. Kompazitor ýene elini bulap: “Bäri gel” diýen yşarat edipdir. Ahyry o kişi sahna çykypdyr. Gök gözli, ýagty ýüzli, saçlary owadan bejerilen, syratly ýigit aýdymçynyň we kompazitoryň elini gysypdyr. Ol Gurbannazar Ezizow eken. Atageldi Garýagdyýew şonda aýdan aýdymynyň sözleriniň awtory bilen ilkinji gezek salamlaşyp görýän eken.

«TürkmenGazet».
39
130
flowers_
11.01.2024 11:44
Düşünýäň, ýöne gürläp bileňokmy?


Daşary ýurt dillerini öwrenmek häzirki döwrüň iň ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Emma öňler kyn bolan bolsa hem, indi islendik dilleri öwrenmäge mümkinçiligimiz bar. Emma indi uly mesele gürläp bilmek. Bir dili doly bilmek, şol dilde arkaýyn gürläp, ýazyp bilmekdir. Gürlän wagtyň sakynman, owadan gürlemek aňsat iş däl. Hem gürlenýän zada 99 göterim düşünmeli, hem-de gürleýän zatlaryňyz düşnükli bolmaly. Käbirlerimiz bir dilde dertlerimizi aýdyp bilsek, şol dili gowy bilýändir öýdýär. Emma Fransiýada fransuzça kofe soramagy başarmak, şol dili doly bilmek bilen deň däl. Eger islendik duýgularymyzy, isleglerimizi bir dilde beýan edip bilýän bolsak, onda şol dili doly bilýänligimizdir. Eýsem daşary ýurt dillerinde suwara gürlemek üçin nämeler etmeli?

1. Esasy zat tejribedir.
Bir dilde suwara gürlemek isleýän bolsaňyz, onda şol dili köp ulanyň. Täze öwrenen diliňizde ýalňyşam bolsa gürläň. Gündelik durmuşda şol dili ulanyň. Öwrenen täze sözleriňizi ýygy-ýygydan sesli gürläp gaýtalaň. Hat-da pikirleriňizi hem şol dile geçiriň.

2. Gürleşmek üçin hökman ikinji adam gerek däl.
Öwrenýän diliňizde gürlemegi güýçlendirmek üçin, öz-özüňiz gürleşiň. Gündelik gyzyklanmalaryňyzy, etjek zatlaryňyzy şol dilde gaýtalaň. Şeýlelikde, gündelik gürrüňleri aňsatlyk bilen öwrenersiňiz.

3. Dowamly öwreniň!
Endik edinmegiň açary dowamlylykdyr. Günde azyndan 30 minut öwrenýän diliňizde gürläň. Näçe köp gaýtalasaňyz, gürlemek ukybyňyz hem şonça artar. Özüňize gürleşmek üçin dost ediniň. Dowamly gürleşmäge dowam etseňiz, täze dile tiz öwrenişersiňiz.

4. Dili eýesinden öwreniň!
Näçe zähmet çekseňiz hem suwara gürlemek üçin şol dili gürleýän ýurtlara gidiň. Olar bilen gürleşip, dili nädip suwara gürläp başlandygyňyzy duýman galarsyňyz.

 

Taýýarlan: Merjen ÝAZLYÝEWA.

“TÜRKMENgazet”.
39
134
flowers_
11.01.2024 01:46
Kitaplaryň gatlaryny sermeseň,
Tapyp bolýar näçe diýseň pelsepe.
Ýöne durmuşyňdan orun bermeseň,
Akylyňam paýlap ýörseň her kese,
Her kesden garaşsaň akyl almaga
Ýetişmersiň hiç bir zady öwrenip.
Guran pikirlerňe bakna bolmaga,
Barýaňmy buýsanjaň başyňy egip?!
Sen dälmi ol agşam düýşüme giren,
Sahawatly kitabyňy sahaplap…
Ýorgudyna düşmez düýşlermiň birem,
Bozulyp otyryn bolşuňy ýatlap…

***

Bir sen

Ýene müň sowalyň üstünden ätläp,
Tapylmadyk jogaplara gynanman.
Diňe söýgiň lezzetinden ganmaga,
Seniň ýanyňa barýan.

Ýene edilmedik işlem dag boldy,
Ýyldyzlardan köpdür entek gözleglem.
Köňli huzuryňa atmaga barýan,
Isleglerme döz gelmän.

Ömrümi bir gyra süýşürip bu gün,
Hiç zat etmesemem bolşuma kaýyl.
Indi ahli zada gözümi ýumýan,
Bir saňa maýyl.

Çünki senden başga howandarym ýok,
Çünki senden başga ýok meniň arkam.
Özümi tümde-de bagtly duýaryn,
Kalbymda barkaň.

***

Ýok, men mundan yza dönmen,
Gün şöhlesi güýjäninde.
Setirlerim ili-hä däl,
Ýalňyz meni güýmände-de,
Men barybir yza dönmen.
Dönmek üçin gelmedim men.
Bilýän, bolşum juda gülkünç,
Ýazjak bolup ýeldirgeýşim.
Kem-käsleýin çyrşasam-da,
Ýazsam welin, gülme dymman,
Dymmak üçin gelmedim men!


Aýjahan ANNABAÝEWA.
43
206
flowers_
10.01.2024 23:17
Meşhur adamlaryň durmuşyndan.


— Siziň ýaşyňyz näçe, mister Şou? — diýip, bir zenan Bernard Şoudan sorapdyr.
— Ol siziň ýüregiňize düwen niýetiňize bagly — diýip, dramaturg jogap beripdir.

* * *

Bir gezek fizikleriň biri Eýnşteýne “kärdeş” diýip ýüzlenýär.
— Çyndanam? — Alym haýran galýar. — Näme siz hem guragyry keselinden jebir çekýäňizmi?

* * *

Meşhur rus aktýory Ýuriý Nikulin grim otagynda oturan wagty sirk işgärleriniň biri gelip, howsalaly gygyryp başlaýar.
— Ýangyn! Ýuriý Wladimirowiç, ýangyn!
Nikulin parahat äheňde jogap berýär:
— Men ýangyny ýuwdup bilmerin. Bu iş bilen başga aktýor meşgullanýar.

* * *

Günleriň birinde kenaryň ýakasy bilen juda keýpsiz ýagdaýda ýöräp gelýän rus basnýasynyň ägirdi I.A.Krylowyň öňünden üç talyp çykypdyr. Olar deňleşiberende, talyplaryň biri degişmek niýeti bilen ýoldaşlaryna ýüzlenip:
— Serediň, dostlar! Gara bulut süýşüp gelýär — diýipdir.
Muny eşiden ýazyjy ýylgyryp:
— Hawa, hawa. Gurbagalaram gurruldap başlady — diýip, säginmän jogap beripdir.

* * *

Gadymy grekler filosof Diogeniň pikirlerini juda sarpalapdyrlar. Bir gün danyşmentden:
— Näçe ýaşda öýlense gowy bolar? — diýip sorapdyrlar.
Diogen şeýle diýipdir:
— Ýaşlara öýlenmek entek ir, garrylara bolsa giç…

* * *

Bir gezek Mark Twen gijäniň içinde öýüne barýarka, bir nätanyş kişi ony saklap, sapançasyny direýär:
— Sagadyňy çykar!
Ýazyjy ony üns bilen synlaýar-da:
— Sagady geçen hepde aldyň! — diýýär.
Hälki kişi bolsa:
— Bagyşlaň, täzesini alan bolsaňyz gerek diýip pikir etdim — diýip, garaňkyda gözden ýitipdir.

* * *

Fransuz ýazyjysy Anrde Maruadan bir dosty soraýar:
— Aýtsana, taryhy kim köp özgertdi? Sezarmy ýa Napoleon?
Marua şeýle diýýär:
— Siwilizasiýa döräli bäri taryhy iň köp özgerden şahslar — taryhçylar!


Gözel AMANSÄHEDOWA.
54
344
flowers_
10.01.2024 15:00
▪︎Nakyllarda çekimsiz sesler galdyrlan, olary dikeldiň:

a) D ZŇ BS TMS KSK

b) GLN HWLGR TDN WGTDN BŞR

▪︎Nakyllary dikeldiň:

a) EÝSZ SZ GBTDR

b) ŞDN DŇ BLMZ GRN GZ BLN

▪︎Dyngy belgileri we çekimli sesleri taşlanyp ýazylan goşgyny dikeldiň:

BR ÝND HDÝ BR BR ÝND ŞÝTN

RLKD BŞ GN KLR SÝRN

WTN L LS ÝTMS PÝDŇ

PÝDDN GÇ HÝRDN GÇ ŞRDN GÇ



▪︎Suratlar:
1) maýmynjygy tapmaly :)

2)üýtgeşik sifiri tapmaly :)

3)üýtgeşik sebedi tapmaly:)
36
203
flowers_
10.01.2024 11:00
Haýran galdyryjy optiki illuziýalar (foto)


Dain Ýonun atly suratkeş zenan, ajaýyp portretleri döretmek üçin bedenine dürli suratlary çekýär. Sosial torlarda gaty meşhur bolan bu suratlar, optiki illuziýalary bilen görenleriň ünsüni özüne çekmegi başarýar.

Suratkeş öz ýüzüne çekýän suratlary arkaly içki dünýäsini çyzgylary bilen görkezýändigini aýdýar. Çyzgylarynyň duýgularynyň beýanydygyny belleýän zenan, eserleriniň durmuşynyň öwrülişik pursatlaryna täsir edýändigini nygtaýar.
39
136
flowers_
09.01.2024 19:57
Näme üçin Eýnşteýn suratda dilini çykardy?
Suratyň aňyrsyndaky gizlin hakykat



Albert Eýnşteýn XX asyryň iň meşhur alymlaryň biridir. Nobel baýragynyň eýesi we “otnositellik teoriýasy”- nyň awtory hökmünde taryhda “geniallyk” aura bilen taryhda iň abraýly şahsyýetleriň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Ol surata alynan mahaly dilini suratça çykaran pursatyny gören bolsaňyz gerek. Şeýle-de bolsa, bu surat düşürilen pursatynda nämeleriň bolup geçýändigini az adam bilýär. Ine, Eýnşteýniň iň ajaýyp we gülkünç suratynyň aňyrsynda hakyky waka…

1951-nji ýylyň 14-nji martynda Eýnşteýn 72 ýaşyny bellemekçi boldy. Prinston uniwersitetinde işleýärkä, dostlary we kärdeşleri ylmy dünýäniň ýyldyzyny hormatlamak üçin ýygnandylar. Alym örän meşhur bolansoň, partiýanyň suratçylary we habarçylary bilen ýygnanmagyna geň galmaly däl. Olaryň arasynda United Press International-dan Artur Sasse hem bar. Ol we beýleki paparassiýalar, doglan gününde ol adamy dyngysyz diýen ýaly surata düşürdiler, netijede Einşteýn gaty ýadady, sebäbi kamera linzalarynda hemişe ýylgyrmalydy.

Eýnşteýn gitmekçi bolanda-da, suratçylar ony gurşap aldylar. Soňra Prinston uniwersitetiň öňki başlygy Frank Aýdelotte we öz aýaly Mari Janett bilen ulaga mündi. Ýöne gysga wagtyň içinde ulagyň daşynda täze suratçylaryň tolkuny peýda boldy, emma Eýnşteýn bolsa gaty ýadawdy.


Ol indi ýylgyryp bilmedi we islemedi. Şeýlelik bilen, Artur Sasse açyk maşynyň gapysyndan kamera ýene bir gezek seretmegini haýyş edende, Eýnşteýn derrew suratça dilini görkezip, gülkünç ýüzüni çitdi. Sasse pursatdan peýdalanyp suraty aldy, emma bu suratyň zehiniň iň meşhur keşbine öwrüljekdigini bolsa entek bilmeýärdi.

Sasse suraty işleýän gazetiniň redaktorlaryna hödürläninde, ýolbaşçylar bu belli meşhur fizigiň bular ýaly suraty çap etmek birhili bolar diýen netijä geldiler. Ýöne alym bu suraty ilkinji gezek görende, ony gaty halady welin, Eýnşteýn UPI-den şahsy peýdalanmak üçin şol suraty dokuz sany edip, köpeldip çap etmegini haýyş etdi. Eýnşteýn Frenk bilen Mariany suratdan aýyryp kesdi, soň olara gol çekdi we suratyny gutlag otkrytkanyň hökmünde dostlaryna we maşgalasyna iberdi. Suratdaky meşhur şekil şeýle taryhy bilen ýüze çykdy we UPI bu suraty şondan soň çap etmekden çekinmedi. 2015-nji ýylda şol otkrytkalaryň biri auksionda 125,000 dollara satyldy.


Taýýarlan: Göwher ÝAZLYÝEWA.
40
236
flowers_
09.01.2024 09:36
Bir günüň resepti

Gerekli önümler:


Bir çümmük
«Ertiriňiz haýyrly bolsun!»;
Bir çaý çemçe
«Günüňi gowy geçirmäge isleg»;
Birazajyk
«Geçirimlilik»;
Az-owlak
«Mylakatlylyk»…
Bellik:
Hemme önümler arassa, täze bolmaly.

Taýýarlanyşy:

Ýokarkylary köňül tabagyňyzda gowy edip ýugruň;
Akyl pejiňize salyp, doly bişýänçä – ysy üstüňize ornaýança saklaň;
Içine duýgy şerbetini goşup, bir salym goýuň;
Soňra ony durmuşyňyzyň üstünden az-azdan guýuň;
Üstüni söýgi hem mähir süýjülikleri bilen bezäň;
Älemgoşar owuntyklaryny sepeläň;
Tagamymyz taýýar.

NOŞ BOLSUN!!!

Bu tagamy günde işdämenlik bilen iýiň. Diňe özüňiz däl, hemmelere hödürläň. Ýene bir zat: şu tagamy günde iýseňizem, berçigmersiňiz.



Taýýarlan, terjime eden Mekan Annaberdiýew.
52
130